gökdepe galasy

84

Upload: garabatyr

Post on 30-May-2018

419 views

Category:

Documents


4 download

TRANSCRIPT

Page 1: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 1/84

Page 2: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 2/84

Seniň taryhyň...

Nargylyç Hojageldiýew

GÖKDEPE GALASYGysgaça taryhy oçerk

TSSR Ylymlar akademiýasynyň akademigi Myrat Annanepesowyň redaksiýasy bilen.

«Çäç»Döredijilik-önümçilik birleşigi

Aşgabat - 1991

Page 3: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 3/84

Nargylyç Hojageldiýew, «Gökdepe galasy».Aşgabat. «ÇÄÇ» döredijilik-önümçilik birleşigi, 1991.

Suratçy N. Berdiýew

Digital görnüşe geçiren: Garabatyr, 2010PDF-a geçirildi: 20. Iýun 2010

10 10 1 2

Page 4: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 4/84

Page 5: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 5/84

- Sözbaşy -

Nargylyç Hojageldiýewiň bu taryhy oçerki maňa jikme-jik mälimtemadan ýazylypdyr. Bir ýüz on bir ýyl mundan ozal Gökde pede bolup geçen halk tragediýasy ýatdan çykaryp bolmajaktaryhy wakadyr. Taryhçylar bu waka dürli wagtlarda dürli hi li çemeleşdiler. Sarizmiň harby ekspansiýasyny ýuwmarlajak bolup, ýerli halkyň gahrymançylygyny peseltjek, onuň wekille rini aýyplajak, gala üstünde bolan söweşiň ähmiýetini kiçeltjek bolup synanyşdylar. Iň soňky döwürlerde-de Ahalyň tutýan ter ritoriýasynyň, onuň ilatynyň möçberini hasaplap, hamala, bütinTürkmenistan bilen deňişdireniňde diňe alty-ýedi prosent bolýar,şonuň üçinem Gökdepe tragediýasy Türkmenistanyň Russiýa bi rikdirilmeginde esasy waka bolan däldir diýen ýaly metodologiktaýdan yrga tutarygaýüz urdular. Munuň özi taryha düýbündennädogry çemeleşmegiň mysalydyr. Her bir halkyň taryhy ykba lyny kesgitleýän aýgytly wakalar bir günde ýa-da birnäçe günde bolup geçýär. Mysal üçin, Russiýanyň taryhynda Kulikowo sö weşi, Poltawa söweşi, Borodino söweşi we ş. m. aýgytlaýjy roloýnapdy. Türkmen halkynyň taryhynda-da Gökdepe galasynda bolup geçen agyr söweşiň ähmiýetine hiç bir jähtden kembahagaramak bolmaz.

Bu taryhy oçerkiň ady «Gökdepe galasy» bolsa-da, onda baş danaýaga Ahalyň basylyp alynmagy hakda gürrüň barýar. OndaGökdepe wakalary, birinji we ikinji Ahalteke ekspedisiýalary, pa tyşa goşunlarynyň sany we sostawy, ýarag üpjünçiligi, galanygoraýan halkyň ýagdaýy, söweşiň gidişi we elhenç ýagdaýdatamamlanyşy, umuman, dogry we takyk beýan edilýär.

Elbetde, oçerkde käbir ýetmezçiliklerdir nätakyklyk hem ga bat gelýär. Mysal üçin, gala ýykylandan soň ýesir alnan 3000aýal-gyz galanyň daşynda däl-de, içinde Diňlidepäniň gündogarýüzünde daşy garawully saklanypdyr.

Galanyň gurlup başlanan wagty anyk däl. Ol 1879-njy ýy

1

Page 6: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 6/84

lyň awgustynda başlandy diýsek, onda 28-nji awgustda eýýämep-esli derejede taýýardy ahyry. Belki, has irräk, ýagny 1877-njiýylda başlanan bolmagy ähtimaldyr.

N. Hojageldiýewiň sada, düşnükli dil bilen ýazylan bu taryhyoçerkini okyjylar höwes bilen okarlar diýip tama edýäris.

Myrat Annanepesow ,Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň akademigi.

2

Page 7: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 7/84

- 1 -

Gökdepe galasynyň harabaçylygy ahmyr bilen içini tutup, ýeresiňip ýatyr. Onuň bir tarapy Gökdepe raýonynyň merkezi bilenutgaşyp gidýär, bir tarapy bilen arany demir ýol liniýasy kesipgeçýär. Şäher tipli posýolok köne galanyň üstüne süýşmeginidowam etdirýär. Onuň günorta-gündogar tarapynda gurulýan jaýlar bilen arada diňe asfalt ýol bar. Bir wagtlar giden açyklykmeýdanda ýeke özi seňňerläp oturan gala daş-töwereginden gö rer gözden gizlenip barýar. Birentek hojalyklaryň uçastoklarygalanyň diwary bilen degşip oturansoň, köp ýerlerde galanyňdiwary ýarylyp, mal ýataklary, hajathanalar galanyň içine geçiri lipdir.

Galanyň demirgazyk-günbatar çüňkräginde, galanyň haraba çylygy ýaly ýere siňip gitmedigem bolsa, öňki haýbatly keşbiniýitiren Diňlidepe egnini gysyp otyr. Türkmenistany basyp al maga gatnaşan rus harby işgärleriniň ýazgylarynda «Diňlidepe»sözi «Gökdepe» sözi bilen tas deň derejede diýen ýaly ulanylýar,özem «Gökdepe galasy» diýen manyda ulanylýar. Bu jähtden«Gökdepe» hem «Diňlidepe» sözleri sinonim hökmünde gelýär.Munuňam öz sebäbi bar. Köne Gökdepe häzirki Gökdepe gala syndan on-on iki kilo-metr demirgazyk-günbatarrakda ýerleşýäreken. Tutuş şol etraplar hem Gökdepe atlandyrylýar eken. Şo nuň üçinem Gökdepe galasy köne Gökdepeden esli aralykdaýerleşýän Diňlidepäniň daşyndaky boş meýdanda gurlanam bol sa, ilkibatlara galanyň Diňlidepe ady ýöränem bolsa, soň-soňlarGökdepe galasy diýen at esasy orna geçipdir.

General Skobelewiň ekspedision otrýadynyň ştab naçalnigigeneral N. I. Grodekowyň tassyklamagyna görä, Gökdepe galasyilki gurlaýan batlaryna dürlüçe atlandyrylypdyr. Nurberdi hanoňa Ýaňyteke diýer eken. Ilat Ýaňyşäher, parslar bolsa Täzeşäherdiýip at beripdir. Ýöne Grodekowyň bu maglumatynda gözedürtülip duran nätakyklyk bar. Ýerli ilatyň Ýaňyşäher diýip,

3

Page 8: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 8/84

parslaryň bolsa Täzeşäher diýmegi böwrüňi diňledýär. Grode kow parslaryň atlandyryşyny rus diline terjime edip alandyrdiýmäge hem esas ýok. Sebäbi ol Ýaňyteke, Ýaňyşäher, Täzeşä her diýen sözleriň üçüsini hem asyl nusgasynda getirýär.

Gökdepe galasy gysga wagtyň içinde, 1879 – 1880-nji ýyllar da, bary-ýogy bir ýyldan sähel gowrak wagtda gurlupdyr. Özemşol döwürde-de galanyň gurluşygynda birnäçe gezek arakesme bolupdyr. Ýöne gala gurlan döwründenem has az ýaşapdyr. Do ly gurlup gutarylandan soň ýarym ýyla-da ýetmän, doly weýran bolupdyr. Özem gala şeýle bir elhençlik bilen weýran edilipdirwelin, gurlaly bäri bary-ýogy ýüz on ýyl gowrak wagt geçen ägirtuly desganyň asly keşbini göz öňüne getirmegem mümkin däl.

Elbetde, galanyň harabaçylygynyň şeýle derejä ýetmegindesoňky birentek ýagdaýlaryň — oňa aýawsyzlyk bilen seredilme giniň, içinde giden meýdana üzüm ekilmeginiň, köp ýerleriniňtekizlenmeginiň, awtogaraj, benzobaza döredilmeginiň, şonuňýaly hem 1948-nji ýylyň ýer titremesiniň — uly täsir edendiginiinkär etmek bolmaz. Ýöne aslynda gala alnaýan badyna-da gatyweýran edilipdir. Galanyň diwarynyň esli bölegi aşagyna därigoýlup partladylypdyr. Ol ýerden birneme günbatarrakda esliýeri topa tutulyp, gädik açylypdyr. Galanyň diwarlarynyň köpýeri bolsa onuň daşyndaky hem içindäki garymlardaky adam, at,düýe maslyklaryny gömmek üçin olaryň üstüne ýumrulypdyr.Bu zatlaryň hemmesi barada soňra ýeri gelende jikme-jik gürrüňederis.

4

Page 9: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 9/84

- 2 -

Gökdepe galasynyň gurulmagyna patyşa Russiýasynyň 1879-njyhem 1880 – 1881-nji ýyllarda Ahalteke oazisini basyp almak mak sady bilen guran harby ekspedisiýalary sebäp bolupdyr. Geçenasyryň ýetmişinji ýyllarynyň başlaryndan sarizm Ahalteke oazi sine ymykly ümzük atyp ugraýar. 1874-nji ýylyň 31-nji martyndaZakaspi bölümi tarapyndan ýörite uprawleniýe döredilip oňageneral-maýor Lomakin naçalnik bellenýär.

General Lomakin tekeler bilen gepleşikler geçirip başlaýar.Ýöne dürli sebäplere, dürli bahanalara görä, Ahalteke oazisiniňparahatçylyk bilen rus raýatyna geçirilmek mümkinçiligi syp dyrylýar. Günorta-günbatar hem Günorta Aziýada has düýpliharby maksatlary göz öňünde tutýan patyşa Russiýasy iňlislerihem parslary öjükdirmejek bolup, Ahaly öz raýatyna birikdir mek barada galp hem alasarmyk syýasat alyp barýar. Munuňüstesine-de polkownik Markozow tarapyndan tekeleriň talaňasalynmagy, rus goşunlary bilen tekeleriň arasynda häli-şindiownuk çaknyşyklaryň bolup durmagy, öňki hoşniýetli, ynany şykly gatnaşyklaryň düýbüni ymykly opurýar. Tekeleriň ruslara bolan ynamy gaçýar. Olar ruslara garşy göreşmegi belli-külliýüreklerine düwýärler.

Patyşa Russiýasy Ahalteke oazisini ymykly eline almasa, Ho rasana çykyp we iňlislere garşy durup bilmejekdigine mazalygöz ýetirýär. Şonuň üçinem, ownuk çaknyşyklar peýda bermän soň, Ahalteke oazisini birzarba basyp almagy ýüregine düwýär.Ýörite harby ekspedisiýa gurmak bellenilýär. 1879-njy ýylyň23-nji ýanwarynda bu plan imperator Aleksandr II tarapyndantassyklanýar.

Ekspedisiýanyň öňünde Gökdepäni hem Maryny eýelemekwezipesi goýulýar. Ekspedisiýanyň ygtyýaryna 161 / 4 batalýon(her biri 450 adamdan – 7.310 adam), 18 ýüzlük, 2 atly eskadron(2900 adam) we 34 top (400 adam) berilýär. Şonça güýçden here

5

Page 10: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 10/84

ket edýän goşuna 4.000 pyýada, 2.000 atly goşun, 16 top alynýar.Beýleki goşunlar bolsa hereket edýän goşunlar bilen olaryň baza syny birleşdirmek üçin peýdalanylýar. Ekspedisiýanyň hajatlaryüçin 6 aýa 1.872.540 manat bölünip berlipdir. Ekspedisiýanyňnaçalnigi edilip birinji Kawkaz goşun korpusynyň komandiri,rus-türk urşunda uly şöhrat gazanan general-adýutant Lazarew bellenýär we Zakaspi harby bölüminiň goşunlarynyň wagtlaýynkomanduýuşisi diýlip atlandyrylýar.

Lazarew 1879-njy ýylyň 23-nji martynda Çekişlere gelýär.Şol wagt Dykma serdaryň ogly Akberdi han hem 1878-nji ýylyňsentýabrynda Çatda ýesir düşen iki sany rus soldatyny ýanynaalyp, Çekişlere baran eken.

Ol iki ýesir alynmazyndan ozalam tekeler alty sany rus solda tyny ýesir äkidipdirler. Muňa jogap edip ruslar teke kerweninitalapdyrlar we on dört sany tekäni şol alty rus soldatynyň dere gine ýesir alypdyrlar.

Ýesir alnan alty rus soldatynyň ikisi ozal goýberilipdir. Ikisanysyny bolsa 1877-nji ýylda Gyzylarbadyň eteginde ýesir alnanogly bilen çalyşmak üçin bir baý ýaş dul aýal satyn alypdyr.Ikisini bolsa Akberdi han on dört teke ýesiri bilen çalyşmak üçinalyp gelipdir. Şeýlelik-de, Akberdi han gelende, türkmenleriňelinde ýene şol dul aýalyň elindäki iki rus ýesiri galan eken.

Ýöne general Lazarew ol iki ýesiri özüm boşadaryn diýip,Akberdi hany gaty gowy garşylapdyr. On dört teke ýesiriniňon dördüsini hem boşadypdyr. Dykma serdara metal pul bilenýüz manat, Akberdi hana hem elli manat aýlyk belläpdir. Oltekeleriň gürrüňsiz boýun egmegini talap edip, Akberdi handanDykma serdaryň adyna şeýle hat iberipdir:

«Men, general-adýutant Lazarew, Ak Patyşa tarapyndan ulygoşun bilen sähra ýöriş geçirmek üçin bellendim. Siziň tiredeşle riňiz mundan birnäçe ýyl ozal biziň Mihaýlow aýlagynda ýer

6

Page 11: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 11/84

leşýän otrýadymyzyň üstüne çozuş edipdirler, geçen ýyl bolsaolar Hojagala çozupdyrlar. Şonuň üçinem men siziň galtamanla ryňyzy mugyra getirmäge we sizde asudalygy berkarar etmäge borçludyryn. Siziň üstüňize aç-açan barýandygymy mälim ed ýärin we eger siz uruşmakçy bolsaňyz, men muňa örän şatdyryn.Ýöne gurhanda: «eger seniň duşmanyň özüňden güýçli bolsa,onuň ygtykadyna garamazdan, gara güýç hökmünde oňa boýunsyngyn» diýlendir. Bu sözleri hem meniň maslahatlarymy tekehalkyna ýetir.

23-nji martda men Çekişlere sag-aman geldim we seniň ogluňAkberdi hanyň şol ýerdedigini gördüm, bu meni gaty begendirdi.Men seniň akylly-başly hereket edendigiňi we biziň beýik AkPatyşamyzagulluk etmegiýürekden arzuwedýändigiňi gördüm.Şu haty halka mälim eder ýaly, ogluňdan iberýärin. Ýadyňdasakla, biziň tekeleriň üstüne ýörişimiz ümsümligi we asudalygy berkarar etmekden we siziň aýdylany etmeýänleriňizi mugyragetirmekden ybaratdyr.

Kimde-kim Ak Patyşa päk ýürekli hem yhlasly hyzmat etse,men ony goraryn, kimde-kim meniň diýenime boýun bolmasa,men ony ile göz edip jezalaryn. Mundan ýaňa hatyrjem bolaýyň.

Golaý wagtda men öz goşunlarym bilen siziň üstüňize ýö riş ederin. Meniň maslahatymy Ahal tekelerine aýt. Goý, olarmen öz ýerlerine baramda, boýun synyp öňümden çyksynlar.Eger olaryň boýun synyp gelmek niýeti ýok bolsa, onda olaraduýduryp goý, soňra hiç zady menden görmesinler.

Biziň hemmämiz pygamber Adam atanyň perzentleridiris.Biziň her birimiz öz dini ygtykatymyzy berk saklamalydyrys.Siziň dini ygtykatyňyz bilen biziň hiç hili işimiz ýok! Gaýta bizöz dini ygtykatyny mukaddes berjaý edýän adamlary halaýa rys. Men diňe siziň zalym hem kakabaş adamlaryňyzy mugyragetirmek üçin barýaryn.

7

Page 12: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 12/84

Çekişlere gelenimden soň, men siziň ähli ýesirleriňizi boşat dym. Häzirki wagtda sizde biziň iki sany soldatymyz galdy. Egersiz olary maňa gaýtaryp berseňiz gowy bolardy, eger gaýtaryp bermeseňiz, olary meniň özüm ýeriň astyna giren bolsalaramtaparyn.

Goý, tekelerden birnäçe atly Çatda polkownigiň ýanyndagulluk etsin. Goý, birnäçe batyr hem gujurly atly meniň bilen bile tekeleriň üstüne gitmäge taýýar bolsun».

Ruslaryň çozmakçy bolýanyny eşiden tekeler Aşgabatda mas lahat geçirýärler. General Lazarewiň Dykma serdara iberen hatyhem şol maslahatda okalýar.

Ol wagtlar Nurberdi han Maryda eken. Onuň ýerine og ly Berdimyrat han hanlyk edýär eken. Ýöne ol ýaş bolansoň,Nurberdi hana ýakyn iki sany adam — Orazmämmet han bilenGurbanmyrat işan oňa geňeşdarlyk edýär eken.

Aşgabatda bolan maslahat ruslary goýbermeli däl, olara gar şy uruşmaly diýen karara gelýär. General Lazarewiň Dykmaserdara iberen alty ekzemplýardan ybarat hatyny bolsa mergen ler hyrlylaryny oklamak üçin peýdalanypdyrlar.

8

Page 13: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 13/84

- 3 -

Aşgabatda bolan maslahatda alty müň pyýada hem atly goşunyBendesende jemlemeli edilýär. Berdimyrat han Orazmämmethandyr Gurbanmyrat işan bilen dört müň atly, iki müň hempyýada goşun alyp, Bendesen geçidine tarap ugraýar. Bendesene baranlaryndan soň olar pyýada goşunlary şol ýerde galdyrýarlar.Berdimyrat han bilen Dykma serdar bolsa dört müň atly goşunyalyp, rus goşunlarynyň öňünden çykmak üçin Hojagala gidýär.

Tekeleriň atly goşunynyň Hojagalanyň ýolunda ruslar bilen bolan çaknyşygy şowsuz gutarýar. Orta ýolda olara atly kazak lar duşýar. Tekeler olary uzakdan oka tutýarlar. Emma oklaryýetmän, olara hiç zat edip bilenoklar. Ruslar bolsa uzaga atýanýaraglary bilen iki tekäni öldürýärler, dokuzysyny bolsa ýarala ýarlar.

