türkmenistan 2030

2
1 | Gutlymyrat Ýegendurdyýew Türkmenistan 2030 Gutlymyrat Ýegendurdyýew about.me/gutly Altyn Asyr elektron gazetinde teswirlemeleri okap otyrkam Türkmenistanyň 2030-njy ýyla niýetlenen plany baradaky makala duş geldim. Onda ýurdumyzyň ýene 15-20 ýyl soň nähili derejä ýetmek isleýändigi barada jikme-jik ýazylypdyr. Makalada esasy ünsümi çeken bir sözlem bar. Ol sözlem bütin makalanyň mazmuny diýsemem boljak we aslynda ýurduň iň esasy maksadyny hem görkezýär. Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli ösen ýurtlaryň sistemasyna öwrenişmegi we maliýe hem-de adam sermaýasy babatda tiz ösýän ýurda öwrülmegi maksat edinýär. Ynha ýurdumyzyň 2 maksady: finans we adam sermaýasy. Finans Banklar, ätiýaçlandyryş edaralary, gaznalar - finans edaralarydyr. Bitarap ýurt bolansoň bank ulgamynda sebitiň merkezine öwrülmek 1995-nji ýyldan bäri türkmenistanlylaryň arzuwy. Çünki biz sarp edijiligi pes bolan az ilata eýe, üstesine trillionlara ýetýän uglewodorod resurslarymyz bar. Bulardan gelýän artykmaç girdejiler rezerw pula öwrülýär. Rezerwleri bolsa bank we maliýe edaralary arkaly köpeltmek we ondan peýdalanmak mümkin. Ynha bular Türkmenistanda bank ulgamynda sebitiň Şweýsariýasy bolmagyny şertlendirýän faktorlar. Adam sermaýasy Sermaýa bize degişli bolan we önüm öndürmek üçin ulanýan emläklerimizdir. Bugdaý öndürmek üçin orak, traktor ýaly sermaýalary ulanýarys, başga bir ýere gitmek üçin ulaga münýäris. Ýagny biziňki bolan we bize peýda getirýän barlyklar sermaýa hasaplanýar. Adam sermaýasy diýlende bolsa adamyň bilim derejesi we ukyby gözöňünde tutulýar. Diplomly bir inžener birnäçe daýhanyň öndürip biljek önümini ýeke özi öndürip biler. Gündelik durmuşdan Maýkrosoft korporasiýasyny mysal görkezip bileris. Bu şereketiň 90 müňe golaý ilaty (işgäri) bar, ýöne ykdysady

Upload: gutly-yegendurdyyew

Post on 20-Jul-2015

40 views

Category:

News & Politics


1 download

TRANSCRIPT

1 | G u t l y m y r a t Ý e g e n d u r d y ý e w

Türkmenistan 2030

Gutlymyrat Ýegendurdyýew

about.me/gutly

Altyn Asyr elektron gazetinde teswirlemeleri okap otyrkam Türkmenistanyň 2030-njy ýyla niýetlenen plany baradaky makala duş geldim. Onda ýurdumyzyň

ýene 15-20 ýyl soň nähili derejä ýetmek isleýändigi barada jikme-jik ýazylypdyr.

Makalada esasy ünsümi çeken bir sözlem bar. Ol sözlem bütin makalanyň

mazmuny diýsemem boljak we aslynda ýurduň iň esasy maksadyny hem

görkezýär.

Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli ösen ýurtlaryň sistemasyna

öwrenişmegi we maliýe hem-de adam sermaýasy babatda

tiz ösýän ýurda öwrülmegi maksat edinýär.

Ynha ýurdumyzyň 2 maksady: finans we adam sermaýasy.

Finans

Banklar, ätiýaçlandyryş edaralary, gaznalar - finans edaralarydyr. Bitarap ýurt

bolansoň bank ulgamynda sebitiň merkezine öwrülmek 1995-nji ýyldan bäri

türkmenistanlylaryň arzuwy. Çünki biz sarp edijiligi pes bolan az ilata eýe,

üstesine trillionlara ýetýän uglewodorod resurslarymyz bar. Bulardan gelýän

artykmaç girdejiler rezerw pula öwrülýär. Rezerwleri bolsa bank we maliýe

edaralary arkaly köpeltmek we ondan peýdalanmak mümkin. Ynha bular

Türkmenistanda bank ulgamynda sebitiň Şweýsariýasy bolmagyny şertlendirýän

faktorlar.

Adam sermaýasy

Sermaýa bize degişli bolan we önüm öndürmek üçin ulanýan emläklerimizdir.

Bugdaý öndürmek üçin orak, traktor ýaly sermaýalary ulanýarys, başga bir

ýere gitmek üçin ulaga münýäris. Ýagny biziňki bolan we bize peýda getirýän

barlyklar sermaýa hasaplanýar.

Adam sermaýasy diýlende bolsa adamyň bilim derejesi we ukyby gözöňünde

tutulýar. Diplomly bir inžener birnäçe daýhanyň öndürip biljek önümini ýeke

özi öndürip biler. Gündelik durmuşdan Maýkrosoft korporasiýasyny mysal

görkezip bileris. Bu şereketiň 90 müňe golaý ilaty (işgäri) bar, ýöne ykdysady

2 | G u t l y m y r a t Ý e g e n d u r d y ý e w

ululygy 30 million ilaty bolan Özbegistana barabar. Başgaça aýdanmyzda

Maýkrosoftuň 1 işgäri 333 özbegiň zähmetine barabar önüm öndürýär.

Türkmenistan 2030-da adam sermaýasynyň iň çalt ösýän ýurtlarynyň birine

öwrülmek isleýär. Bu maksat tüýs bize gerek bolan zatmyka diýýän. Sebäbi

biziň ilatymyz az. Az ilat bolsa köp ilatly ýurdy diňe has girdejili önümi

öndürmek arkaly geçip biler. Eger biziň adam sermaýamyzyň hili ýokary

bolmasa onda biz goňşy ýurtlardan yzda gezmeli bolarys. Çünki adaty şertlerde

biziň ykdysadyýetimiz özbekleriňkiden 6, gazaklaryňkydan 5 esse kiçi bolmaly.

Ýöne ilatymyzyň intelligensiýa derejesi ýokary bolsa has köp akyl zähmeti talap

edýän gymmat önümleri öndürip bileris. Bu bolsa goňşularymyzy geçmegimize

we dünýäde abraýly derejä ýetmegimize kömek eder.