ysraýylyň obasenagat sistemasy

4
Gutlymyrat Ýegendurdyýew 1 Ysraýylyň obasenagat sistemasy 18.12.2011 senesinde neşir edilen “Bloomberg Bussinesweek” žurnalyndan terjime edilen Gutlymyrat Ýegendurdyýew about.me/gutly “Bu çöle 1959-njy ýylda gelipdim. Entek on sekiz ýaşymam doldurmandym. Hiç hili ösümlik ýokdy ol wagtlar bärde. 10 gyz, 30 erkekdik ilki-ilkiler. Häzir bolsa 3 müňden gowrak ilatymyz bar. 1964-nji ýylda Ysraýyl suw sistemasyny tamamlady. Suwy ilkinji gezek şonda görüpdik. Ilki başda diňe bakja önümlerini ösdürip bilýärdik. Häzir bolsa dünýädäki ähli zady ýetişdirmäne ukybymyz bar. Elbetde köpräk wagtymyzy alýar, ýöne barybir biz önümi ýetişdirmegi başarýarys.” 74 ýaşly Amnon Nawon, Ysraýylyň günortasyndaky çölde ýerleşýän Arawa sebitine gelşini şeýle gürrüň berýär bize. Bugünki günlerde şol 3 müň adam her ýyl her gekdardan 300 tonna pomidor hasyl almagy başarýarlar. Arawa sebitinde guran ýyladyşhanalarynda her ýyl 150 müň tonna pomidor ödürip ýetişdirýärler. Üstesine Ysraýylyň miwe we bakja eksportunyň 60%- ini şu çöl üpjün edýär. Ysraýyl täze obasenagat tehnologiýalaryny ulanyp çölde has köp önüm ýetişdirmegiň ugrunda işleýär. Arawa sebitine Tel Awiwden ulag arkaly 3 ýarym sagatda baryp bilýäris. Ortaýer deňzi klimatyndan çykansoň Negew çölüniň aram klimaty garşy alýar. Ýollaryň etegindäki ýaşyl baýyrlyklaryň ýerini çölüň sarysynyň gurşap alanyny görýärsiňiz. Haçan gutarar çöl sarysy diýip otyrkaňyz birden çölüň

Upload: gutly-yegendurdyyew

Post on 20-Jul-2015

36 views

Category:

Marketing


0 download

TRANSCRIPT

Page 1: Ysraýylyň obasenagat sistemasy

Gutlymyrat Ýegendurdyýew

1

Ysraýylyň obasenagat sistemasy

18.12.2011 senesinde neşir edilen “Bloomberg Bussinesweek” žurnalyndan terjime edilen Gutlymyrat Ýegendurdyýew

about.me/gutly

“Bu çöle 1959-njy ýylda gelipdim. Entek on sekiz ýaşymam doldurmandym.

Hiç hili ösümlik ýokdy ol wagtlar bärde. 10 gyz, 30 erkekdik ilki-ilkiler. Häzir

bolsa 3 müňden gowrak ilatymyz bar. 1964-nji ýylda Ysraýyl suw

sistemasyny tamamlady. Suwy ilkinji gezek şonda görüpdik. Ilki başda diňe

bakja önümlerini ösdürip bilýärdik. Häzir bolsa dünýädäki ähli zady

ýetişdirmäne ukybymyz bar. Elbetde köpräk wagtymyzy alýar, ýöne barybir

biz önümi ýetişdirmegi başarýarys.”

74 ýaşly Amnon Nawon, Ysraýylyň günortasyndaky çölde ýerleşýän Arawa

sebitine gelşini şeýle gürrüň berýär bize. Bugünki günlerde şol 3 müň adam

her ýyl her gekdardan 300 tonna pomidor hasyl almagy başarýarlar. Arawa

sebitinde guran ýyladyşhanalarynda her ýyl 150 müň tonna pomidor

ödürip ýetişdirýärler. Üstesine Ysraýylyň miwe we bakja eksportunyň 60%-

ini şu çöl üpjün edýär. Ysraýyl täze obasenagat tehnologiýalaryny ulanyp

çölde has köp önüm ýetişdirmegiň ugrunda işleýär.

Arawa sebitine Tel Awiwden ulag arkaly 3 ýarym sagatda baryp bilýäris.