Tekeler öz oklary ýeter ýaly golaý aralyga baryp bilmän, yz laryna Bendesene gaýtmaga mejbur bolýarlar. Gaty çalt hereketedip, şol gijäniň özünde pyýada goşuny hem alyp, Börmä çekil ýärler.

Börmede ýene maslahat geçirilýär. Ahalyň ähli ilatyny Gök depäýygnanmaly edýärler. Hemme ýerehabar berilýär. Gyzylar bat bilen Gökdepäniň aralygyndaky ilat Gökdepä göçüp başlaýar.Gökdepä göçüp başlan ilaty penalamak üçin atly hem pyýadagoşun iki günläp Börmede saklanýar. Mundan başga-da, ilatyňGökdepä ýygnanmagyna maý bolar ýaly, ruslary, bolmanda, ongün saklamak maksady bilen olaryň arasyna Dykma serdaryhem Sopy hany ibermeli edýärler.

Dykma serdar bilen Sopy han ruslar özlerini tussag ederöýdüp köp ýaýdanýarlar. Ahyry öz tirelerini raýatyna almakhaýyşyny bahana edip, Lazarew boýnunyň ýüzüne otbaşy çy kyp ölenden soň, onuň ýerine galan general Lomakiniň ýanyna barýarlar.

Ýöne Dykma serdaryň obasy Börmäniň hem Sopy hanyň oba

9

Page 14: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 14/84

sy Gyzylarbadyň ilaty Gökdepä göçmän, guma çekilýär. Arçma nyň hem baý maşgalalary göçse-de, göçmäge gurby bolmadykaltmyş öýli ruslara garşy uruşmak meýliniň ýokdugyny bildi rip, göçmän galýar. Şolardan başga Gökdepe bilen Gyzylarbataralygynyň ähli ilaty Gökdepä jemlenýär.

Gökdepe bilen Gäwers aralygynyň ilaty göçmän, öz ýurdun da galýar. Ýöne bu aralygyňam uruşmaga ýaramly ähli erkekgöbeklisi Gökdepä ýygnanýar.

Mara Nurberdi hana, ähli Etek ilatyna habar ýollanýar.Gökdepede ýene maslahat geçirilýär. Ýene ruslar bilen uruş

maly diýen karara gelinýär. Köne Gökdepe gum eteginde bolup,suwuny sowmak aňsat bolansoň, Diňlidepäniň ýanynda berkit me gurup, iň soňky damja ganyna çenli söweşmäge uly il bolupkasam edýärler.

Galanyň gurulmagy üçin Diňlidepäniň saýlanyp alynmagy nyň birnäçe sebäpleribolupdyr. Sekizýabyň gollarynyň birnäçesiDiňlidepäniň golaýjagyndan geçipdir. Bardy-geldi ruslar Sekiz ýabyň suwuny Ýaňgalanyň ýanyndan sowaýanlarynda hem Diň lidepäniň ýanyndan süýji suwly guýular gazmak mümkin eken.Mundan başga-da galanyň içindäki Diňlidepäniňüstündenbütindaş-töwerege gözegçilik etmek mümkin bolupdyr.

Diňlidepäniň haçan we kim tarapyndan bina edilendigi bellidäl eken. Parslar üýşüripdir, kürtler üýşüripdir diýýänler bareken. Käbirleri bolsa ony ýemreliler gurupdyr diýýär eken.

Dykma serdar bilen Sopy hanyň ruslaryň arasyna knýazDolgorukowyň ýanyna 1879-njy ýylyň 13-nji awgustynda ba ranlygyndan hasap tutsaň, Gökdepe galasynyň gurlup başlananwagty, aňry gitse, şol ýylyň awgustynyň birinji ongünlüginiňaýaklaryna gabat gelýär.

Galanyň düýbüni ähli ilat ýerleşer ýaly giň tutupdyrlar wegaty gyssagly gurupdyrlar. Galanyň gurluşygyna Berdimyrat

10

Page 15: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 15/84

han bilen Orazmämmet han ýolbaşçylyk edipdir. Hezretgulyhan bilen Öwezdurdy han bolsa olara kömekçi edilip bellenipdir.

Galany ähli ilat üýşüp gurupdyr. Uly-kiçi, aýal-erkek hem me kişi meýletin işläpdir. Galanyň dört ganaty tekeleriň dörtsany esasy tiresiniň — syçmazlaryň, wekilleriň, begleriň hem bagşydaşaýaklaryň arasynda bölüşilipdir. Her on maşgala paý bölünip berlipdir.

Ýöne tekeler näçe gyssagly işleselerem, 1879-njy ýylyň 28-njiawgustyna, ruslaryň hüjüme geçen gününe çenli galany gurupgutaryp bilmändirler. Onuň günorta ganatynyň boýy ýarynahem ýetirilmändir. Galanyň beýleki ganatlary hem doly bitiril mändir. Onuň içindäki öýler görnüşer oturar eken.

Tekeler ruslar galanyň günorta tarapyndan, galanyň gow şak ýerinden hüjüme geçerler öýdüpdirler. Beýle etmegi ruslaraolaryň arasynda bolan Dykma serdar hem maslahat berenmiş.Galanyň günorta ganatynyň gurlup gutarylmanlygyndan başga, bu tarapdan tekeleriň suwuny hem sowmak mümkin eken. Ýöne1879-njy ýylyň 28-nji awgustynda ruslar galanyň demirgazyk -günbatar tarapyndan hüjüme geçipdirler. Tekeler ruslaryň özgowşak tarapyny bilmeýändigine göz ýetiripdirler.

Ruslar güýçli zor salýarlar. Tekelerem güýçli garşylyk gör kezýärler. Iki tarapdanam köp ýitgi çekilýär. Tekeler gepleşikgeçirmekçi bolýarlar, emma ruslar tekeler wagt utjak bolýandyr lar öýdüp, gepleşik geçirmekden ýüz dönderýärler.

28-nji awgustda bolan söweşe ruslar tarapyndan 3.024 adamgatnaşypdyr. Ýöne olara galany almak başartmandyr. Şol günolar 453 adam ýitiripdirler. Tekeler 600 berdanka olja alypdyr.Ýöne bu ýa-ha ruslaryň ýitiren adamlarynyň sanyny azaldypgörkezýändiklerini tassyklaýar, ýa-da diri galan rus soldatlary nyňam birenteginiň ýaragyny taşlandygyny aňladýar.

Tekeler galany gahrymançylyk bilen gorap saklamagy başa

11

Page 16: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 16/84

rypdyrlar. Ýöne olar gaty uly ýitgi çekipdirler. Olaryň öli hemýaraly hatardan çykan adamy 2.000-e ýetipdir. Spolatbog bu sany3.000-e ýetirýär. Özem tekeler top okundan köp zyýan çekipdir ler. Olar entek tüm gazyp top okundan goranmagy bilmeýänekenler.

Şol gün Berdimyrat hanyňam öýüniň üstüne granat düşüp,onuň aýalyny, iki çagasyny öldüripdir. Kakasynyň dogany Gur ban hanyň kellesini alypdyr. Söweşde Berdimyrat hanyň özi hemagyr ýaralanypdyr we iki günden soň aradan çykypdyr. OnyDiňlidepäniň ileri ýapysynda jaýlapdyrlar. Mazar häzire çenlisaklanypdyr.

Berdimyrat hanyň deregine Orazmämmet han han hem be ýemçi diýlip ykrar edilýär.

Tekeler ýigrimi sekizinji awgustda özleriniň ýeňenini, rus laryň güýçden gaçanyny bilmändirler. Olar ýene hüjüme geçeröýdüpdirler. Giç agşam ölen adamlaryň jesetlerini ýygnap ýör käler, köp adamlar ruslara boýun synmagy talap edipdirler.

Gije agyr ýaralanan Berdimyrat hanyň ýerine han diýlip yk rar edilen Orazmämmet hanyň öýünde maslahat bolýar. Oňaähli hormatly aksakgallar hem işanlar gatnaşýar. Maslahat gatyuzaga çekýär. Uly çekeleşikden soň, ahyry Orazmämmet hanyňhem Gurbanmyrat işanyň garşy bolmagyna garamazdan, ruslar bilen gepleşik geçirmeli diýen karara gelipdirler. Wepadar han bilen Polat hanyň baştutanlygynda ruslaryň üstüne wekil iberme li edipdirler. Olara ruslardan Ýegenbatyr galasynyň ýanyndakykärizlere çenli yza çekilmegi, şol ýerden nähili talaplarynyň bar dygyny aýtmagy haýyş etmegi tabşyrypdyrlar.

Ýöne maslahat gaty giç gutarypdyr. Şonuň üçinem wekillerertir daň bilen gitmeli edilipdir. Olar daňdan sagat dörtde rusla ryň lagerine barypdyrlar. Emma ol ýerden ruslary tapmandyrlar.Sebäbi rus goşunlary bary-ýogy iki günlük azyk bilen gelensoň,

12

Page 17: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 17/84

galany alyp bilmejegine göz ýetirip, yza çekilmegi zerur bilip dir. Olar gije sagat üçde, tekeleriň wekilleri barmazyndan birsagat öň giden ekenler. Tekeler ruslaryň yza çekilýändigini bi lenlerinden soň gepleşik geçirmegi goýbolsun edipdirler. Diňeruslaryň Bama tarap çekilýändiginigörüp, özleriniňýeňendiginegöz ýetiripdirler.

Ruslar tä Bama ýetýänçä tekeler talaň maksady bilen ola ryň yzyna düşüpdirler. Olara ullakan zyýan edip bilmeselerem,iki-ýeke çykanlary, goragsyzrak kerwenleri talap, mal olja alyp dyrlar.

Tekeler uly pidalar çekip gazanan ýeňşiniňhatyrasyna uly toýtutupdyrlar, at çapdyrypdyrlar. Atlary ýeňlip giden duşmanyňgiden ugruna tarap çapdyrypdyrlar.

Rus goşunlary Börmede gyşlamagyýüregine düwüpdir. Goş -golamlary, azyk-suwlugy getirmek üçin Bendesene 500 düýedenybarat kerwen iberilipdir. Ýöne birden garaşylman durka, Loma kin 8-nji sentýabrda ir bilen şol gün sagat 12-de ugramaly diýip buýruk beripdir. Sebäbi ruslar Nurberdi han eýýäm 15 müň go şun bilen Arçmana gelipdir diýen habar alypdyrlar. Eger tekelerBendesen geçidini alaýsalar, ruslara yza çekilmäge-de ýol galma jagy äşgär bolupdyr. Munuň üstesine-de düýeler gyrlyp başlap dyr. Yza çekilmäge ulag tapylmazlyk howpy döräpdir. Hatdaýaralylary äkitmek üçin jogapkär G. Sarjew munuň üçin zerur bolan 42 düýäni hem tapyp bilmändir. Onuň dadyna Pereýas law dragun polkunyň diwizion komandiri polkownik Nujewskiýýetişipdir, ol 132 düýe berip biljekdigini mälim edipdir.

Bendesen geçidinden geçenlerinde ruslar köp maddy ýitgiçekýärler. Diňe bir günüň dowamynda 345 düýe ölüpdir. Sül sadyň ýary ýitirilipdir. Olary çapyp, zaýalap taşlapdyrlar. 17gapyrjak oky gömüpdirler. Soň olary düýekeşlerden eşidip, te keler tapyp alypdyr. Garaz, ruslar aç-suwsuz, ulagsyz, weýran

13

Page 18: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 18/84

halda zordan Bendesene özlerini atypdyrlar.Ýöne ruslaryň Bendesende-de uzak saklanyp bilmejekdikle

rine gözleri ýetipdir. Şonuň üçinem olar ýene Tersakana tarapyza çekilipdirler. Eýýäm 16-njy sentýabrda şol ýere barypdyrlar.Tersakanda Zakaspi harby bölüminiň goşunlarynyň wagtlaýynkomanduýuşisi edilip general Tergukasowyň bellenendigi bara da buýruk alynýar.

Rus goşunlary Tersakanda hem gaty agyr ýagdaýa düşüp dir. Azyk, ulag, keselhana ýetmändir. Düýeler gyrlyp, müňläpmaslyk aňkap, dem alar ýaly bolmandyr. General TergukasowTersakanda-da saklanyp bilmejekdigine göz ýetiripdir. Ol Çe kişlere yza çekilipdir. Goşunlarynyň köpüsini günbatar kenarageçiripdir. Täze ekspedisiýa güýçli taýýarlyk görüp başlapdyr.

Ruslar dagdan aňryk geçensoň, Orazmämmet han ýene mas lahat çagyrýar. Ruslar indi dolanyp gelmez diýip, Bama çenliähli ilatyň öz obalaryna göçüp barmagyna rugsat berýärler. Diň lidepede diňe birnäçe baý maşgala galýar.

14

Page 19: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 19/84

- 4 -

Ruslar Diňlidepäniň üstüne hüjüm edenlerinde, aýagy çykyp,ýaraman ýatan Nurberdi han hem gutulyp, sentýabrda Ahalagelipdir. Ony ýene han belläpdirler. Nurberdi han Yzgantdamekan tutupdyr, şol ýerde uly ýygnak geçiripdir. ÝygnakdaDiňlidepedäki galany gurup gutarmaly edipdirler. Togtamyş dan hem Utamyşdan müň maşgalany hanyň ýanyna göçüripgetirmeli, müň sany perraç ýygnap, hanyň ygtyýaryna bermeliedipdirler. Perraçlary eklemek üçin, hana ilata salgyt salmagarugsat berlipdir.

Perraçlar tekeleriň her tiresinden 200 – 300 atlydan toplanyp dyr we olara syçmazdan Öwezdurdy han, begden Orazmämmethan, wekilden Myrat han, bagşydaşaýakdan hem Hezretgulyhan ýolbaşçylyk edipdir. Olara Ahalyň serhetlerini goramak,polisiýa hem awangard gullugyny berjaý etmek tabşyrylypdyr.

Galany gurup gutarmaly diýen karara gelinse-de, gyş ugurlyişlenmändir. Ýaz ýene gyssagly işe başlanypdyr.

Nurberdi han gyş ýene syrkawlapdyr. Syrkawka-da 1880--nji ýylyň martynyň ahyrynda Diňlidepä göçüp barýar. Apreliň28-nde hem şol ýerde aradan çykýar. Rus harby işgärleriniňýatlamalarynda hemme ýerde Nurberdi hanyň ölümi hakda şuwersiýa gaýtalanýar. Hemme ýerde onuň syrkawlap, öz ajalynaölendigi tassyklanýar. Emma S. Öwezbaýewiň «Gönübek» ma kalasynda şol wakalara gatnaşan türkmeniň dilinden Nurberdihanyň duşmanlar tarapyndan hile bilen öldürilendigi gürrüň berilýär.

Nurberdi han ölenden dört gün soň, onuň ogly Magtymgulyhan ähli Ahalyň hany diýlip yglan edilipdir. Han bellenendeMagtymguly han ýaş eken. Ol şol wagta çenli hiç wagt urşa,alamana gatnaşyp görmändir. Ylym öwrenipdir. Orazmämmethan oňa wezir bellenipdir. Gurbanmyrat işan bolsa tutuş Ahalyňkazysy edilip bellenipdir.

15

Page 20: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 20/84

Surat 5.1: Magtymguly han

16

Page 21: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 21/84

Britan agenti Apbas han Magtymguly hany han bellenmegi bilen gutlap, Maşatdan hat iberipdir. Iňlisleriň tekelere kömek berjekdigine ynandyrypdyr. Goçant hem Daraýygez ilhanylary -da tekelere goranmagy maslahat beripdirler.

Gürrüňimiz bilen gönüden-göni baglanyşygy bolmasa-da, şuýerde gepiň gerdişine bir zady belläp geçmegimiz gerek. Şu çakaçenli iňlisleriň Gökdepe urşunda oýnan roly birtaraplaýyn çişiri lip gelindi. Hamala, tekeleriň uruşmagyna esasy sebäp bolan zatiňlisleriň olary ruslara garşy öjükdirmeginden ybaratmyş. Haky katda bolsa, iýul aýynda tekeleriň Maşada baran wekillerindenApbas hanyň Magtymguly hana sowgat hökmünde dürbi bilenrewolwer iberendigini hasap etmeseň, tekeler iňlislerden jinnekýaly hem harby kömek almandyrlar. Äýrandanam suwytly alnanzat ýok. Gurşun, peşeň, iki gezek hem däri satyn alypdyrlar.

Öz topragyny goramaga gezek gelende türkmenler hiç kimiňöjükdirmegine mätäç bolmandyrlar. Onsoňam taryhy faktlartekeleriň iňlislere-de, parslara-da janlaryny ynanmandyklarynaşaýatlyk edýär. Bu babatdan olaryň «Daily News» gazetiniň ha barçysy O’ Donowana bolan garaýşyna salgylanmak ýeterlikdir.

Köp taryhçylaryň işlerinde, ýazyjylaryň çeper eserlerindeO’Donowanyň esasy maksady tekeleri ruslara garşy öjükdir mekden ybarat bolan ýaly edilip görkezilýär. Hakykatda bolsaol, ozaly bilen, öz žurnalistlik käriniň bähbitlerinden ugur alanadam. Ol Ahalteke ekspedisiýasyna gatnaşmak, wakalary gözi bilen görmek isläpdir. Onda-da ilki ruslaryň arasynda bolupgörmek isläpdir. Ekspedisiýa gatnaşdyrylmagyny haýyş edipruslara ýüz tutupdyr. Ýöne Skobelew ekspedisiýa iňlis habarçy larynyň-a däl, rus habarçylarynyňam gatnaşmagyny gadaganedipdir. O’Donowanyň haýyşy kanagatlandyrylmandyr.

Diňe şundan soň O’Donowan tekelere ýüz tutmaga mejbur bolupdyr. Tekeler gala goýberer diýen umyt bilen Bagyra gelip

17

Page 22: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 22/84

dir. Ýörite hat ýazyp, Magtymguly handan gala goýberilmeginisorapdyr. Emma tekeler dürli bahana bilen rus içalylarynyň galaaralaşmagyndan gaty gorkupdyrlar. O’Donowan hem iňlis ha barçysynyň donuna giren rus içalysy bolaýmasyn diýip gorkanmaslahat ony gala goýbermeli däl diýen karara gelipdir.

