hytaýyň ikinji nesil globallaşma prosesi

2

Click here to load reader

Upload: gutly-yegendurdyyew

Post on 20-Jul-2015

44 views

Category:

Business


4 download

TRANSCRIPT

Page 1: Hytaýyň ikinji nesil globallaşma prosesi

Hytaýyň ikinji nesil globallaşma prosesi

Myrat Ýülek Terjime: Gutlymyrat Ýegendurdyýew about.me/gutly

Hytaý möçberi boýunça dünýäniň 2-nji uly ykdysadyýetine öwrüldi. Ykdysadyýeti

ABŞ-nyň 1/3-e deň. Sarp edijilik taýdan bolsa aratapawut hasam az. Eger Hytaý

häzirki ösüşine dowam etse ýene 30 ýyldan soň ykdysadyýeti ABŞ-y yzda galdyrar.

Şol bir wagtyň özünde Hytaý häzirki wagt dünýäniň iň esasy eksporteri. Eksport

edilýän harytlar öňküsi ýaly arzan oýunjaklardan düzülmeýär. Otly wagonlaryndan

awtoulaglara, telefonlardan modemlere, telekom torlaryndan gidroelektrik

stansiýalaryň elekromagnetiki sistemalaryna çenli köpdürli eksport harytlaryndan

düzülýär.

Häzirki günlerde Hytaý Hindistan bilen deňeşdirilýär. Ekonomist žurnaly geçen

ýyllarda bu iki ýurduň bäsdeşligini analiz etdi. Netijede Hindistanyň uzak geljekde

Hytaýy yzda galdyrjakdygyny öňe sürdi. Analizden has köp çaklama meňzeýän bu

makalada Hindistanyň demokratikligi, Hytaýyň bolsa seresaply syýasaty esasy

sebäp edilip görkezilýär.

Belki çyndanam uzak geljekde Hindistan garaşylmadyk netijeleri görkezip biler.

Ýöne ýakyn geljege nazar aýlanymyzda Hytaýyň agresiw şekilde dünýä açylmaga

başlandygyny görýäris.

Hytaý indi 80-nji ýyllardaky ýaly işçi bazary bolmak bilen çäklenmeýär. Soňky

ýyllarda dünýä açylmagyň ikinji neslini başladandygyny aýdyp bileris.

Hytaýyp agresiw açylmak döwri: Ikinji nesil syýasatlar

Ikinji nesliň Hytaýy, eksporta gönükdirilen ösüş stilini kämilleşdirmek we bäsleşige

ukyplylgyny ýokarlandyrmak üçin iki aýakly strategiýa amala aşyrýar. Birinjiden, çig

mal we energiýa resurslarynyny diwesifikasiýalaşdyrmak üçin halkara dostluklaryny

güýçlendirýär. Afrika, Latyn Amerika ýaly ýurtlar bilen güýçli gatnaşyklary ýola

goýan Hytaý polatdan nebite, himikatlardan obasenagat önümlerine çenli bolan

zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga synanyşýar. Braziliýada Hytaýyň inwestisiýalary

şol sebäpli artýar. Geçen ýyllarda amerikan nebit şereketi bolan Unokoly satyn

almak isläp ýiti reaksiýalara duçar bolan Hytaý meseläniň çözümini ösen däl-de

ösýän ýurtlara inwestisiýa goýmakda tapdy.

Ikinjiden, Hytaý Ýewropa bazaryna ymykly ornaşmak üçin giriş nokatlary gazanmak

isleýär. Bu babatda hytaýlylar Gresiýa ýaly krizisdäki ýurtlary we Ýewropanyň

etegindäki ýurtlary üns merkezinde saklaýar.

Üçünjiden bolsa Hytaý syýasatda ýuwaş-ýuwaşdan talap we nägileliklerini aç-açan

bildirmäne başlady.

Page 2: Hytaýyň ikinji nesil globallaşma prosesi

Üçünji nesil syýasaty nähili bolar?

Meniň pikirimçe Hytaýyň 3-nji nesil syýasatlarynyň esasy diregi uly bazarly

ýurtlarda logistika nokatlaryny ele geçirmek bolar. Şeýle etmek arkaly giň göwrümli

bazarlary ele geçirmek we ähli sarp ediji ilata öz önümlerini ýetirmek isleýär. Bu bir.

Ikinji tarapdan energiýa we çig mal çeşmelerine eýe bolmak üçin Hytaý has köp

güýç sarp eder. Muny başarmasa Hytaý Aswtraliýa ýaly esasy çig mal çeşmelerine

sözüni geçirip bilmeýär.

Ýagny Hytaý, Russiýanyň gaz bazaryndaky agalygyny söwda we çig mal bazarynda

ele geçirmek isleýär.

Sözümiň soňunda Hytaýyň bu maksatlaryny amala aşyrmak üçin maliýe goldawyna

mätäç däldigini hem aýdaýyn.