Ortaýer deňzi klimatyndan çykansoň Negew çölüniň aram klimaty garşy

alýar. Ýollaryň etegindäki ýaşyl baýyrlyklaryň ýerini çölüň sarysynyň gurşap

alanyny görýärsiňiz. Haçan gutarar çöl sarysy diýip otyrkaňyz birden çölüň

Page 2: Ysraýylyň obasenagat sistemasy

Gutlymyrat Ýegendurdyýew

2

ortasyndan ýaşyl tokaýlar, bag-bakjaly öýler çykýar öňüňize. Yzly-yzyna

uzyn ýyladyşhanalar gurşap alýar töwregiňizi. “Üns Beriň! Bombaly

meýdança!” ýazylan tabeller asylgy dur kenarlarda. Ysraýylyň 1994-de

agzybirlik şertnamasyna gol çeken Iordan patyşalygynyň serhetinde durus

şu wagty we çölde önüm ýetişdirmegi başaran Arawanyň adamlary bilen

gürleşýäris.

“Biz ýerimizi, ýurdumyzy taşlap gelipdik şu çöllere, ýöne çagalarymyz ulalsa

nämederkä diýip gaýgylanýardyk mydama” diýip Arawa ylmy-gözleg

merkeziniň müdiri Alon Gadiel gürrüňe başlady: “Ulaldylar, gitdilerem.

Ýöne okuwlaryny okap diplomlyja yzlaryna dolandylar. Biziň bilen işlemek

üçin dolanýarlar. Bu ýerde işlemek bagt, durmuş asuda. Näçe işleseň şonça

hem baýaýarsyň”

“Durmuş işlemek üçindir” şygary Ysraýylyň her ýerinde esasy

düzgünlerden. Ýurduň obasenagat pudagynda bu dereje ösüp bilmeginiň

syry hem şu bolsa gerek?! Atyzlar, ýyladyşhanalar, üzüm baglary we

haýwan fermalary säher bilen oýanyp agşama çenli işleýän

uniwersitetlerden uçurym bolan ysraýyllylardan doly.

“Ysraýylyň obasenagatdaky üstünligi ullakan paradoksdan iýmitlenýär”

diýýär Ysraýyl daşary söwda ministrliginiň obasenagat tehnologiýalary ,

suw we tebigat bölüminiň müdiri Ýitzhak Kiriati. Sözüni: “Biz 50 ýylda has

az işçi, has az çykdajy we az suw we az toprak arkaly 3 esse köp önüm

öndürmegi başardyk. Ýetmezçiligimizi üstüni tehnologiýa ulanmak arkaly

doldurýarys. Birem aňsatjyk ýörelgämiz bar – ýaşap bilmek üçin muny

başarmaga mejburdyrys” diýip dowam edýär. Şu jümläniň täsiri bilen

ýurdumyz suwaryş sistemasy we beýleki obasenagat ugurlarynda iň

öňdebaryjylaryň birine öwrüldi. Hasyllylyk taýdan iň gerekli bolan

damjalaýyn suwaryş usulynyň watany hem Ysraýyl. Ministrligiň beýleki bir

wekili bolsa muny şeýle düşündirýär: “Suwaryşda öňde bolmaga biz

mejbur. Sebäbi mundan 60 ýyl öň 1 kub metr suwuň bahasy 1 dollarda

azdy, häzir bolsa munuň bahasy 4 dollardanam gymmat”

Page 3: Ysraýylyň obasenagat sistemasy

Gutlymyrat Ýegendurdyýew

3

Ysraýylyň taýýar obasenagat önümleriniň eksporty 2.17 milliard dollar

töwregi. Bu bolsa ýurduň umumy eksportunyň 4.7-ne deň. Esasy alyjylary

bolsa Ýewropa, Orsýet we ABŞ. Birem 2.1 milliard dollar hojalyk çig mal

eksporty bar. Ysraýylyň meýdany 22 müň kw kilometr. Munyňam diňe

20%-i ekerançylyga ýaramly.

Ysraýyl obasenagat pudagynyň 4 sany diregi bar. Olar daýhanlar,

obasenagat tehnologiýalary we şereketleri, ylmy-gözleg institutlary we

döwlet edaralarydyr. Ysraýylyň obasenagatda üstün bolmagynda şu dört

diregiň özara düşünşip işlemeginiň uly paýy bar. Ysraýylda ekin ekýän

şereketlerem şol dört diregi özünde jemleýärler. Şereketleriň alymlary şol

bir wagtyň özünde atyzlarda işleýärlerem. Şeýlelikde täze tehnologiýalary

öndürýärler we beýleki tehnologiýa departamentleri bilen işleşýärler.

Ysraýylyň hökümet edaralary bolsa olara tehnologiýada we eksportda

goldaw berýäler.