Taryhy faktlar türkmenleriň ýeňilmeginiň esasy sebäpleriniň biriniň olaryň dünýäden üzňe galandygyndan, hiç kimden kö mek bolmanlygyndan ybaratdygyny tassyklaýar. Eger tekeleriňlislerden ýarag kömegini alan bolsadylar, eger olar ruslara gar şy diňe sowuk ýarag bilen uruşmaly bolmadyk bolsadylar, belki,ruslara galany almak başartmazdy. Gökdepe urşunda ýaragyňýeňendigi hemme kişä belli zat.

General Tergukasow 1879-njy ýylyň noýabrynda Ahaly alma gyň planyny düzüpdir. Ol kem-kemden öňe süýşmegi, her bireýelän punktunda berkitme gurmagy nazarda tutupdyr. Tergu kasowyň plany boýunça tutuş Ahalteke oazisini eýelemek üçindört ýyl wagt, 40.000.000 manat hem pul gerek bolupdyr.

Tergukasowyň bu plany kabul edilmändir. Oazisi eýelemeküçin dört ýyl wagt sarp etmegi uzak görüpdirler. Oňa çenlitekeler uruşmagy öwrenerler, Ahal ikinji Kawkaza öwrüler diýipgorkupdyrlar.

Tergukasow ýaraman, 1879-njy ýylyň dekabrynda özüniňkomanduýuşilik wezipesinden boşadylmagyny haýyş edipdir.Onuň ýerine 21-nji pyýada goşun diwiziýasynyň brigada koman diri general Murawew wagtlaýyn komanduýuşiý bellenipdir.

Kawkaz naçalnikleri ekspedisiýany geçirmegi rus-türk ur şunda tapawutlanan şol ýerli generallaryň birine tabşyrmagymaslahat beripdirler. Emma hökmürowan imperator Orta Aziýa daky uruş bilen praktiki taýdan tanyş bolan general Skobelewiekspedision otrýada naçalnik edip bellemegi Kawkaz goşunlary nyň baş komanduýuşisine tabşyrypdyr.

18

Page 23: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 23/84

1880-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda general Skobelew impera tor Aleksandr II bilen uzak wagtlap gürrüňdeş bolupdyr. Patyşaekspedisiýa üçin goşunyň hem pul çykdajylarynyň çäkli bolma lydygyny aýdypdyr. «Häzirki döwürde Russiýanyň bu zatlaryçäksiz harçlap bilmejekdigini ýatda saklamak gerek. Ýöne goşunsözüň giň manysynda ähli zerur zatlar bilen üpjün edilmelidir»diýipdir. Ol 1879-njy ýylda hem goşunda artykmaç adamlaryňköp bolandygyny belläpdir.

Harby ministr graf Milýutin general Skobelewe otrýadyňsostawyny kesgitlemegi, goşunlary jemlemegi, ekspedisiýanytiz wagtda geçirip boljakdygy-bolmajakdygy barada oýlanmagy,ekspedisiýany demir ýolsuz geçirmegiň mümkindigini ýa-damümkin däldigini aýdyňlaşdyrmagy teklip edipdir.

1880-nji ýylyň ýanwarynyň ikinji ýarymyndan Skobelew başştabyň ekspedisiýany guramak baradaky maslahatlaryna gat naşyp başlaýar. Dürli pikirler orta atylýar. Köp adamlar demirýolsuz hiç zadyň mümkin däldigini tassyklaýarlar. Skobelewekspedisiýanyň şowly gutarmagyny diňe demir ýol bilen bag lanyşdyrmagy ýalňyş hasaplaýar. Ol demir ýola käbir beýlekiserişdeler ýaly ikinji derejeli zat hökmünde garapdyr. Esasandüýä daýanmagy dogry hasap edipdir.

Goşuny düýe bilen üpjün etmek üçin 13 müň düýe gerek bolupdyr. Düýeleriň ölüm-ýitimini nazarda tutsaň, ätiýaç üçinýene 10 müň düýe gerek bolupdyr.

Ýöne munça düýäni tapmak aňsat däl eken. Şonuň üçinemSkobelew şu wagtdan, heniz Maňgyşlakdaky çarwalar gyş ýur dunda otyrkalar düýe toplamagyň ugruna çykmagy teklip edip dir. Çarwalar göçüp başlansoň düýe tapmagyň gaty kyn boljagy ny, gaty köp wagt talap etjekdigini aýdypdyr. Ol 1880-nji ýylyň17-nji ýanwarynda general-leýtenant Obruçewe ýazan hatyndaeger düýeler wagtynda tapylmasa, 1881-nji ýylyň güýzünde te

19

Page 24: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 24/84

kelere zarba urmak hakda pikir etmegiňem mümkin däldigininygtapdyr.

Düýe tapmak meselesi, hakykatdanam, gaty kyn bolýar. Ýo mutlaryň Etrekden aňry geçmegi sebäpli, zerur mukdarda düýetoplamak başa barmaýar. Düýäni Orenburgdan hem Galmykys tandan gözlemek meselesi ýüze çykýar.

Bu ýagdaý demir ýol gurmak zerurlygyny görkezýär. Gyzy larbada çenli demir ýol çekmek dogry bilinýär. Bu aralyga ikiaýyň dowamynda demir ýol çekmek bolar diýip hasap edýärler.

Skobelew goşuny keçe bilen üpjün etmek, öý bilen üpjünetmek barada hem düýe hakda alada edişinden pes alada etmän dir. Ol azyk zapasyny toplamak barada hem köp çäreler görýär.Gökdepe galasyna hüjüme başlamazdan ozal, iň bärkisi 1881-njiýylyň birinji iýulyna çenli ýeter ýaly azyk jemlemegi wezipe edipgoýýar.

Ekspedisiýanyň ugrajak başlangyç punktunyň Mihaýlowskaýlagy bolmagy, goşuny agyz suwy bilen üpjün etmek zerurly gyny döredýär. Munuň üçin her gije-gündizde azyndan 10.000 bedre suw berip biljek opresnitel gurmak gerek bolupdyr.

Ahal oazisini basyp almagyň başga-da dürli ýollary teklipedilipdir. Şol teklipleriň birinde Ahal tekelerini iki tarapdan —Gyzylarbat hem Mary tarapdan gysaja almak nazarda tutulyp dyr. Munuň üçin Türküstan hem Orenburg harby okruglary bilehereket etmeli bolupdyr.

General-maýor Meýer bolsa Buhara hem Hywa hanlygynyňüsti bilen ilki Mary syndyrylsa, Ahal tekeleri alaçsyz galar diýenpikiri öňe sürüpdir. Muny ol iň arzan düşjek wariant diýip dü şündiripdir. Eger Kaspi tarapyndan hüjüm edilende 20 millionmanat harçlamak gerek bolsa, Meýeriň warianty bary-ýogy 7million manada düşjekmiş.

General-maýor Gluhowskiý hem ahally tekeleriň üstüne iki

20

Page 25: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 25/84

tarapdan — Kaspiniň hem Marynyň üsti bilen hüjüm etmegiňtarapdary bolupdyr. General-maýor graf Borh bolsa Etrek hemKrasnowodsk tarapdan hüjüm edip, Bamyda birleşmeli hem şolýerde ornaşmaly diýen teklibi orta atypdyr. Ýöne bu plany amalaaşyrmak üçin demir ýol gurulmagy zerur bolupdyr. Bu planyamala aşyrmak üçin diňe azyk bilen demir ýoluň gurluşygyna1880-nji ýylda 10 – 13 million manat harç etmeli eken.

Bu teklipleriň käbiri soňra nazarda tutulypdyr.Orta atylan köp teklipleriň arasynda Gyzylarbatda berkişip,

ol ýere Krasnowodskden demir ýol çekmeli diýen pikiriň üstün de durulýar. Skobelew Gyzylarbady, hatda Goçy, Zawy, Gyzyl çeşmäni, Bamyny eýelemezden demir ýol gurup bolmajakdygyhakdaky pikir bilen ylalaşypdyr. Ýöne ekspedisiýanyň Gyzy larbadyň alynmagy bilen çäklendirilmegine, soňra demir ýolgurulýança garaşylmagyna düýbünden garşy çykypdyr. Ol egerruslar Gyzylarbatda berkişseler, tekeleriň hökman hüjüme geç jekdigini, olar yza serpikdirilenden soň bolsa, urşuň kanunynagörä, ýeňlen duşmanyň yzyna düşüp, ol nirä gitse, şol ýere, ýag ny Gökdepä gitmeli boljakdygyny öňünden görüpdir. Ruslardemir ýol gurmak bilen meşgullanyp, hereketsiz ýatsalar, tekelerolaryň tylynda partizançylyk urşuny ýaýbaňlandyrarlar, bu bol sa Orta Aziýanyň şertlerinde düýbünden ýol berilmesiz zatdyrdiýipdir.

Skobelew goşunlaryny top bilen üpjün etmek meselesine aý ratyn üns beripdir. Ol Orta Aziýa halklarynyň topa nähili gara ýandyklaryna belet eken. «Orta Aziýada gan dökmezden ýeňişgazanmak toplaryň sanyna gös-göni proporsionaldyr» diýip, bir syhly nygtaýar eken. Şonuň üçinem ol Gökdepäniň eteginde hermüň goşunyna 10 – 12 top hasabyndan, azyndan 80 – 100 top jemlemegi maksat edinipdir we bu maksadyna doly ýetipdir.

Skobelew toplardan peýdalanmagyň ýollaryny hem inçeden

21

Page 26: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 26/84

öwrenipdir. Ol 1880-nji ýylyň 21-nji aprelinde 3-nji gwardiýagrenader artilleriýa brigadasynyň komandiri M. A. Zinoweweýazan hatynda teke berkitmelerine garşy artilleriýany nähili peý dalanyp boljakdygy hakda sorapdyr. Zinowew şol ýylyň 8-njimaýynda Warşawadan iberen jogabynda nähili toplary, nähi li granatlary, nähili merdiwanlary ulanmalydygy barada anykçyzgylar, hasaplamalar getirip jogap beripdir.

Gökdepe galasy gabalanda toplary peýdalanmagyň dürliýollaryny ulanypdyrlar. Mysal üçin, galadaky öýler gaty güridikilensoň, olara top oky kän täsir etmändir. Şonuň üçinempiroksilin raketalary, kerosinli granatlary ulanypdyrlar.

Gepiň gysgasy, Lomakiniň ekspedisiýasynyň şowsuz gutar magynyň düýp sebäbi oňa ýeterlik taýýarlyk görülmändigi ha saplanypdyr we Skobelew bu ýalňyşy gaýtalamazlyk üçin, iňňänuly taýýarlyk görüpdir. Goşuny uzak wagta ýeter ýaly azyk,ok-ýarag bilen üpjün etmek barada, mallar üçin bol ot-iým taý ýarlamak barada ähli zerur çäreleri görüpdir.

22

Page 27: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 27/84

- 5 -

Tekeler täze ekspedisiýanyň guralýandygyny, oňa hem generalSkobelewiň naçalnik bellenendigini 1880-nji ýylyň aprelinde,henizSkobelew Türkmenistana gelmänkä eşidipdirler. Bu baradatekelere gökleň Kertik molla habar beripdir.

Ol wagtlar Nurberdi han diri eken. Onuň wekilleri Wepa dar han, Aman atalyk han, Polat han dagy hem Büjnürtde eken.Olaram özlerine mälim bolan zatlary habar beripdirler. GeneralSkobelewiň ýaşdygyny, köp uruşlara gatnaşandygyny, Kokandhanyny boýun egdirendigini, oýun eder ýaly adam däldiginiaýdypdyrlar.

Bu habary eşiden Nurberdi han Yzgantda maslahat çagyryp dyr. Ähli ilaty Gökdepä ýygnamaly edipdirler. Nurberdi han buişi Dykma serdar bilen Gurbanmyrat işana tabşyrypdyr. Galagöçmäge göwnemeýänleri gyrmak üçin olaryň ygtyýaryna müňatly perraç beripdir. Ýöne gala göçmäge garşy adam bolmandyr.

Diňe Diňlidepäni goramaly edipdirler. Ony doly gurup gu tarmak işine girişilipdir.

Nurberdi han kömek sorap, marylylara çapar ýollapdyr. Ap relde Marydan 4.000 atly Tejene tarap ugrapdyr Saryklaram kö mek bermek üçin atlanypdyrlar. Ýöne Nurberdi hanyň aradançykmagy bilen köp zatlar üýtgeýär. Tejende jemlenen marylylarhem ýollaryny üýtgedýärler. Olaryň bir bölegi Horasanyň Jamokrugyna, bir bölegi bolsa Gökgala alamançylyga gidýär.

1880-nji ýylyň 7-nji maýynda Skobelew Çekişlere gelipdir.Şol wagtlar Zakaspide 25 rota, 8 ýüzlük, 8 sany at goşulan top,10 sany at goşulmadyk top bilen bir komanda, jemi 4370 adam,1786 ýaby (1439-sy goşun hataryndaky, 347-si hem ýükçi ýaby) bar eken. Bu Tergukasow döwründäkiden has az eken.

Skobelew geleninden beýläk goşunlary ok-ýarag, azyk-suw luk bilen üpjün etmek barada uly işler geçirýär. Şonuň bilen birwagtda hem ol oazisi öwrenmek maksady bilen barlag ýörişleri

23

Page 28: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 28/84

ni gurap durupdyr. Kem-kemden öňe süýşmek bilen bolupdyr.Özem baran ýerlerinde obalary, ekin meýdanlaryny weýran et megi, ýakmagy buýrupdyr. Netijede Bamy bilen Gökdepe araly gyndaky ähli obalar weýran edilip, ähli ekinler otdan geçirilipdir.Bamydan günbatardaky orulmadyk ekinleri bolsa rus goşunlaryorup, azyk zapaslarynyň üstüni doldurypdyrlar.

Ruslar 1880-nji ýylyň sentýabrynda Gyzylarbady almagy gözöňünde tutupdyrlar. 1881-nji ýylyň martyna çenli beýleki güýç leri hem Gyzylarbada jemlemeli eken. 1881-nji ýylyň aprelindeBörmäni, sentýabrda hem Duruny almaly, diňe şondan soň aňyr lygyna Gökdepä gitmeli eken. Emma Skobelew bu plana eýerjek bolup durmandyr. Çaltlyk bilen öňe süýşüpdir. Eýýäm 1880-njiýylyň 31-nji maýynda Bendesene gelip ornaşypdyr.

Goçda ruslar ekin saklaýan ýaşulyny ýesir alypdyrlar. Ol Gy zylarbadyň, Goçuň, Zawyň, Gyzylçeşmäniň, Bamynyň ilatynyňruslaryň çozjagyny eşidip, bir aý mundan ozal göçüp gidendik lerini aýdypdyr.

Skobelew Hojagaladan Bendeseniň üsti bilen artilleriýa üçinýalňyz gowy ýoluň bardygy üçin Bamyny eýelemegi ýüreginedüwüpdir. Bamynyň eýelenmegi bilen oazis iki bölege bölünip dir we uruşýan ýerli ilat galla oragy bilen meşgullanmakdanmahrum bolupdyr. Munuň üstesine hem Bamy Gökdepe gala syna Gyzylarbada garanda 50 wýorst golaý bolupdyr. Bamydarus goşunlarynyň öz tylyny tekelerden goramagy üçinem gowyşertler bar eken.

Skobelew Türkmenistana gelenden soň 34-nji günde Bamyeýelenipdir. Şeýlelikde onuň goşunlarynyň öň hatarlary Gökde päniň 112 wýorst golaýyna gelip, hut şol «günüň ertesi tekeleriňtaşlap giden ak ekinlerini arkaýyn ýygnamaga başlapdyrlar. Bu bolsa goşunlaryň azyk üpjünçiligini gowulandyrypdyr. Skobe lew Namangandaky tejribesine daýanyp, zapas çörek bişirdip

24

Page 29: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 29/84

başlapdyr.Ruslar Bamyny eýeländen soň, Diňlidepede maslahat geçi

rilipdir. Köp adamlar ilatyň guma tarap çekilmegine rugsat be rilmegini talap edipdirler. Parahatçylyk islänler bolupdyr. Ýönegepe çeper Gurbanmyrat işan, Rahmanberdi işan1, Magtymgulyhan dagy öz diýenlerini etdiripdirler. 1879-njy ýyldaky ýeňişle rine salgylanyp, galany alyp bolmajakdygyny tassyklapdyrlar.Galada galmagy, uruşmagy gazanypdyrlar. Gökdepe galasy şolwagtlaram doly gurlup gutarylman eken. Ýöne onuň gurluşygygaty gyssagly dowam etdirilipdir.

Skobelew goşunyň hereketsiz ýatmagyny ýol bermesizzat ha sap edipdir. Ýene öňe süýşmegini dowam etdiripdir. Ol 1880-njiýylyň 1-nji iýulynda ýanyna 800 atly, 10 top, 8 raketa stanogynyalyp, Gökdepäni barlap görmek üçin ýörişe çykypdyr. Börmede,Arçmanda bolupdyr. 5-nji iýulda bolsa Gökdepe galasyndan 12wýorstlikde ýerleşýän Ýegenbatyr galasyny eýeläpdir. Maýor A.Wereşagini ýanynyň 70 adamy bilen bu ýerde galdyrypdyr. Oňagalany goranmaga taýýar etmegi tabşyrypdyr. Özi bolsa beýlekigoşunlary bilen Gökdepäni barlamaga gidipdir.

Tekeler Skobelewiň öňünden köp atly hem pyýada goşunçykarsalaram, olara zeper ýetirip bilmändirler. Skobelew gijesagat dördüň ýarynda Sekizýaba Ýaňgalanyň alkymyna gelipdir.Sagat dörtde Diňlidepäni topa tutup başlapdyr.

Toply, uzaga atýan kämil ýaragly goşun bilen tekeleriň güýjideň gelmändir. Pyýada goşun hem, atly goşun hem ruslaryň okýeterine baryp bilmändir. Ruslar nirä gitseler, uzak aralykdanolaryň yzyna düşüp ýörmekden başga çäre tapmandyr. Skobe lew ýitgi çekmän diýen ýaly agşam ýene Ýegenbatyr galasynadolanyp gelipdir.

1Grodekow hem, Spolatbog hem şeýle ýazýar. Ýöne Kerimberdi işan bolsun gerek — awt.

25

Page 30: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 30/84

Durun bilen Ýegenbatyr galasynyň aralygynda başga goşunýokdugyna göz ýetiren Dykma serdar 6-njy iýulda gije ruslaryňüstüne çozmakçy bolupdyr. Tekeler rus goşunlarynyň tylynaaýlanypdyrlar. Garrykäriz galany eýeläpdirler. Ruslaryň yzaçekiljek ýoluny kesmek üçin, Dykma serdar Gulbatyr serdary600 atly bilen ugradypdyr.

Dykma serdar eýelejek punktlaryny eýeländen soň, gala ha bar beripdir. Pyýada goşuny iki kolonna edip sürmegi buýrup dyr. Bir kolonna Öwezdurdy serdaryň baştutanlygynda gumtarapdan, ikinji kolonna Nurmämmet serdaryň ýolbaşçylygyndadag tarapdan hereket edipdir. Gum tarapdan gelýänler barmalyýerine öz wagtynda barypdyr. Dag tarapdan gelýänler bolsaruslaryň saklawyna uçrap, aňryk hereket edip bilmändirler.

Onsoň Dykma serdar öz atlylary hem Öwezdurdy serdaryňpyýada goşuny bilen rus goşunlarynyň elli ädim golaýyna bar ýar. Ýöne dag tarapdan gelmeliler-ä gelenok, gum tarapdangelenleriňem köpüsi gorkup yzyna gaýdýar. Rus lageri şeýleümsümlik bolansoň, Dykma serdar hem çozmaga ýürek edip bil meýär. Aslynda-da Diňlidepedäki hanlar güýçlerini ýitirmejek bolup, bary-ýogy 2.000 pyýada goşun iberen ekenler.

Şol gije tekeler hüjüm eder öýdüp, ruslar hem biçak gor kupdyrlar. Maýor Wereşagin tekeleriň duýdansyz çozmagynyňöňüni almak üçin, giden meýdanyň baglaryny çapdyryp, gala nyň daş-töweregini ýalazy meýdan edip goýupdyr. Soldatlaraseslerini çykarman, hüjüme garaşmak buýrulypdyr.

Soň Dykma serdar özleriniň gaty golaý barandygyny, ýönerus goşunlarynyň şeýle ümsümliginden heder edip, dökülip bilmändiklerini, eger şol wagtlar ruslar tarapyndan ýekeje tüpeňsesi eşidiläýse, gürrüňsiz çozjak ekendiklerini gürrüň berenmiş.Eger şol gije tekeler köpçülikleýin dökülen bolsalar, olaryň azsanly rus goşunlaryny mynjyradyp taşlaýmagy mümkin eken.

26

Page 31: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 31/84

Surat 6.1: Dykma serdar

27

Page 32: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 32/84

Rus goşunlarynyň Ýegenbatyr galasyny eýelän güni Gökde pä Marydan Berkeli hanyň baştutanlygynda 800 atly gelipdir.Saryklardanam Legank hanyň ýolbaşçylygynda 150 atly gelipdir.Olar hem söweşe gatnaşypdyrlar.

6-njy iýulda tekeler kän zyýan çekmändirler. Öli hem ýaraly45 adam ýitiripdirler. Marydan gelenler 5, saryklar hem 2 adamýitiripdirler. Ýöne 7-nji iýulda Arçmana tarap yza çekilýän rusgoşunlaryny yzarlanlarynda türkmenler 200-e çenli adam ýiti ripdir. Ahalyň belli adamlaryndan bäherdenli Hudaýýar han, börmeli Allanur bilen Nefes-Karabelah2, Marydan gelen Berkelihan ölüpdir.

2Grodbkowşeýle ýazýar. Belki, Nepes Garaballyýa-da Nepes Garabeladyr.Nepes Garabalak bolmagam mümkin — awt.

28

Page 33: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 33/84

- 6 -

Gökdepe galasynyň gurluşygy diňe Skobelewiň 6-njy iýuldakyçozuşynyň öň ýanynda doly gutarylypdyr. Gökdepe galasynyöwrenmek üçin ruslar telim gezek barlag geçirip, galanyň plany ny telim gezek çekipdirler. Ýesirlikden gaçan rus soldaty Petiniňmaglumatlary esasynda galanyň içiniňem takmyny planyny çe kipdirler. Ýöne galanyň instrumental takyk ölçegi 1881-nji ýyldageçirilipdir.

Grodekow «Türkmenistanda bolan uruş» diýen kitabyndagala hakda iki ýerde maglumat berýär. Ol ilki göz çeni bilengeçirilen ölçeglere salgylanyp şeýle ýazýar:

«Aýgytly hüjüme geçiljek döwre çenli biziň duşman galasyhakdaky maglumatlarymyz , şunuň ýalydy.

Diňlidepedaşynadiwarçekilen dörtburçlukdanybarat. Onuňtaraplarynyň uzynlygy:ab 366 sajen1, cd 294 sajen, bd bilenac -iňher haýsy 600 sažen.Ac -den beýleki taraplaryň hemmesi göniçyzyk formasynda bolup, diňeac -iň ortasy galanyň içine halkaşekilinde çala egrelipdir.

1879-njy ýylda diňecd ganaty burçundan başlap suwly ýabaçenli gurlupdyr; burçuň golaýynda açyk giňişlik bar; tutuş diwarköne eken, käbir ýerleri ýykylypdyr; galanyň iç ýüzünde garymýok.

1879 – 1880-nji ýyllaryň gyşynda Diňlidepede hiç kim ýaşa mandyr.

1880-nji ýylyň maýynda biz Bamyny eýelemek üçin Duz lyolumdan çykyp ugranymyzda tutuş oazisiň ilaty Diňlidepäýygnanypdyr we iýul aýyna çenli berkitme gurlup gutarylypdyr,diwarlary bolsa çyzgyda görkezilen derejä ýetirilipdir.

Galanyň diwarlary 2 saženeçenli beýiklikdäkiüýşürilengum dan ybarat; onuň galyňlygy düýbünde 5 sažene çenli, ýokarsyn

1Sažen – 3 arçyn ýa-da 2,13 metr.

29

Page 34: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 34/84

da 2,5 sažene ýetýär. Üýşürilen gumuň daşyna toýun pagsageýdirilipdir. Diwaryň üstünde onuň iki erňegindenem beýikli gi 2 arçyn2 palçyk diwarjyk galdyrylypdyr, daşky diwarjygyňgalyňlygy 1,25 arçyn, içki diwarjygyňky 1 arçyn. Daşky diwarjyk da her arçyn ýarymdan tüpeň atmak üçin 3 werşokdan3 ybaratgözara ýasalypdyr. Diwaryň iç ýüzünde ýokary çykmak üçingaty ýygy-ýygydan basgançak ýasalypdyr, özem ol ýapgyt bas gançaklar bir adam geçer ýaly edilip ýasalypdyr. Galanyň daşýüzündäki garym tutuş diwarlaryň daşyna aýlanýar. Garymyňçuňlugy hemme ýerde deň däl.A burçunda hem umuman ac

we cd taraplarynda 2 sažene ýetýär,ab tarapynda, aýratynam b

burçuna golaý ýerlerde 1 sažene ýetýär,bc tarapynda bolsa 1-den2 sažene çenli ýetýär. Garymyň ýokary erňekleriniň giňligi 2 –2,5 sažen. Garymyň içki hem daşky raýyşlary kert. Garymyň ra ýyşlary ýykylmaz ýaly basgançak ýa-da aýmança ýasalmandyr,diwaryň hem daşky garymyň raýyşy çala eňňit bolup gidýär.

Galanyň iç ýüzündäki garymyň giňligi 7 sažen, çuňlugy bolsa1 saženden 2 sažene çenli. Içki garym galanyň diwarlaryny bejer mek, galňatmak hem beýgeltmek üçin 1880-nji ýylyň baharyndagazylypdyr.

Galanyň 9 çykalgasy bar. Olaryň giňligi köplenç ýerde 2saženden 2,5 sažene çenli. Çykalgalaryň garşysynda garymyňdaşky erňeginden alty ädimlikde 1 arçyn galyňlykda, 3 arçyn beýiklikde, uzynlygy çykalganyň giňliginden has artygrak pal çyk diwar bar. Çykalgalaryň derwezesi ýok. Garymyň üstündeköpri gurulmandyr, diňe her çykalganyň garşysynda 1,5-den2 arçyna çenli inlilikde böwet goýlupdyr, diňe çykalgalaryň bi rindäki böwet top arkaýyn geçip biler ýaly giňlikde goýlupdyr.Galanyň içki garymyndaky böwetler daşky garymyňkydan giň.

2Arçyn — 0,74 metr.3Werşok — 4,4 sm.

30

Page 35: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 35/84

Galanyň içi käte çala oýtaňrak ýerleri bolan düzlük meýdan.A hem s burçlaryň töweregi birneme alaňrak. Diňlidepe ab hemas taraplardan 100 saženlikde ýerleşýär. Onuň beýikligi 10 sa žene ýetýär. Depäniň üstünde daş-töweregi garymly top bar.Galanyň içi maşgalalaryň okdan goranmagy üçin başly-baratgazylan çuň tümlerden doly.

Diňlidepeden 100 sažen günortarakda her tarapy 26 sažen bolan inedördül gala bar. Onuň palçykdan hem daşdan salnandiwarynyň beýikligi 2 sažene, galyňlygy 1 arçyna ýetýär, ondagözaralar hem galanyň üstüne çykmak üçin ýörite çykalgalarýok. Galanyň inliligi arçyn ýarym bolan agaç derwezesi bar.Galanyň daşyna ýalpak garym çekilipdir.

Gala Sekizýapdan suw gelýär. Ýabyň iki goly bar, olaryňikisi hem Diňlidepeden aňrylygyna çykyp gidýär. Olaryň su wuny aňsatlyk bilen sowmak boljak. 1880-nji ýylyň baharyndagalanyň ilaty b burçunyň golaýyndaky oýtaňrak ýerde diametri1 saženden artygrak, ýapgyt aýmançasy bolan guýy gazypdyr.Guýudan içmäge ýaramly suw çykypdyr».

Soňra Grodekow 1881-nji ýylda instrumental ölçegler esasyn da alnan has takyk maglumatlary getirýär:

«Diňlidepe nädogry, süýnmek formadaky dörtburçluk gala.Taraplarynyň uzynlygy: günbatar ganaty 675 sažen, demirgazykganaty 420 sažen, gündogar ganaty 720 sažen, günorta ganatyhem 240 sažen. Tutuş perimetri (daş-töwe-reginiň uzynlygy) 4werst4 55 sažen. Demirgazyk ganatyn-da 3, günbatar ganatynda9, günorta ganatynda 1, gündogar ganatynda hem 8 çykalgasy bar. Käbir çykalgalar daş ýüzünden ullakan ýarym aýlaw gaçy bilen penalanypdyr, bu bolsa daşky garymy gapdaldan gorama gamümkinçilik berýär. Çykalgalaryň giňligi 1 saženden 2 sažene

4Werst – 1,06 km.

31

Page 36: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 36/84

çenli. Daşky garymyň çuňlugy 6 futdan5 9 futa çenli, onuň daşkyerňeginde basgançaklar hem aýmançalar ýasalypdyr. Garymyňgiňligi 12 futdan 17 futa çenli.

Daşyna palçykdan pagsa geýdirilip, gum üýşürilip ýasalangalanyň diwary garymyň düýbünden başlanýar we beýikligi 14futa ýetýär. Galanyň diwarynyň aňry ýüzünde birgiden çukur lykdan ybarat içki garym bar, onuňam ölçegi daşky garym bilen barabar diýen ýaly. Diwaryň galyňlygy düýbünde 5 sažene, ýo karsynda bolsa 3 saženden 4 sažene çenli ýetýär, özem hemmeýerde diýen ýaly guşaklyga ýetip duran içki hem daşky aýman çalar bilen jäheklenipdir. Içki aýmançalar duşman galanyň içinekürsäp uran pursatynda peýdalanmak üçin ýasalypdyr. ÄhliOrta Aziýa galalarynda bolşy ýaly, duşman gala aralaşan pur satynda dowamly goranmak üçin niýetlenen şol aýmançalardagözaralar goýlupdyr.

Diňlidepäniň içi tekiz meýdan. Onuň demirgazyk-günbatar burçunda 7 sažen beýiklikdäki gumdan galdyrylan depe bar.Depeden birneme günortarakda kiçijik gala bar. Galanyň demir gazyk-gündogar burçunda bol süýji suwly guýular gazylypdyr».

Soňra Grodekowyň bu maglumatlaryny A. N. Kuropatkinhem «Türkmenistanyň basylyp alynmagy» diýen kitabynda şodurşuna diýen ýaly gaýtalaýar.

Galanyň içine ýygnanan ilatyň we öýleriň sany barada rusharby işgärleri dürli döwürlere degişli dürlüçe maglumatlarygetirýärler. Grodekow bir ýerde: «Galanyň içi öýlerden doludy,olaryň sany 13.000-e ýetýärdi; öýleriň arasynda demirgazykdangünorta tarap giň ýol goýlupdyr» diýip ýazýar. Başga bir ýer de galadaky öýleriň, çatmalaryň sanynyň 15.000-e golaýdygynyaýdýar. Ýene bir ýerde galadaky ilatyň 14.000 öýlüdigini ýazýar.Her öý başyna 5 adamdan hasap edip, galadaky ilatyň sanyny

5fut – 30,48 cm.

32

Page 37: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 37/84

aýallardyr çagalar bilen bilelikde 70.000 hasaplaýar. Ýarag göter mäge ukyply adamlary 14.000 hasaplaýar. Ýöne ol gala göçüpgelýän maşgalalaryň sanynyň köpelýändigini, şonuň üçinemDiňlidepäniň ähli ilatynyň 100.000-denem geçjekdigini ýazýar.Marydan gelen adamlar bilen bilelikde ýarag götermäge ukyplyadamlaryň sanyny bolsa 25 – 30 müňe ýetirýär. Başga bir ýer de bolsa galadaky erkek adamlaryň sanyny 12 müň hasaplaýar.Skobelewiň 1880-nji ýylyň 6-njy iýulyndaky çozuşy wagtyndagalada 18 müň maşgalanyň, 25 müňe çenli goraýjynyň bolandy gyny tassyklaýar.

Gökdepe galasyndaky tekeleriň sany hem ýaraglanyşy ba rada Grodekow şeýle ýazýar: «Gökdepedäki goraýjylaryň sany30.000-e çenlidi, olardan atly goşun 10.000-e çenlidi, galada ýaşa ýan ähli ilatyň sany bolsa 45.000-e ýetýärdi. Goraýjylaryň 5.000-egolaý tüpeňi bardy, olardan 600-si tiz atýan tüpeňdi, 6 funt kalibr li bir mis top we iki sany stanokly çoýun zemburek bardy. Sowukýarag, gylyç hem naýza goraýjylaryň hemmesinde bardy».

Spolatbog Gökdepä 25 müň maşgalanyň ýygnanandygyny,marylylary, çarwalary, alilileri hasap etseň, galada 35 – 40 müňadamyň bolandygyny ýazýar.

W. N. G. diýip gol çeken biri şeýle ýazýar: «Diňlidepäni go ramak üçin otrýadyň üstünden geçip gaýdan obalarynyň ähliilaty aýallary we çagalary, emlägi we azygy bilen şol ýere ýyg nanypdy. Olaryň umumy sany 30.000-e ýetýärdi. Biz bu sanyobanyň kwadrat sažen hasabyndaky meýdanyna paýlasak, onuňtutýan meýdanynyň her 4 kwadrat saženine üç adama golaýdüşýändigini bileris: şundan hasap tutanyňda, obanyň öýdenhyryn-dykyndygy baradaky netijä gelmek mümkin. Eger ilatyňumumy sanyndan aýallardan ybarat ýarpysyny aýyrsak, galanýarpysyndanam garrylardyr çagalara düşýän dörtden bir böle gini aýyrsak, alan 7.500 sanymyz galany goraýjy uly adamlaryň

33

Page 38: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 38/84

takmynan sanyny aňladar. Ýöne galany goraýjylaryň hakykysany has köpdi, sebäbi söweşlere diňe 16 – 17 ýaşly ýetginjeklerdäl, hatda aýallaram gatnaşýardy».

Başga bir ýerde W. N. G. şeýle ýazýar: «Obanyň ilatynyňumumy sany 45.000diýiphasaplanýardy, olardan20.000-si söweşesgeridi, geçen ýylda bolşy ýaly, söweşlere hatda 14 – 15 ýaşlyçagalaram gatnaşýardy».

Galanyň ilatynyň 45 müň töweregi bolandygy, uruşmagaukyply adamlaryň 20 – 25 müň adam bolandygy, urşa hatda 14 –15 ýaşly çagalaryňam gatnaşandygy başga-da köp çeşmelerdeagzalýar.

34

Page 39: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 39/84

- 7 -

Skobelewiň 1880-nji ýylyň 6-njy iýulyndaky çozuşyndan soň, ga ladaky ýagdaýlar has çylşyrymlaşýar. Syçmazlar bilen begler ga lany taşlap, guma göçmegi talap edipdirler. Wekiller bilen bagşy daşaýaklar bolsa uruşmagyň tarapynda durupdyrlar. Bu ýagdaýMagtymguly hanyň täsirini belli-külli gowşadypdyr. Ýörite mas lahat çagyrylypdyr. Dörthanlylyk döräpdir. Daşary meselelerdeMagtymguly hana sarpa goýulsa-da, ol il ýüzüne ähli tekäniňhany hasaplansa-da, içki meseleleri her tiräniň özi çözmeli edip dirler. Wekillere Magtymguly han, syçmazlara Mämmetgulyhan, beglere Orazmämmet han, bagşydaşaýaga Hezretguly hanhan saýlanypdyr. Syçmazlar göçmeli diýip aýak depip duransoň lar, uruşmagyň tarapdary Mämmetguly han Dykma serdar bilenGurbanmyrat işanyň zor salmagy netijesinde han saýlanypdyr.

Her han öz tiresine baştutanlyk edipdir, her han galanyň öztiresi tarapyndan salnan ganatyny gorapdyr, her han öz tiresiniňgaladan göçüp gitmezligi üçin jogap beipdir. Ýurt üçin şeýleagyr pursatda ilhanylary bilen arany bozmazlyk üçin, parsla ryň üstüne alamana gitmezlik karar edilipdir. Allaberdi şyhdan,Şükür helilden, Mahytdan1 hem Garagandan2 ybarat hormat ly wekiller iberilýär. Olar Ruhnut Döwleden şu kyn pursatdaçozmazlygy haýyş edipdirler. Özleriniňem ýekelikde-de alamanetmejekdiklerine söz beripdirler.