Bugünki günlerde Ysraýylyň obasenagatynda 64 müň 400 adam zähmet

çekýär. Bu bolsa ýurduň jemi işçi güýjiniň 2.2%-ne deň gelýär. 1950-lerde

bir daýhan 17 adamy azyk bilen üpjün edip bilen bolsa, häzirki günde bir

daýhan ýüzden gowrak adamy azyk bilen üpjün etmäge ukyply. “Biz

daýhançylygy aýratyn bir käre öwürdik. Güýjimizi integrirlenen umumy

netijelerden alýarys. Netijede bir gekdardan 200 kg pomidor ýetişdirmegi

başarýarys. Ýylsaýyn oba öwrülip barýan planetamyz professional

obasenagata mätäçlik çekýär. Öňler biz Ýewropa gap-gap pomidor

satýardyk, häzir bolsa tohum satýarys” diýýär ministrlikden Ýitzhak Kiriati.

Ysraýylda obasenagat kapitalistik bazar gatnaşyklarynyň düzgünleri bilen

gurulan. “Adatça daýhanlar topraga, howa şertlerine we suw

mümkinçiliklerine seredip näme ýetişdirjegine karar berýär. Soňra öndürip

bazara hödürleýär. Biz bolsa bazarda nämäniň köp pul gazandyrjagyna

seredýäris. Soňra şertler neneňsi bolsa bolsun ony öndürmegiň bir ýoluny

Page 4: Ysraýylyň obasenagat sistemasy

Gutlymyrat Ýegendurdyýew

4

tapýarys we netijede has köp girdeji gazanýarys” diýip beýleki bir ministrlik

wekili gürrüň berýär.

Ysraýylda iki hili ekerançylyk sistemasy bar. Bulardan biri kibutzlar,

beýlekisi bolsa moşawlar. Bularyň ikisem gözbaşyny geçen asyryň ilkinji

ýyllaryndan alýar. Kibutzda hemmeler ähli işi edýär. Hususy mülkdarlyk

ýok. Hemme bir ýerden naharlanýar. Paýlaýyş usuly (podaça) arkaly her

kim öz wezipesini ýerine ýetirýär. Ýöne geçmişde çagalaryň terbiýesi

babatda birnäçe tankytlara sezewar bolan kibutzlar soňky 15 ýyl içinde

birnäçe özgerişi başdan geçirdi. Öňler kibutzda doglan çagalar maşgalary

bilen ýaşanokdy. Çagalar öýlerine alynýardylar we günde 1-2 sagat

maşgalalaryny görüp bilýärdiler. Häzir bolsa çagalar maşgalalary bilen bile

ýaşaýarlar. Onsuzam kibutzlaryň aglabasy häzirki günde hususylaşdyrylan.

Moşawlar bolsa hususy mülkdarlyga rugsat berýän sistema. Moşawyň her

agzasyna deň mukdarda toprak kärendesine berilýär. Moşaw ilaty

topragynda islendik ekini ekip bilýär. Kommunal sistema ýok. Toprak bolsa

Ysraýyl hökümetine degişli bolup galýa. Häzirki günde topraklaryň 90%-i

hökümete degişli.

Ysraýylyň ekerançylyk şereketleri şu ýylyň (2012) maýynda iň döwrebap

tehnologýalaryny Agritech-2012 sergisinde tanadarlar. Bu ýyl on sekizinjisi

geçiriljek halkara sergide ýokary hilli tehnologiýalar we hyzmatdaşlyklar

bilen tanşyp bolar. Sergiden öň Ysraýyla eden syýahatymyzyň netijesinde

käbir zatlaryň bellenilmelidigini görýäris. Ilki bilen-ä Ysraýyl, global

möçberde öz ekerançylyk tehnologiýalaryny ýaýmak isleýär. Ysraýylly

şereketleriň üns merkezinde Hytaý, Hindistan we Afrika ýurtlary bar.

Birnäçe şereketler gurak howa şertlerinde önüm ýetişdirmäge mümkinçilik

döretjek suwaryş tehnologiýalaryny hödürleýär. Hat-da bir suwaryş

şereketi ýurduň iň garyp daýhanlarynyňam ömürboýy ulanyp biljek

suwaryş tehnologiýasyny hödürleýär. Bular ululyklaryna laýyklykda birnäçe

ýüz dollara satylýar. Ysraýylly şereketleriň üns merkezindäki beýleki bir

pudak bolsa ýyladyşhana sistemalary. Ýyladyşhanalarda howa täzeleme

problemalaryny iň çykdajysyz görnüşe getirýän howalandyrma

tehnlogiýalaryny Türkiýe, ABŞ we beýleki ýurtlara satmak isleýärler.