Wekiller Ruhnut Döwle Tährandan jogap alýança, Maşatdadokuz gün bolupdyrlar. Ruhnut Döwle Tährandan jogap alyp,teke wekillerine şahyň ähli ilhanylara Ahal bilen il bolmagy buý randygyny aýdypdyr. Özem tekeler tarapyndanam ýekeje-dealamanyň bolmazlygyny talap edipdir.

Şondansoň tekeler Eýranaarkaýyn gidipdirler, gurşun, peşeň1Spolatbog şeýle ýazýar. Belki, Mahmytdyr — awt.2Spolatbog şeýle ýazýar. Belki, Gara handyr — awt.

35

Page 40: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 40/84

satyn alypdyrlar. Iki gezek däri alypdyrlar.Maşada giden hormatly wekiller iňlis agenti Apbas han bi

lenem duşuşypdyrlar. Grodekowyň tassyklamagyna görä, te keler iňlislere janlaryny ynanmandyrlar. Hindistandan erme ni söwdagäri bolan bolup gelen iňlis polkownigi Stýuart hem,kapitanlar Gill bilen Botler hem tekeler bilen gatnaşyk açyp bil mändirler. Tekeler iňlis adamy bolan bolup ruslar öz aralarynaaralaşar öýdüp gorkupdyrlar. Şonuň üçinem tekeler diňe Apbashana ynanypdyrlar. Sebäbi, birinjiden, ol musulman bolupdyr,ikinjiden, ony tutuş Maşat tanapdyr, üçünjiden, Maşada gelýänadamlar ony iňlis hökümetiniň adamy, iňlis konsuly hökmün de tanapdyrlar. Ol iňlisleriň tekelere goşun kömegini berjeginiaýdypdyr. Ýöne tekeler iňlislerden Apbas hanyň şol gezek Mag tymguly hana sowgat iberen dürbüsinden hem rewolwerinden başga hiç hili kömek almandyrlar.

Tekeler ruslaryň Eýrandan azyk çekýändiklerini bilipdirler.Olaryň skladlarynyň nirelerdedigini hem bilipdirler. Olar rusla ryň azyk skladlaryny talap biljek ekenler. Ýöne Eýrany öjükdir mejek bolup, ne Eýrandan azyk çekýän rus kerwenlerine päsgel beripdirler, ne azyk skladlaryny talapdyrlar.

Tekelerde ruslaryň güýji hakda anyk maglumat bolmandyr.Dürli «myş-myşlar» ýaýrapdyr. Gökleňler we rus goşunlarynahyzmat edýän jigitler ruslaryň 100 topunyň bardygyny habar beripdirler. Dykma serdar bolsa özüniň diňe 12 top görendigini,ýöne olaryň gaty çalt atýandygyny, şonuň üçinem 100 topmu ka diýdirýändigini tassyklapdyr. Ýöne onuň bu maglumatynaynanmandyrlar. Şeýle-de bolsa tekeler köp wagtlap Skobelewiň bar güýji onuň 6-njy iýuldaky çozuşyna gatnaşan goşundan yba ratdyr öýdüp gezipdirler we bu ýagdaý olaryň ruslara garşyuruşmagy ýüregine düwmeginde belli derejede rol oýnapdyr.

1880-nji ýylyň 30-njy iýulynda tekeler 4.000 pyýada goşun

36

Page 41: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 41/84

bolup hüjüme çykýarlar. 600 sany maryly hem saryk atlysy-daolara goşulýar. Pyýada goşun iki bölege bölünipdir. Bir bölegineHezretguly han bilen Öwezdurdy han serdarlyk edipdir. Bu bö legiň öňünde Bendeseni almak wezipesi goýlupdyr. Ikinji bölegeGurbanmyrat işan bilen Orazmämmet han serdarlyk edipdir. Butoparyň wezipesi Bamy bilen Bendeseniň aralygyndaky telegrafaragatnaşygyny bozmakdan, Bama çozup, ol ýerdäki garnizonyýok etmekden, ol ýerdäki toplary ele salmakdan ybarat bolupdyr.Dykma serdaryň atlylary Hojagalany almaly eken. Atlylaryň bir bölegi bolsa Bama çozjak pyýada goşuna kömek etmeli eken.

Ýöne pyýadalar ruslar ýene Gökdepä çozjakmyş diýen haba ry eşidip, çagalaryny goramak üçin yzyna, gala gaýdypdyrlar.Dykma serdar öz atlylary bilen Hojagala çozupdyr. Ýöne onyalyp bilmändir. Diňe mal sürüp gaýdypdyr.

Awgustyňahyrlarynda ruslar jansyzlaryň üsti bilen Gökdepe däki tekeleriň ruslaryň üstüne çozmak üçin uly taýýarlyk görýän digini eşidipdirler. 3-nji sentýabrda bolsa jansyzlar 600 atlydan,600 pyýadadan ybarat toparyň Mihaýlowliniýasyna ýetmeküçinugrandygyny habar beripdirler.

Mundan başga-da Öwezmyrat serdar Batagyň, Gulbatyr ser daryň toparlary Bendesene, Hojagala tarap hereket edipdirler.Emma olar üstünlik gazanyp bilmändirler. Grodekowyň tassyk lamagyna görä, tekeler her gezekki çaknyşykda ruslardan 5 – 6esse köp ýitgi çekipdirler.

Tekeleriň 14-nji sentýabrda Gazanjyga eden çozuşy hem şow suz gutarypdyr. Şonda 10-njy sentýabrda Gökdepeden çykantekeleriň hemmesi 1.000 adamdan kän däl eken, özem esasanGökdepe bilen Bamy aralygyndaky obalaryň adamlary eken.

Tekeler ruslaryň üstüne çozup üstünlik gazanyp bilmänsoň lar, esasy ünsüni kerwen talamaga, Gökdepe galasyna göçüpgelmekden, ruslara garşy uruşmakdan ýüz dönderen nohurlary

37

Page 42: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 42/84

talamaga beripdirler. Dykma serdar Nohury weýran etmäge, ila tyny bolsa zor bilen Gökdepä göçürip getirmäge kasam edipdir.Ýöne ruslar nohurlara wagtynda kömege ýetişipdirler.

Tekeler ýeke-täk ýa-da kiçijik toparlar bolup, gijelerine rus laryň üstüne duýdansyz çozup durupdyrlar. Olar gylyçlarynyagyzlaryna alyp, ýalaňaç gelýär ekenler. Rus soldatlarynyň üs tüni gapyl basyp, öldürýär hem ýaragyny alýar ekenler. Ýöneolar beýle batyr hereketleri üçin köplenç janlaryndan geçmeli bolupdyr.

Ruslaryň kem-kemden öňe süýşmegi, olara garşy çozuşlaryňşowsuzlyk bilen gutaryp durmagy galany goraýjylary ruhdangaçyryp başlapdyr. Marylylar ruhdan duşüp, yzlaryna gaýdyp dyrlar. Gökdepe galasyny taşlap gitmeli diýýän adamlar barhaköpelipdir. Mara, Saragta, Hywa, Eýrana göçmegiň gürrüňiedilipdir. Hatda tekeleriň bir bölegi galany taşlap gidipdir. Ku ropýatkiniň tassyklamagyna görä, oktýabr aýynda 1.000 öýliTejene, 1.500 öýli Mara göçüpdir.

Oktýabr aýynda dört han ýörite maslahat geçirmäge, ilatyňgaladan göçüp gitmezligi üçin gaty berk çäreler görmäge mejbur bolupdyr. Göçýänleri saklamak üçin 800 atly bellenipdir. Olaragaladan gaçyp gidenleri zorluk bilen yzyna gaýtaryp getirmäge,olaryň emlägini özlerine almaga hukuk berlipdir.

Maslahat galada galmagy hem goranmagy karar edipdir. On da ekin ekmek üçin ýer sürmelimi-dälmi diýen meselä hem sere dilipdir. Gapma-garşylykly pikirler orta atylypdyr. Ýöne Maşat dan Apbas hanyň iňlisleriň kömek berjekdigine umyt döredipýazan hatynyň okalmagy bu meseläniň oňyn çözülmegine sebäp bolupdyr. Gökdepe bilen Gäwers aralygynda hemme ýerde ekinekilipdir.

Goranmagy pugta ýüregine düwen tekeler Gurbanmyrat işa ny kömek soramak üçin Mara iberipdirler. Olar kömek sorap

38

Page 43: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 43/84

Hywa hanyna hem hat ýollapdyrlar. Seýit Muhammetrahymhan tekeleriň hatyny Amyderýa bölüminiň naçalnigi polkownikGrotengelme iberýär. Grotengelm hana tekelere Skobelewiň ga haryny getirmän, Ak Patyşanyň rehimdarlygyna boýun synmagymaslahat bermegi tabşyrypdyr. Han şeýle hem edipdir.

Tekeler kömek sorap Hywa ýomutlaryna hem ýüz tutup dyrlar. Ýöne olar Hywa hany biziň kömek berjek bolýanymyzy bilen badyna bu hakda ruslara habar berer, olaram biziň öýümi zi başymyza ýumrar diýip, ruslardan howatyr edýändikleriniaýdypdyrlar.

Käbe hojany tekeler Büjnürt hany Ýarmämmet hanyň ýanynakömek soramaga iberipdirler. Ýarmämmet han diňe tekeleriňdört hanynyň biri gelse resmi jogap berjekdigini aýdypdyr. Res mi däl suratda bolsa ýa ruslar bilen ýaraşmagy, ýa-da gaçypgitmegi maslahat berýärin, ýogsa baryňyz —gyrlarsyňyz diýip jogap beripdir.

Aşgabat bilen Gökdepäniň garşysynda ýaşaýan Şuja ud-Döw le wagtdan peýdalanmagy, tekeleriň malyny talamagy ýüreginedüwüpdir. Pöwrizäniň üsti bilen uly alaman etmekçi bolup dyr. Munuň üçin 1.500 atly, 2.000 hem pyýada goşun toplapdyr.Ýöne Skobelew oktýabr aýynda tekeleriň göçmäge bolan meý liniň artýandygyny bilip, olar göçüp gider öýdüp gorkupdyr.Şonuň üçinem bu wagt tekeleriň üstüne alaman etmegiň wagtydäl diýip, ruslaryň Eýrandaky wekili Zinowewiň üsti bilen Şujaud-Döwläniň alamana gitmegini goýbolsun etdiripdir.

Hakykatdanam, tekeleriň galany taşlap gitmek meselesi rus lary hem olaryň özünden pes biynjalyk etmändir. Olar tekelergöçüp gider öýdüp gaty gorkupdyrlar. Sebäbi bu ruslaryň ähliplanyny puja çykarmak howpuny salypdyr.

Rus goşunlarynyň 1879-njy ýylda Gökdepe galasynyň etegin de ýeňlişe sezewar bolmagy olaryň ýagdaýyna uly täsir edip

39

Page 44: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 44/84

dir, rus goşunlarynyň ýeňilmezdigi hakdaky pikiriň düýbünepalta urupdyr. Adamlaryň aňynda hut şeýle pikiriň pugta or naşandygy sebäpli ruslar azajyk goşun bilen bütin Türküstandaasudalygy saklap gelipdirler. Şonuň üçinem Skobelew parahat çylykly ýol bilen näçe territoriýa eýelense-de, rus goşunlarynyňabraýyny dikeldip bilmez diýip hasap edipdir, tekelere berk jeza bermegi, rehimsizlik bilen gyrmagy ýüregine düwüpdir. Teke leriň Gökdepe galasyna ýygnanmagy bolsa muňa iňňän amatlyşert döredipdir. Olary bir zarbada derbi-dagyn etmäge mümkin çilik beripdir.

Ikinji tarapdan bolsa, general Kuropatkiniň tassyklaýşynagörä, tekeleriň Mara ýa-da Tejene çekilmegi uruş möhletiniňuzalmak, Türkmenistanyň ikinji Kawkaza öwrülmek howpunysalypdyr. Şonuň üçinem Skobelew tekeler galadan giderler öý düp gaty gorkupdyr, olaryň gitmezligi üçin elinden gelen ähliçäreleri görüpdir. Ol Şuje ud-Döwläniň alamanyny hem şol se bäbe görä goýbolsun etdiripdir.

Skobelew Gökdepe galasynyň alynmagyna tutuş oazisiň bo ýun etdirilmegi hökmünde garapdyr, şondan soň tekeleriň gar şylyk görkezmäge moral güýç tapmajakdygyny bilipdir.

Gökdepe bilen Gäwers aralygyndaky ilatyň ýer sürüp, ekinekmäge başlamagy, ruslary birneme arkaýynlaşdyrypdyr. Olarmuňa tekeleriň galany taşlap gitmek niýeti ýok diýen manydadüşünipdirler.

40

Page 45: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 45/84

- 8 -

Noýabryň ortalarynda Gökdepe galasyna hüjüme gatnaşjak go şun otrýadlary Bama gelip başlapdyr. Bamydan çykyp hüjümegitmeli esasy güýçleriň birinji kolonnasy 26-njy noýabrda şol ýe re jemlenipdir. Ol kolonna 26 rotadan, 3,5 ýüzlükden, 67 topdanybarat eken. Birinji kolonna Bamydan çykandan soňra hem buýere goşunyň jemlenmegi dowam edipdir.

30-njy noýabrda rus goşunlary Gökdepeden 12 wýorstlik-deýerleşýän Ýegenbatyr galasynda peýda bolupdyrlar. Birinji de kabrda bu ýere 2.000 adam 15 günlük azygy bilen jem bolupdyr.Otrýadyň 700.000 patrony, dürli toplar üçin 6.704 snarýady, 2.000sany sapýor guraly bar eken.

Ruslar Ýegenbatyr galasyny eýelänlerinden soň, alty aýyňdowamynda olaryň daýanç punkty bolup hyzmat eden Bamyöz harby, strategiki hem söweş ähmiýetini ýitiripdir. Skobelewkem-kemden ähli güýçlerini Ýegenbatyr gala jemläp başlapdyr.

Skobelewiň goşunlarynyň Ýegenbatyr galasyny eýelemegişeýle bir garaşylmadyk ýagdaý bolupdyr, hatda tekeler goýunsürülerini hem äkitmäge ýetişmändirler. Ruslar müňläp dowarolja alypdyrlar.

Ýegenbatyr galasyndan hüjüme geçilmegi intendant, artille riýa hem gospital serişdeleriniň jemlenmegine bagly bolupdyr.Skobelew Ýegenbatyr galasyndan aýgytly hüjüme bu ýere 4.000pyýada goşun, 47 top, 9 sany ýüzlük kazak, 2 eskadron dragun,goşunlar üçin 2 aýlyk azyk, her bir tüpeňe 300 ok, her bir topa 3komplekt snarýad toplanandan we 4-nji gospitalyň bir bölümigetirilenden soň başlamagy ýüregine düwüpdir. Şonuň üçinemÝegenbatyr galasyna goşunlaryň jemlenmegi bilen bir wagtda bu ýere Bamydan azyk daşamak işi hem dowam etdirilipdir.

Ruslar Ýegenbatyr galasyny eýelänlerinden soň, tekeler olarýüzüniň ugruna hüjüme geçerler öýdüpdirler. Ýöne olar hüjüme

41

Page 46: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 46/84

geçmänsoň, 1-nji dekabrda özleri hüjüme geçipdirler. Atyşykdansoň, agşam ýene gala dolanypdyrlar.

4-nji dekabrda rus goşunlary galanyň hem onuň töwerekleri niň topograýasyny öwrenmek üçin hüjüme geçipdirler. Tekeler bilen bolan çaknyşykda 4 adam ölüpdir, 19 adam ýaralanypdyr.Agşam rus goşunlary yzlaryna gaýdanda, tekeler olaryň yzynadüşüpdirler. Ýöne şol wagt Aý tutulypdyr. Tekeler yzlarynagaýdypdyrlar.

Ruslaryň Ýegenbatyr galasynda ornaşyp, häli-şindi barlaghüjümlerini geçirip durmagy, tekeleri ynjalykdan gaçyrypdyr.Dekabryň 12-sinden 13-ne geçilýän gije goňurlaryň galanyň da şynda ýerleşýän 1.000 maşgalasy Nurka-lauwyň1 baştutanlygyn da guma göçüpdir.

18-nji dekabrda ruslar baş barlag (generalnaýa rekognossi rowka) hüjümini geçiripdirler. Oňa «generalnaýa» diýilmeginiňsebäbi dört sany general — Skobelew, Grodekow, Petrusewiçhem Annenkow — gatnaşypdyr. Şonda general Annenkow Ýaň galanyň ýanynda golundan çalaja ýaralanypdyr.

Ýaňgala ruslar hem, tekeler hem uly ähmiýet beripdirler. Sko belewiň oňa uly üns bermeginiň sebäbi ol ýerden Germaba ýolaçmak mümkin eken. Mundan başga-da ol Sekizýabyň ugrundaýerleşipdir, obanyň eýelenmegi bilen suw meselesi çözülipdir.Tekeler bolsa ruslaryň Ýaňgala zor salýanyny görüp, olar munygalanyň suwuny sowjak bolup edýändirler öýdüpdirler.

Ýaňgalany syçmaz Mämmetguly han 2.000 pyýada goşun bilen gorapdyr. Ilki ol ýerde Dykma serdaryň atlylary hem bareken. Ýöne soňra ol atlylaryny gala geçiripdir. Galadan bolsaÝaňgalany goramak üçin ýene 2.000 pyýada nöker alypdyr. Ýöneolar bilen uzak gidip bilmändir. Mämmetguly han Ýaňgalanytaşlapdyr. Dykma serdary bolsa rus artilleriýasy yzyna gaýtma

1Grodekow «Nurkelau» diýip ýazýar. Belki, Nury kelewdir — awt.

42

Page 47: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 47/84

43

Page 48: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 48/84

44

Page 49: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 49/84

ga mejbur edipdir. Ýaňgala goralanda Magtymguly hanam bareken. Ol wekillere serdarlyk edipdir.

20-nji dekabrda Ýaňgalanyň ruslar tarapyndan eýelenmegitekeleri gaty gorkuzypdyr. Olar uly maslahat geçiripdirler. Hem me kişi ruslar suwy sowar, suwsuz galarys diýen pikirde eken.Şonuň üçinem olar gyssagly suratda guýy gazyp başlapdyrlar.Olar ruslaryň suwy sowmak barada pikir etmeýändigine göz ýe tirýänçäler on bir sany guýy gazypdyrlar. Soň gorky gaçyşypdyrhem guýy gazmak bes edilipdir.

21-nji dekabrda, Ýaňgalanyň alnan gününiň ertesi Mara kö mek sorap giden Gurbanmyrat işan 2.000 atly alyp gelipdir. Ma rydan gelen atlylara Gajar Topaz han serdarlyk edipdir. Şol günruslaryň lageri Diňlidepeden 800 sajen aralykda eken.

Ruslar eýelän ýerlerinde garymgazyp ornaşypdyrlar. Tekelerolar ilkinji parallelden hüjüme başlar öýdüpdirler. Emma ruslargala hüjüm etmäge howlukmandyrlar. Hem söweş bilen barlaggeçiripdirler, galany, onuň töwereklerini öwrenmeklerini dowametdiripdirler, hem galany gabamak niýeti bilen keseligine, dikli gine garymlar gazyp, öňe süýşmeklerini dowam etdiripdirler.

22-nji dekabrda söweş bilen geçiren barlaglaryndan soň, rus lar Gökdepegalasynaonuň günorta-gündogarburçundanhüjümetmek amatly diýen netijä gelipdirler. Sebäbi bu burç beýleki burçlardan ýiti eken. Bu bolsa galanyň günorta hem gündogarganatlaryny gözegçilik astynda saklamaga we gabaw işleriniuzaga çekdirmän, iki gapdallaýyn ot açmaga mümkinçilik berip dir. Galanyň günorta ganatynyň garşysyndaky meýdan birnemealaňrak bolup, demirgazyga ýapgyt bolup gidýär eken we gala nyň içine gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär eken. Gündogarganatynyň garşysyndaky meýdan bolsa aşak ýapgyt gaýdýareken hem galanyň içini gözden gizleýär eken. Galanyň günortatarapyndaky suwly hem gury ýaplar lager bilen gabaw işleri

45

Page 50: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 50/84

niň arasynda gizlin aragatnaşygy ýola goýmaga mümkinçilik beripdir. Gabaw işleriniň möhledini gysgaldypdyr. Mundan başga-da galanyň gündogar ganatynda diňe ýalaňaç diwardanybarat gowşak ýeri bardyr öýdülip çak edilipdir. Galanyň şolýeri ençeme ýerinden jaýryk atan eken.

Ruslar galany gabamak işlerini 20-nji dekabrdan başlapdyrlar.Ruslaryň birinji paralleli gazyp başlanlaryny gören tekeler olarmuny gizlenmek üçin edýändirler öýdüpdirler. Sebäbi olaryňözleri hem pars galalaryny şeýdip gabar ekenler. Ruslaryňkyýaly uly garymlar gazmasalaram, gabawdakylaryň gözündengizlenmek üçin çukurlar gazypdyrlar.

Emma ruslaryň birinji parelleli gazmagy gabawyň başlanma gyny aňladypdyr. Ruslar şondan soň garym gazyp, kem-kemdenöňe süýşüp başlapdyrlar. Olaryň soňra nagym gazmak üçin çe ken gizlin garymy galanyň daşyndaky garymyň edil alkymyna barypdyr.

Ruslaryň garymlar gazýanyny görselerem, tekeler olaryňmaksadyna doly düşünmändirler. Orslar-a doňuz ýaly bar ýeridörüp çykjak diýipdirler.

Tekeler galany taşlap gider öýdüp gorkýan Skobelew tekele riň her bir hereketine eserdeňlik bilen üns beripdir. 22-nji dekabr da galadaky goh-galmagalyň köpelenini eşiden Skobelew tekelergalany taşlap göçüp gitjek bolýandyrlar öýdüpdir. Olar gaçypgiden halatyňda öňlerini kesmek üçin general Petrusewiçi Gök depe galasynyň gara-görnüm gaýra-gündogarynda ýerleşýän Juma gala iberipdir.

Juma galanyň daşy baglyk eken. Özem ol ýerde köp bede,saman zapasy bar eken. Köp mukdarda däne gömlüpdir. Ruslarol ýere baryp, bede, saman alyp gaýdýar ekenler.

Rus soldatlarynyň Juma gala bede, saman almak üçin gid ýändiklerini bilen tekeler hem olary garawullapdyrlar. Gulbatyr

46

Page 51: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 51/84

serdaryň baştutanlygynda 400 adam Juma galasyny saklamagagidýär. Gulbatyr serdar ýanyna 60 adam alyp, galanyň özün de galypdyr. Beýleki atlylar bolsa baglaryň, haýatlaryň içindegizlenipdir.

23-nji dekabrda daňdanlar ol ýere baran Petrusewiçiň atly laryny tekeler ot bilen garşylapdyrlar. Çaknyşyk gaty güýçli bolupdyr. Iki tarap hem uly ýitgi çekipdir. Şol söweşde ölengeneral Peotrusewiçiň maslygy telim gezek elden-ele geçipdir.

Ahyry Gulbatyr serdar atlylarynyň bir bölegi bilen galanytaşlap gaýdypdyr. Bagyň içinde, haýatlaryň düýbün-de gizlenentekeleriň hemmesi diýen ýaly gyrlypdyr. Gulbatyr serdar gaý dandan soň, galada diňe onuň eýeleri galypdyr. Ruslar olaryňam baryny gyrypdyr.

Bu söweşi tekeler özleri üçin ullakan şowsuzlyk hasaplapdyr lar. Olar ruslara nähili zyýan ýetirendiklerinden bihabar ekenler.Diňe üçünji gün Dykma serdar geçip barýan jigitlerden tekeleriň bir generaly hem köp soldaty öldürendiklerini bilipdir. Şol günruslar öli hem ýaraly 72 adam ýitiripdirler.

Soň ruslar Juma galasyndan köp däne olja alypdyrlar.Nurberdi han ölenden soň, Dykma serdaryň roly güýçlenip

başlapdyr. Ruslaryň galanyň alkymyna gelmegi bilen bolsa olhakykat ýüzünde tekeleriň baş serdaryna öwrülipdir. Goran mak işlerine bütinleý şol ýolbaşçylyk edipdir. Ilat hem oňa berkynanypdyr. Şonuň üçinem, resmi suratda ol baş komanduýuşiýdiýlip yglan edilmese-de, maslahatlarda esasan Dykma serda ryň sözi geçipdir. Tekeler şondan ozal hiç wagt hiç bir adamaDykma serdara ynanyşlary ýaly ynanmandyrlar. Hemme kişionuň buýrugyna boýun bolupdyr. Hatda indi maslahatlary hemonuň özi geçirip, özi ýolbaşçylyk edipdir.

Şeýle maslahatlaryň biri tekeleriň 1880-nji ýylyň 28-nji dekab ryndaky gijeki çozuşynyň öň ýanynda bolupdyr. Esasan gylyç,

47

Page 52: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 52/84

pyçak, syryklaryň ujuna gyrkylyk, syndy berkidilip ýasalan naý za bilen ýaraglanan tekeler şol döwrüň iň kämil ýaragy bilenýaraglanan rus goşunlaryna kär edip bilmändirler. Diňe sowukýarag bilen garpyşma söweşine ökde tekeleri ruslar golaýynaeltmändirler. Atlylar hem ok ýetere baryp, atlaryny oka berip bilmändirler.

Şonuň üçinem tekelere diňe gije duýdansyz dökülmek müm kinçiligi galypdyr. Dykma serdar maslahatda gije çozmak bilenruslary gyrmagy wada beripdir. Gije çozuşa gitmäge döwtalap laryň öňüne düşüp, özüniň hem gitjekdigini aýdypdyr.

Maslahat Dykma serdaryň bu teklibini uly umyt bilen gol lapdyr. Gije duşmanyň üstüne çozmaga döwtalap 4.000 adamýygnanypdyr. Olaryň arasynda syndysyny taýagyň ujuna daňanaýallaram bar eken.

Çozuşa giden adamlaryň öz ähdinde durmagy üçin hanlarhem aksakgallar galanyň derwezeleriniň agzyny saklapdyrlar.Olara gorkusyna yzyna gaýdyp gelenleri ýa-da gitmek isleme ýänleri öldürmek tabşyrylypdyr.

Dykma serdar deslapdan Marydan gelen Topaz hany öň ha tara, özüniň çozjak ýerini gabamaga hem oka tutmaga iberýär.

Tekeler üç hatar bolup çozupdyrlar. Ilki hatarda hüjüme gid ýän erkek adamlar bolupdyr. Olar ýanlary bilen tüpeň alman dyrlar. Aýaklary ýalaňaç, gollary çermelgi, donlaryny arkasynaçalyp daňyp, elleri gylyçly, jöwher pyçakly, gyrkylykly söweşegidipdirler...

Ikinji hatarda gidenler ölüleri hem ýaralylary ýygnapdyrlar.Tekeler ölüsini ýa-da ýaralysyny söweş meýdanynda galdyrypgitmegi gaty namys bilipdirler. Üçünji hatar olja ýygnaýanlardanybarat bolupdyr. Olar ok, ýarag olja almaga gyzyp, has öňe gi denlerini duýman galypdyrlar we birnäçesi janyny pida edipdir.Olja ýygnaýanlar gaty çakgan işleýär ekenler. Sanlyja minutyň

48

Page 53: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 53/84

içinde garymlarda galan tüpeňleri almaga, öli soldatlaryň geý mini sypyrmaga ýetişipdirler.

28-nji dekabrdaky gijeki çozuş tekeleriň ikinji Ahalteke eks pedisiýasy döwründe gazanan iň uly şowly ýeňşi bolupdyr. Olarşol gün ullakan ýitgi çekmändirler. Bu ýeňşe olaryň özleri has-da buýsanypdyrlar, rus goşunlarynyň azyndan ýarpysyny gyrandy rys öýdüpdirler. Tekeleriň çak edişi ýaly bolmasa-da, şol gezekruslar, hakykatdanam, uly ýitgi çekipdirler. Apşeron polkunyň4-nji batalýonynyň baýdagyny elden gideripdirler. Ony gypjaklyBegenç diýen biri olja alyp, öýüniň gapdalynda dikip goýupdyr.Tekeler mundan başga-da bir topy ýanynyň iki gapyrjak oky bi len olja alypdyrlar2. 5 sany ştab hem ober oseri, 91 kiçi çinlisoldaty öldüripdirler. Bir oser bilen 32 kiçi çinli ýaralanypdyr. Jemi 129 adam hatardan çykypdyr.

Bu ýeňiş tekeleriň ruhuny göteripdir. Ruslar galany alyp bilmez diýen umyt döredipdir. Hut şol günüň ertesi olar oljaalan topuny ulanyp başlapdyrlar. Emma top okunyň nädeniňdeýarylýandygyny bilmändirler, şonuň üçinem olaryň atan oklaryýarylmandyr we ruslara hiç hili zeper ýetirip bilmändir.

Rus soldatlarynda bolsa tekeleriň bu ýeňşi belli derejede ru huçökgünlik döredipdir. Goşun ýadady, oňa birki gün dynç bermeli, garymlary tertibe salmaly diýen adamlar tapylypdyr.Skobelew muňa çürt-kesik garşy bolupdyr. Biz bu ýere garymgazmaga gelemzok, öňe süýşmek üçin geldik, gyssanmak ge rek, basym bar zady gutarmak gerek diýipdir. Bu ýeňlişiň özgoşunlarynda galdyran täsirini ýumşatmak, tekeleriň bolsa hasgylaw almagyna ýol bermezlik üçin, birnäçe zerur çäreleri amalaaşyrmagy buýrupdyr. Garymlar ýalpak bolansoň, olaryň için de ýatman, arka ýüzünde ýatmak, çukur gazyp, gum üýşürip

2Spolatbog çykgytda "topy köhmelli Myrat batyr getirdi" diýip ýazýar.Belki, "köşüli" bolmalydyr — awt.

49

Page 54: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 54/84

goranmak barada görkezme beripdir. Bu bolsa tekeleriň soňkygijeki çozuşlaryna erbet täsir edipdir. Ruslar garymyň içindediröýdüp, olaryň üstüne dökülen tekeleri garymyň arka ýüzündenot bilen garşylapdyrlar.

Tekeleriň gijeki çozuşynyň ruslaryň ýagdaýyna hiç hili täsirýetirmändigini subut etmek üçin, her edip-hesip edip, galanyňdiwarlarynyň edil alkymynda ýerleşýän Pürli meýdan galasynyeýelemegi Skobelew ikinji paralleliň sag angynyň naçalnigine buýrupdyr. Bu buýruk berjaý edilipdir.

Ruslar basyp alan obalaryna, galalaryna täze at dakypdyr lar. Ýegenbatyr galasyna Samur berkitmesi, Duruna Orenburg berkitmesi, Arçmana Poltawa berkitmesi, Keletä Krym berkitme si, Gajar gala Daýanç (Opornoe) berkitmesi, Ogurly gala Atlygoşun (Kawaleriýskoe) berkitmesi, Ötgür gala Olga galasy, Taň ryguly azman galasyna Prawoangowaýa gala, Meretdurdy galaMelniçnaýa (Degirmenli) gala, Pürli meýdan galasyna hem We likoknýažeskaýa (Beýik knýaz) galasy diýip at beripdirler. Şolgalalaryň birenteginiň türkmençe adyna gabat gelinse, birnäçesi niň türkmençe ady ýitip gidipdir. Mysal üçin, Ohotniçýa (Awçy)galasy diýilýän kiçijik galanyň türkmençe adyna biz şu wagtaçenli okan çeşmelerimiziň hiç birinde duş gelmedik.

Gökdepe galasynyň günorta-guşluk tarapynda, onuň diwa ryndan bary-ýogy 240 ädimlikde ýerleşýän Pürli meýdan galasygabawyň soňky döwründe aýratyn uly rol oýnapdyr. Ol tä 29-njydekabra çenli tekeleriňelinde eken. Pürli meýdan galasy Sekizýa byň bir golunyň sag tarapynda ýerleşipdir. Onuň golaýjagynda,ýabyň çep kenarynda hem iki sany kiçijik gala bar eken. OlaryňTürküstan atlandyrylan biri Pürli meýdan galasyndan 120 ädimçepde ýerleşýär eken. Awçy galasy bolsa Gökdepe galasyndan bary-ýogy 50 saženlikde ýerleşipdir. Ruslar galalaryň üçüsinehem Welikoknýažeskaýa diýip at beripdirler. Şonuň bilen bir

50

Page 55: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 55/84

wagtda her haýsyny aýratynlykda hem atlandyrypdyrlar.Pürli meýdan galasynyň, aýratynam Awçy galasynyň eýelen

megi ruslar üçin gaty uly ähmiýete eýe bolupdyr. Awçy gala synyň bir çüňkündäki diňiň üstünden Gökdepe galasynyň içitutuşlygyna diýen ýaly görnüp durupdyr. Ol ýerden rus soldat lary galanyň içinde gezip ýören adamlary hem atyp bilipdirler.Galanyň içinde ok çöpläp ýören çagalaram olaryň okundan heläk bolupdyr. Iň esasysy bolsa indi ruslar bu ýerden galanyň içineyzygiderli gözegçilik edip, ol ýerde nämeler bolup geçýäninisynlap bilipdirler.

28-nji dekabrdaky üstünlikdeň ruh alan tekeler 30-njy dekab rda hem gijeki çozuşlaryny gaýtalapdyrlar. Bu gezekki çozuşa6.000 adam gatnaşypdyr. Olaryň arasynda olja ýygnamak üçingidýän aýallaram bolupdyr. Olar indi gorkman, ýanlary bilençuwal alyp gidipdirler.

Bu gezek Dykma serdar ruslaryň arkasyna aýlanmak, ola ryň hereketine gözegçilik etmek üçin heniz howa ýagtyka oglyAkberdi hany 40 atly bilen iberipdir. Akberdi han yza çekiljek bolanda, ruslaryň üstüne hüjüm etmekçi bolupdyr. Ýöne güýçligarşylyga sezewar bolupdyr.

Akberdi handan ruslaryň tylynda hem berkitmeleriniň bar dygyny eşiden Dykma serdar Topaz hany olaryň tylyna iberipdir.Özi bolsa öňki hüjüm eden ýerinden hüjüm etmegi ýüreginedüwüpdir. Ol hüjüme atly goşun ibermändýar.

Bu gezek tekeler 70 adam ýitiripdirler. Ýöne bu gezegem ola ryň hüjümi şowly bolupdyr. Ýene-de bir rus topy olja alnypdyr.Ýöne bu gezekki topy kimiň getireni jedelli bolanmyş. AşgabatlyPolat siýaki3 diýenlerem barmyş, Mämmet düýeli4 diýenlerem bolanmyş.

3Spolatbogda şeýle — awt.4Spolatbog "Mamed deýeli" diýip ýazýar — awt.

51

Page 56: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 56/84

30-njy dekabrda ruslardan bir oser bilen 52 soldat ölüpdir.Iki sany ober oser bilen 96 soldat ýaralanypdyr. Bu gezegem28-nji dekabrdaky ýaly, öldürilenleriň köpüsi sowuk ýaragdanölüpdir. Ýaralananlaram sowuk ýaragdan ýaralanypdyr.

Bu gezegem tekeler rus goşunlarynyň ýarpysyny gyrandyrysöýdüpdirler. Ruslar indi yzlaryna gaýdarlar diýip tama edipdir ler. Emma ertesi ruslar gala has golaý gelipdirler.

1881-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda rus goşunlarynyň sag gana ty galanyň diwarynyň 40 sažen golaýyna, çep ganaty bolsa 75sažen golaýyna barypdyr. Bu bolsa rus goşunlarynyň nagymgazyp, mina işlerine başlamagyna mümkinçilik beripdir. Sko belew mina işleriniň ýolbaşçysy Rutkowskä 2-nji ýanwarda irsagat 8-de minalaýyş işlerini başlamak, onuň maksatlary hemahyrky netijesiniň nähili boljakdygy barada maglumat bermegitalap edipdir.

Nagym gazyp, galanyň diwarynyň astyna däri goýmak üçingala bilen aralygyň ölçegi alnypdyr. Ruslaryň ýarym aýlaw gary myndan Gökdepe galasynyň düýbündäki garym aralygynyň 29sažen 6 werşokdygy, garymyň çuňlugynyň iki arçyndygy, giňligi niň ýedi arçyndygy anyklanypdyr. Işler gala şeýle bir golaýjakdageçirilipdir welin, tekeler ruslaryň garymlaryna ýokardan daş,kesek oklap durupdyrlar.

Mina galereýasynyň gazylyp başlanan pursatynda ýalňyşlykgoýberilipdir. Ol gaty çepe burlupdyr hem çep tarapdaky gary ma baryp diräpdir. Galereýanyň diwarlary opurylyp, ullakandeşik emele gelipdir. Soňra bu ýalňyşy düzedipdirler.

52

Page 57: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 57/84

- 9 -

1880-nji ýylyň 30-njy dekabryndaky çozuşdan soň, tekeler mas lahat edipdirler. Maslahatda ýene bir gezek hüjüm edip görmelidiýen karara gelipdirler. Bu gezek ýa ölmäge, ýa-da duşmanyymykly ýok etmäge döwtalap adamlaryň sany 12.000-e ýetip dir. Ruslaryň üstüne 4-nji ýanwarda çozmak bellenipdir. Galanygoraýjylar bu gezekki çozuşa uly umyt baglapdyrlar. Iň batyradamlar hüjüme gatnaşypdyr.

Duşmanyň üstüne iki tarapdan hüjüm edilipdir. Utamyşlargünorta tarapdan hüjüme geçipdirler. Olara Dykma serdaryň og ly Akberdi han serdarlyk edipdir. Demirgazyk tarapdan hüjümegeçen togtamyşlara Topaz han bilen Gul batyr serdar ýolbaşçy lyk edipdir. Ruslar gaçmaga ýüz uranlarynda, olaryň yzyndankowmak üçin, atly goşun pyýada goşunyň yzyndan ýöräpdir.Ýöne olar artilleriýanyň odundan uly zyýan çekipdirler. Dykmaserdar hanlar bilen bilelikde derwezäniň agzynda galypdyr.

Tekeleriň agşam sagat 7-lerde, gün batyp aý dogar aralykda başlan hüjümi şowuna bolmandyr. Olar güýçli garşylyga duçar bolupdyrlar. Aýratynam top oky olary köp paýhynlapdyr. Ço zuşa gatnaşanlar gaty köp bolansoň, olar yzlaryna gaýdanda,derwezeleriň agzynda uly dyknyşyk emele gelipdir we olar topokundan köp zaýa bolupdyrlar.

Ilki bilen togtamyşlar yzyna dolanypdyr. Olar öli hem ýaralyköp adam ýitiripdirler. Olaryň ýanyna Dykma serdaryň özigidipdir. Olary ýene birhowa saklanmaga mejbur edipdir. Ýönegylyçlaşmaga girişmek üçin eýýäm giç bolupdyr.

Şol gün tekeler gala gabalyp başlanaly bäri çeken ähli ýit gilerindenem köp ýitgi çekipdirler. Bagyr obasynda öz pulu na mekdep açan Kerimberdi işan daňdan namaz okap otyrka,gapdalynda top ýarylyp ölüpdir. Gelenleri bäri ähli söweşlereişeňňirlik bilen gatnaşan marylylar bu gezek 200 atlysyny ýitirip dir. Şol günüň ertesi olaryň köpüsi gaýdypdyr. Diňe Topaz han

53

Page 58: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 58/84

ýanynyň bir bölek atlysy bilen ahyryna çenli galypdyr.6-njy ýanwarda agşamara biçak güýçli harasat gopupdyr.

Apy-tupan garymlaryň raýşyndaky gumlary sowrup, gözüňiaçar ýaly bolmandyr. Asmany gara bulut büräp, tüm-garaňky lyk bolupdyr. Hiç zat görünmändir. Ruslar tekeler bu pursat dan peýdalanyp çozarlar öýdüp, howsala bilen garaşypdyrlar.Hakykatdanam, şol wagt çozan bolsalar, tekeleriň uly üstünlikgazanmaga mümkinçiligi bar eken. Ýöne olaram ruslar hüjümegeçerler öýdüp gorkupdyrlar. Çozuşa ýürek etmändirler.

7-nji ýanwarda çozuşda heläk bolan tekeleriň jesetleri porsap başlapdyr. Şonuň üçinem Skobelew atyşygy wagtlaýyn bes et mek, tekelere jesetlerini ýygnamaga maý bermek üçin, olar bilengepleşik geçirmekçi bolupdyr. Skobelewiň buýrugy bilen pod polkownik Ýomutskiý ýanyna üç sany adam alyp, galadakylaraok atmaňyzy bes ediň diýip gygyrypdyr. Ýanyna üç sany adamalyp gelen Myrat hana gepleşik geçirmekçidiklerini aýdypdyr.

Skobelewiň ýanyna tekeler tarapyndan Hajymyrat han eliýalaňaç gylyçly gelipdir. Skobelew oňa tekeleriň maslyklarynyýygnamagy üçin atyşygy wagtlaýyn bes etmegi teklip edipdir.Hajymyrat han galada wagtlaýyn ýaraşyk baglaşmaga ygtyýarlyadamlaryň ýokdugyny, olaryň guma gidendigini, şolarsyz me sele çözüp bilmejekdiklerini mälim edipdir. Hakykatda bolsatekeleriň gepleşik geçirmekden, atyşygy wagtlaýyn bes etmek den ýüz döndermeginiň başga sebäpleri bolupdyr. Olar ruslar alsaljak bolýandyr, jesetleri ýygnamaga çykan adamlary oka tutjak bolýandyr öýdüpdirler. Onsoňam Pürli meýdan galasynyň gar şysynda galan jesetleriň köpüsi yzyna gaýdan marylylar bilenaşgabatlylaryňky eken. Galadakylar olaryň jesetlerini ýygnamakislemändirler.

Ruslar eger uruşmak isleýän bolsaňyz, aýallardyr çagalary ňyzy bir galadan çykaryň diýip teklip edenlerinde hem galany

54

Page 59: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 59/84

goraýjylar bu teklibe aldaw hökmünde garapdyrlar. Aýallardyrçagalar galadan çykan badyna ruslar olary ýesir aljak bolýandyr lar öýdüpdirler. Mundan başga-da aýallar gidensoň, erkeklerhem uruşdan ýüz dönderip gider diýip gorkupdyrlar. Şeýlepikiri öňe süren Gurbanmyrat işan bolupdyr.

Şol gün Magtymguly hanyň öýünde maslahat geçirilipdir.Bu gezek hanlar urşy bes etmegiň, ruslara boýun synmagyňtarapyny tutupdyrlar. Emma Dykma serdar beýle etmek üçinindi juda giçdigini aýdypdyr. Onsoňam öýüň daşynda duranýaşlar ruslara boýun egmek hakda gürrüň gidýändigini eşidip,gylyçlaryny ýalaňaçlap, içerik kürsäp giripdirler. Ýaraşyk hakdahiç kime gürrüň etdirmejekdiklerini aýdypdyrlar. Şundan soňtekeler ýaraşyk etmek niýetleriniň ýokdugyny aýdyp, ruslaragygyrypdyrlar.

Ýarym sagada çeken gepleşik şunuň bilen tamamlanypdyr.Galanyň üstüne ýygnanan tekeler öz penalaryna çekilipdirler.Ilki ok atmak gezegi tekelere berlipdir. Olar gepleşik wagty gatymertlik edipdirler. Hatda ok atmaga gezek berlenden soňam ga lanyň üstündäki birki sany teke heniz gizlenmäge ýetişmedik ikisany rus soldatyna basymrak gizleniň, häzir ok atyp başlaýarysdiýip gygyrypdyr.

Ýöne 4-nji ýanwardaky şowsuzlykdan soň tekeler ymyklyruhdan düşüpdirler. Olar ruslaryň garşysyna degerli bir çäregörüp bilmändirler. Diňe garaşmak bilen çäklenipdirler. Ruslar bolsa gabaw halkasyny barha daraldypdyrlar, güýçli hüjüme başlapdyrlar.

Galanyň astyna nagym çekmek işi hiç bir päsgelçiliksiz güýçlidepgin bilen dowam etdirilipdir. Onuň beýikligi 4 futa golaý,giňligi 3,5 futa golaý bolupdyr. Onuň içi bilen diňe emedekläpgitmek mümkin eken.

7-nji ýanwarda inženerleriň naçalnigi minalaýyş işleriniň 9-n

55

Page 60: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 60/84

ji ýanwarda gutarjakdygyny Skobelewe habar beripdirler. Şun dan soň Skobelew 10-njy ýanwarda ir sagat 7-ä hüjüme geçmeküçin zerur zatlaryň baryny taýýar edip goýmak barada buýruk beripdir. Ýöne wentilýatoryň esli wagtlap kadaly işlemändigisebäpli, nagymyň 10-njy ýanwarda ir sagat 7-de däri goýmagataýýar bolup ýetişmejekdigi äşgär bolupdyr.

9-njy ýanwarda 10 sagat 20 minutda geçirilen täze ölçegler na gymyň gazylyp başlanan gizlin garymyndan galanyň diwarynaçenli aralygyň 17 sažen däl-de, 15 sažen ekenligini görkezipdir.Şol wagta çenli bolsa onuň 10 saženi gazylypdyr eken. Ýene-degalanyň düýbündäki garymyň aňry ýakasyna çenli 5 sažen, di waryň astyna çenli bolsa 7 sažen galypdyr. Nagymy diwaryňastynda-da 1 sažen gazmak nazarda tutulypdyr. Diýmek, ýene -de 8 sažen gazmak gerek eken. Soň nagymyň gutaran ýerindendiwaryň ugry bilen iki tarapa her biri 2 ýarym saženden yba rat iki sany gol gazmak gerek bolupdyr. Galanyň diwarynyňastyna däri çekmek, partlatmaga taýýarlamak üçinem azyndan4 sagat gerek bolupdyr. Netijede, bir gijäniň dowamynda munçaişi ýerine ýetirip bolmajakdygy takyklanypdyr.

Ruslar nagym gazmak işini gündiz dowam etdirmäge-deçekinipdirler, tekeler muny duýarlar, onsoň bu iş degerli netije bermez öýdüpdirler.

Ruslar gala zabt etmekligi ýa-ha 10-njy ýanwardan yza tes dirmeli bolupdyrlar, ýa-da galany partlatmakdan el çekmeli bo lupdyrlar. Dogrusy, Skobelewiň özi hem, onuň töweregindäkiadamlaram galanyň partladylmagynyň şeýle uly netije berjekdi gine ynanmandyrlar, oňa ikinji derejeli çäre hökmünde garap dyrlar. Tekeler nagym gazylýanyny duýarlar, garyma çozup,ähli işimizi puja çykararlar öýdüp gorkupdyrlar. Hut şonuň üçi nem nagym gazmak işleriniň ýolbaşçysy kapitan Rutkowskiý bu işden el çekip, galanyň diwaryny top bilen ýumurmaklygy

56

Page 61: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 61/84

maslahat beripdir.General Skobelew galanyň diwaryny hem partlatmagy, hem

top bilen ýumurmagy ýüregine düwüpdir. Top bilen ýumrupgädik açmak üçin galanyň partladyljak ýerinden günbatarragysaýlap alypdyr. Şonuň üçinem ol nagym gazmak işlerini bes et män, gala zabt ediljek gününi yza süýşürmek kararyna gelipdir.

Hasaplamalar nagym gazmak işiniň her sagatda 1,5 – 2 fut dan dowam etdirilende bir gije-gündizde 42 fut geçmek mümkin digini görkezipdir. Däri goýuljak ýerleriň däriden doldurylyp,partlatmaga taýýar edilmegi üçinem takmynan 12 sagat gerek bolupdyr. Diýmek, galany partlatmak baradaky ähli taýýarlykişleriniň 11-nji ýanwarda günortana çenli doly tamamlanyp bi linjekdigi takyklanypdyr.

Skobelew aýgytly hüjüme geçiljek güni 12-nji ýanwara süý şüripdir. Nagym gazmak işlerini hem gyssagly dowam etdirmek barada buýruk beripdir. Nagym gazyjylar üçin 3.000 manat baý rak belläpdir.

Şonuň bilen bir wagtda galany partlatmak şowsuz gutaraýanhalatynda hüjüme geçer ýaly gala tarap garym gazmak işlerinihem dowam etdirmek, dikligine gazylýan şol garymlary galanyňdüýbündäki garyma ýetirip goýmak barada buýruk beripdir.

Tekeler ruslaryň nagym gazýandygyny duýupdyrlar. ÝöneDykma serdar başlyklaýyn munuň heňe geljek zatdygyna ynan mandyrlar. Onsoňam ruslaryň nagym gazyp, galany partlatma gynyň nähili betbagtçylygyň üstünden eltjekdigini göz öňünegetirip bilmändirler. Ruslar ýeriň astyndan ýol açyp, galanyňiçine aralaşmak isleýändirler öýdüpdirler. Ilata hem muny şeýlediýip düşündiripdirler. Ruslar ýeriň astyndan deşik açyp çyk makçy bolsalar, çykanynyň kellesiniýeke-ýekeden kakar durarysdiýipdirler. Şeýle maksat bilenem iň gowy güýçlerini şol ýere jemläpdirler. Hatda Dykma serdaryň tümi hem galanyň partla

57

Page 62: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 62/84

dylan ýeriniň golaýynda eken.8-nji ýanwarda sagat sekizde 8 sany 4 funtluk top bilen gala

nyň diwaryny topa tutup başlapdyrlar. Diwaryň 10 sažen ýerin de weýrançylyk bolup, açylan gädikden öýleriň tüýnügi görnüp dir. Galany goraýjylar dessine gum çekip, ol gädigi bekläpdirler,9-njy ýanwaryň säherine çenli diwaryň beýikligini öňki hetdineýetiripdirler. Gädik açyjy artilleriýa batareýasy ol ýerini ýenetopa tutup başlapdyr. Emma Skobelew bu işi bes etmek barada buýruk beripdir. Sebäbi ol şol ýerden diňe aýgytlaýjy hüjümiňöňüsyrasynda täze gädik açmagy nazarda tutupdyr.

Inženerleriň naçalnigi 11-nji ýanwarda ir bilen öten gije gala nyň diwarynyň astyndan esasy nagymdan iki tarapa gol çekilen digini, diwaryň ugry bilen üç ýerde däri ýerleşdirer ýaly öýjügiňtaýýarlanandygyny, ol öýjüklere 72 put däriniň ýerleşdirilip baş lanandygyny habar beripdir. Şeýlelikde, galany zabt etmekligeähli taýýarlyk işi gutarnykly tamamlanypdyr.

58

Page 63: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 63/84

- 10 -

1881-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda ir sagat 6-da rus goşunlary aý gytly hüjüme başlapdyrlar. Toplar galanyň diwarlaryndan gädikaçyljak ýeri oka tutupdyr. Pyýada goşun bolsa gädik açylarynahem galanyň diwarynyň partladylaryna garaşyp, hüjüme taýýar bolup durupdyr.

Laýyk 11sagat 20minutda galanyň günorta-guşlukburçundaelhenç partlama bolup, asman-zemini elendiripdir. Goýy garatüssedir tozan asmana göterilipdir. Grodekow diwaryň 15 saženýeriniň ýykylandygyny, geçmäge amatly ýol açylandygyny habar berýär. Kuropatkin bolsa galanyň diwarynyň ýykylan ýerini 9sažen diýip ýazýar.

Tekeler birbada nämäniň-nämedigine akyl ýetirip bilmändir ler. Ýer yranýandyr öýdüpdirler. Bolup geçen betbagtçylygaakyl ýetirenlerinden soň bolsa gaçmaga ýüz urupdyrlar. DiňeDykma serdar bada-bat nämäniň-nämedigine düşünipdir, özüniýitirmän saklanypdyr. Gaçmaga ýüz uranlary hem saklamagasynanypdyr. Emma bu netije bermändir. Has ýürekli adamlargaçman, ahyrky demine çenli söweşipdirler.

Galanyň partladylan ýerinde hem, top bilen gädik açylanýerinde hem tekeler gaty köp ýitgi çekipdirler. Diňe galanyňpartladylan ýerinde azyndan 700 adam ölüpdir. Galanyň partla dylan ýerinde begler bar eken. Wekiller hem olaryň golaýyndaeken.

Galanyň diwary ýarylyp, tekeler gaçmaga ýüz urandan soň,rus goşunlary hüjüme geçipdirler. Ýaragsyz ilaty ýaş diýmän,garry diýmän, aýal diýmän, erkek diýmän bir ujundan rehim sizlik bilen gyryp başlapdyrlar. 70 top galanyň diwaryny okatutmagyny bes edip, galanyň içini — demirgazyk-gündogar bö legini oka tutup başlaýar.

Taryhda juda seýrek gabat gelýän gyrgynçylyk — genosid başlanýar. Rus goşunlarynyň şol döwrüň iň kämil ýaragy bilen

59

Page 64: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 64/84

ýaraglanandygyny, tekeleriň bolsa esasy ýaragynyň sowuk ýarag bolandygyny, tekeleriň elinden ölen ýa-da ýaralanan rus oserle ridir soldatlarynyň tas hemmesiniň diýen ýaly sowuk ýaragdanölendigini ýa-da ýaralanandygyny Grodekowdan, Kuropatkin den, Maslowdan, Wereşaginden başlap, ähli rus harby işgärleritassyklaýarlar. Rus goşunlarynyň çagalary, aýallary hem gaý gyrman bir ujundan gyrandygyny olaryň özleri boýun alýarlar.Diňe bir boýun almagam däl, munuň üçin buýsanýandyklarynyhem gizläp duranoklar.

Olar Gökdepe galasy alnandan soňky gyrgynçylygyň bil kastlaýyn edilendigini, onuň galanyň söweşsiz boýun egip-eg mezligine bagly bolmandygyny hem aç-açan ýazýarlar. Mysalüçin, Grodekow Gökdepede şeýle gyrgynçylyk etmegi generalSkobelewiň entek Peterburgdaka pugta ýüregine düwendiginitassyklaýar. Galanyň diwary partladylyp, tekeler guma tarapgaçyp başlanlarynda, rezerwde duran toply-tophanaly otrýadyň başynda durup, olaryň yzyndan hut Skobelewiň özüniň kowgygidenligi hem bu tassyklamanyň dogrudygyna şaýatlyk edýär.

Şonda bosgunlaryň yzyndan pyýada goşun 10 wýorste çen li, atly goşun bolsa 15 wýorste çenli kowalap gidipdir. Özem bosgunlaryň iň güri ýerlerini topa tutupdyrlar. Tekeleriň gaçypgiden ýoly çaga, aýal-erkek jesedinden dolupdyr. Kowgyçylardiňe mazaly garaňky düşüp, göz baglanandan, bosgunlaryň ha tarlary mazaly seýrekländen soň yzlaryna dolanypdyrlar.

Bosgunlaryň yzyndan kowulanda çagadyr aýal-erkek 8.000adamyň gyrlandygyny 1881-nji ýylyň 20-njy fewralynda Kaw kaz goşunlarynyň baş komanduýuşisine iberen maglumatyndaSkobelew hut öz eli bilen ýazypdyr. Muny beýleki rus harbyişgärleriniň ýatlamalary hem tassyklaýar.

Tekelergalanyň içinde hemägirt köp pidalar çekipdirler. Olar23 güne çeken gabaw döwründe 7.000 adam ýitiripdirler. Diňe

60

Page 65: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 65/84

galanyň alnan güni hem onuň içinde şonça adam ölüpdir. Sko belewiň ekspedision otrýadynyň baş wraçy O. Geýfelder galaalnandan soň onuň içinden 7.000 jeset tapandyklaryny, şonçarak jesediňem galanyň diwarlarynyň düýbünde çala ýere duwlanan dygyny ýazýar.

Tekeler gabawyň soňky günleri hatda ölülerini jaýlamaga -da ýetişmändirler. Grodekow bilen Kuropatkin käbir öýlerden jaýlanmadyk 10 – 15 jeset tapandyklaryny ýazýarlar.

A. N. Maslow gabaw döwründe we galanyň alnan güni ölenadamlary tekeleriň özleriniň 20.000 adam hasaplaýandygynyýazýar. Ýurt ugrundaky mukaddes göreşde birnäçe serdarlar,hanlaram janlaryny gurban edipdirler. Olaryň arasynda Han mämmet atalyk, Orazmämmet han, Dykma serdaryň ogly Ak berdi han dagy hem bar eken.

Galanyň synan güni 3.000-denem gowrak aýal-gyz ýesir al nypdyr. Olary tekeler yzlaryna gaýdyp gelerýaly girew hökmün de saklapdyrlar. Galanyň daşynda bir ýere jemläp, daşlarynagarawul goýlupdyr. Olara diňe ýörite rugsat almak bilen galagirmäge hem weýran bolan öýlerinden köne-küşül ýorgan-düşekgetirmäge mümkinçilik berlipdir.

Gökdepe galasyndaky adamlaryň nähili wagşylyk bilen gyr landygyna şeýle faktlaram şaýatlyk edýär. Boýy bary-ýogy 600sažen, ini 360 sažen bolan, içinde 14.000-e çenli öý, oraça, çatmadikilen, 40.000-denem köp ilatly kiçijik galanyň içine 23 güneçeken gabawyň dowamynda 872.000 tüpeň oky, 12.400 top okyatylypdyr. Diňe gala zabt edilen güni 5.604 top oky, 224 rake ta, pyýada goşun tarapyndan 273 müň, atly goşun tarapyndan12.500 ok atylypdyr. Deňeşdirip görmek üçin 900 günläp dowameden Leningrad gabawynda nemes basybalyžylarynyň şähere148.478 top okuny atandygyny ýatlalyň.

Gala alnandan soň Skobelew 4 günlük talaň yglan edipir. Rus

61

Page 66: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 66/84

soldatlary altyn-kümüş, şaý-sep, haly-palas diýmän, gözlerineýaran zadyň baryny alypdyrlar. Özem saňa ýetdi, maňa ýetmedidiýer ýaly, olja dawasy bolmandyr. Näçe talaňçylyk etseler, oljatapylypdyr. 12-nji ýanwarda Skobelew galanyň etegine 227 oser bilen 6.672 soldat jemlän eken. Jemi 6.899 adam. Galadaky heröýde ýekeje halydan bar eken diýip hasap edeniňde-de, her sol dat başyna iki halydan düşüpdir. Gala bolsa tutuş tekäniň ähligyzyl-alasy toplanypdyr. Köp öýler haly düşekden, şaý-sepdendoly bolupdyr.

Bir ýerden jerçiler peýda bolupdyr. Türkmen halysynyň ba hasy bir bulgur araga gelipdir. Soldatlar ne gözel halyny bir bulgur araga berip, duran ýerlerinde içýär ekenler-de, ýene halygetirmek üçin gala düwdenekläp gidýär ekenler.

Rus oserleri, aýratynam topçular köp haly olja alypdyrlar.Topçular okdan boşan gapyrjaklara çenli halydan doldurypdyr lar. Aradan köp wagt geçmänkä, bahasy bir bulgur bolan türk men halylarynyň nyrhy öz hakyky bahasyndanam birnäçe esseýokary galypdyr. Peterburgdan, Moskwadan, Kawkazdan oser leriň aýallary hat ýazyp, ärleriniň halysyz dolanyp gelmezliginitalap edipdirler. Pylanynyň öýünde bir haly gördüm welin, gö riplikdenýaňa gözümçykara geldi, şolardaky ýaly halysyz gelmediýip ýazypdyrlar. Maslow soňra 1883-nji ýylda şol halylaryň bir çetiniň Parižiň Gousman bulwaryndaky Aziýa önümleriniňmagazinine baryp ýetendigini ýazýar.

Grodekow gala alnandan soň talanan zatlaryň bahasyny6.000.000 manat diýip kesgitleýär.

Gökdepe galasynyň gabalan hem zabt edilip alnan döwrün de ruslaryň çeken ýitgileri, beýle bir ullakan tapawut bolmasa -da, dürli çeşmelerde dürlüçe görkezilýär. 1881-nji ýylyň 20-njifewralynda Kawkaz goşunlarynyň baş komanduýuşisine iberenraportynda Skobelew 1880-nji ýylyň 20-nji dekabry bilen 1881-nji

62

Page 67: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 67/84

ýylyň 12-nji ýanwary aralygynda bir generalyň öldürilendigini, bir generalyň ýaralanandygyny, 3 ştab oseriniň, 11 ober ose riň ölendigini, 5 ştab oseriň, 35 oseriň ýaralanandygyny, birçinownigiň ölüp, bir çinownigiň ýaralanandygyny, 267 solda tyň öldürilip, 647 soldatyň ýaralanandygyny, sonra ýaraly 2 ştaboseriniň, 4 ober oseriň ölendigini habar berýär. General Ku ropatkin: «Biz hatardan çykan 34 oseri, 364 soldaty, 71 ýabynyýitirdik» diýip ýazýar. «Biziň ýitgimiz: 4 oser, 55 soldat öldi,18 oser, 236 soldat ýaralandy» diýip, A. W. Şerbak ýazýar. K.M. Fedorow hem şu maglumaty gaýtalaýar. «Gabawyň tutuşdowamynda biziň ýitgilerimiz 1.104 adama ýetdi, gala hüjümedilen güni bolsa 398 adam (şol sanda 38 oser) boldy» diýip,P. Geýsman bilen A. Bogdanow «Rus terjimehallar sözlüginde»ýazýarlar.

Mollagara bilen Gyzylarbat aralygynda çekilen demir ýoluňharajatyny hem hasap etseň, Ikinji Ahalteke ekspedisiýasyna21.126.056 manat, diňe Gökdepe alynýança (alty ýarym aýda)13.545.341 manat çykdajy edilipdir.

Gökdepede gyrlan bigünä adamlaryň jesetleri ençeme gün läp, meýdanda porsap galypdyr. Olary wagty bilen ýygnap,gömüp, otlap ýetişip bilmändirler. Skobelew jeset jaýladyp, sol datlarynyň mädesine degmek islemändir. Jesetleri jaýlamak üçingulçulykdan boşadylan 500 sany kürt ýesiri işledilipdir. Olaram jeset jaýlamagyň deregine talaň bilen meşgul bolupdyrlar, altyn -kümüş gömlen ýerlerini gözläpdirler. Özlerem rus soldatlaryn danam beter wagşylyk edipdirler. Gelin-gyzlaryň altyn gulak -halkalaryny gulaklary bilen kesip, barmaklaryndaky kökenliýüzüklerini barmaklary bilen çapyp alypdyrlar. Ahyry Skobelewolary gala goýbermegi gadagan etmäge mejbur bolupdyr.

Kürt ýesirleri jesetleri jaýlanlarynda hem el ujundan jaýlap dyrlar. Sähel ýel öwüsse ýa-da duşundan atly geçip gitse-de,

63

Page 68: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 68/84

olaryň üsti açylyp ýatypdyr. Gulçulykdan boşan pars ýesirle ri ozal tekeler tarapyndan ýesir alnan gelin-gyzlarymyz diýip,türkmen gelin-gyzlarynyň iň gowularyny seçip-saýlap alyp gi dipdirler.

Jesetleri jaýlamak işine rus goşunlarynyň baş wraçy O. Geý felder ýolbaşçylyk edipdir. Ol özüniň dürli wagtlarda çap edi len ýatlamalarynyň birinde bu barada jikme-jik gürrüň berýär.Gökdepe galasy alnandan soň dessine Aşgabada tarap süýşüp başlan goşun pil-palta ýaly gurallaryny ýany bilen alyp gidip dir. Gitmediklerem öz gurallaryny bermändir. Şonuň üçinemýer gazar ýaly gural ýetmezçilik edipdir. Ýer gaty bolupdyr.Onsoň jesetleri üýşürip otlap başlapdyrlar. Ilki jesetleri üst-üs tüne goýup, üstüne-de odun üýşürip ýakjak bolupdyrlar. Beýleedilende jesetler ýanman, ýöne gara-ört bolup galypdyr. Soňraolary aşagyndan howa geçer ýaly edip, ikiden-üçden, köp bolsadörtden üýşürip, üstünem saman diýmän, ders diýmän, tapanzatlary bilen basyrypdyrlar. Onuň üstündenem öýleriň üzükleri ni, durluklaryny basypdyrlar. Geýfelder şeýdip haýal ýakylanda jesetleriň ahyryna çenli ýanandygyny ýazýar.

Bir-ikiýerde ýaplaryň öňüni böwetläp, esli ýere suw goýberipýeri ýumşadypdyrlar. Soňraullakan çukur gazyp, adam, at, düýemaslyklaryny şol çukurlara süýräpdirler. Emma munuň bilenem jesetleri, maslyklary gömüp ýetişip bilmändirler.

Geýfelder başga alaç bolmansoň, soňra galanyň diwarlarynyonuň etegindäki garymlary dolduryp ýatan maslyklaryň üstü ne ýumurdandygyny ýazýar. Galanyň ýokarsyndakylar diwaryýumrup ýapgyt diwaryň ortasyna süýşüripdirler, ol ýerdäkiler bolsa ýene aşak süýşürip, garymlardaky sansyz adam jesetleri niň, at, düýe maslyklarynyň üstüne sürüpdirler.

1887-nji ýylda Gökdepäniň üsti bilen geçip giden Geýfelderşeýle ýatlaýar. Ol wagonyň äpişgesinden Gökdepe galasy gör

64

Page 69: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 69/84

Page 70: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 70/84

tekeleri gyryp gutarmaga, galanjasyny hem ýesir hökmündedeňiz kenaryna göçürmäge dikenligi şuny subut edýär. Galasynandan soň, guma gaçyp giden bosgunlaryň, özem esasanaýallardan, çagalardan ybarat bosgunlaryň birehimlik bilen 15wýorste çenli gyrylmagy şuny subut edýär.

Şu ýerde köp zadyň Skobelewiň şahsyýetine, zalymlygyna,türki halklara bolan ýigrenjine bagly bolandygyny belläp geçme gem artykmaçlyk etmese gerek. Munuň üstesine-de köp ýatlama larda agzalsa-da, henize çenli üns berilmän gelýän bir häsiýetlifakt bar. 1880-nji ýylyň 9-njy iýulynda Bamydaka Skobeleweejesiniň öldürilendigi hakda telegramma gelipdir.

Skobelewiň ejesi Olga Nikolaýewna ýetimler öýlerini açmaküçin Rumeliýa gidipdir. Onuň ýanynda ýarym million manatpuly bar eken. Skobelewiň ýakyn dostlarynyň biri Uzatis hemşol ýerde eken. Ol hem Skobelew ýaly slawýanparazlaryň biri bolupdyr. Makedoniýany gozgalaňa aýaga galdyrmagyň kül-kü lüne düşüpdir. Munuň üçinem köp pul gerek bolupdyr. OnsoňUzatis Olga Nikolaýewnadan pul diläpdir. Ol bermänsoň, öl dürip almagy ýüregine düwüpdir. Gije öz ýoluna barýan OlgaNikolaýewnanyň öňünden çykyp, ony öldüripdir. Ýöne OlgaNikolaýewnanyň ýanyndaky diri galan adamlar Uzatisi tanap dyrlar. Şol sebäpli hem Uzatis özüni atyp öldürmäge mejbur bolupdyr.

I. A. Çansew, hamala, Skobelewiň ejesini Uzatisiň öldürendi giniň soň-soňlar bilnendigini tassyklaýar. W. W. Ýaşerow bolsamunuň şobada bilnendigini, Uzatisiň özüni öldürmegine onuňtanalmagynyň sebäp bolandygyny subut edýär.

Her näme-de bolsa, Skobelewe iberilen telegrammada onuňejesiniň, hamala, türkler tarapyndan öldürilendigi habar berlip dir. Skobelew uzak gije ses edip, gygyryp çykypdyr. Türklerehaýbat atyp, olardan ar almaga kasam edipdir.

66

Page 71: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 71/84

Skobelewiň diňe türkleri däl, ähli türki halklary ýigrenendigi belli zat. Onsoň Skobelewiň «Alynyň aryny Ahmetden çyka ran» bolmagy, bu ýagdaýyň onuň tekelere has zalymlyk bilendaramagyna täsir eden bolmagy mümkin.

67

Page 72: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 72/84

Page 73: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 73/84

hiç zatdan gorkamok, meniň bilen islän zadyňyzy edip bilersiňiz.Ýöne, kapyrlar, siz bizden gorkuň hem heder ediň, sebäbi siziň biriňizem biziň ýurdumyzdan diri gitmersiňiz» diýip ol gyz jo gap beripdir. Bu merdana gyzy boşadyp goýbermäge mejbur bolupdyrlar.

Bir gezek bolsa käliň içinde rus soldatlaryny tüpeňläp oturangarry aýaly görüpdirler. Soldatlar ony şobada kerçäp taşlapdyr lar. Bir gezek bir oser arkasyna güýçli zarba degensoň ýaltayzyna öwrülse, eli pilli bir kempir ikinji gezek urmaga taýýarla nyp durmuş.

Hatda çagalaram gorky-ürkini bilmän, duşmanyň üstüne batyrlyk bilen topulypdyrlar. Tugan-Mürze-Baranowskiý dokuzýaşly bir teke oglanjygynyň eline ullakan pyçak alyp, Eriwanpolkunyň oseriniň üstüne topulanyny görendigi barada ýazýar.

Şular ýaly faktlar rus harby işgärleriniň ýatlamalarynda ýe ke-ýeke sanardan kän.

Tekeleriň batyrlygy, ahlak arassalygy olary iň bir wagşyýa na ýigrenç bilen ýigrenýän adamlary hem soňra hormatlamagamejbur edipdir. Mysal üçin, heniz tekeleri diňe Ýegenbatyr gala synyň üstünden dürbi bilen synlaýan Wereşagin şeýle ýazýar:«Bu agyzlary ýalaňaç gylyçly adam şekilindäki ganhor ýyrtyjyhaýwanlaryň üýşmeginiň öňünde biziňkileriň toparjygy dürbü de çalaja agaryp görünýärdi». Soňra bolsa hut şol Wereşagin:«Tekeler nähili görmegeý halk eken! Olaryň ýüz keşbi nähili gel şikli!.. Tekeler gaty akylly hem paýhasly halk eken, men olaryňgürrüňlerini hezil edinip diňleýärdim» diýip ýazýar.

69

Page 74: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 74/84

- 12 -

Synany bäri bir asyr on bir ýyly başyndan geçiren Gökdepe ga lasynyň harabaçylygy ahmyr bilen içini tutup, ýere siňip ýatyr.Äpet gala — ýalňyz doganlyk mazary. Onuň ýumrulan diwar larynyň astynda öz mukaddes topragynyň azatlygy, erkinligiugrunda başyny goýan müňläp merdana gojalar, ýigitler, aýal -gyzlar, çagalar ýatyr.

Gala hem ony goraýjylar barada indi bir asyrdanam gow rak wagt bäri köp gürrüňler edilip gelinýär. Bu aýylganç gyr gynçylygyň sebäpleri barada, günäkärleri barada gürrüň edildi.Türkmen halkynyň taryhynda aýgytlaýjy etaplaryň biri bolanGökdepe gyrgynçylygy baradaky hakykaty öwrenmek sözüňdoly manysynda gadagan edilenem bolsa, ol hakda faktsyz herdürli netijeler çykarmakdan çekinilip durulmady. Taryhy sud et mek derejesine barlyp ýetildi. Birleri Gökdepe gyrgynçylygy dinhadymlarynyň, han-begleriň zähmetkeş halkyň boýnuna dakanzady diýdi, başga birleri halky basybalyjylara garşylyk görkez mek-de günälemek derejesine baryp ýetdi. Birleri ähli ilaty Gök depe galasyna ýygnamak bilen tekeler uly ýalňyşlyk goýberdi,ilatyň gyrylmagyna hut şu ýagdaý sebäp boldy diýip tassyklasa, başga birleri teke hanlaryny, serdarlaryny iňlis emissarlarynyňoýnawajyna öwrülen adamlar hasaplady. Birleri Ahal oazisiniRussiýanyň sostawyna parahatçylykly ýol bilen birikdirmägemümkinçilik bardy diýse, başga birleri şeýle mümkinçiligiň bo landygyny inkär etdi. Birleri Ahalyň basylyp alynmagyny onuňkoloniýa öwrülmegi hasap etse, ýene birleri ony türkmen halky nyň taryhynda progressiw rol oýnan waka hasaplady. Iň ahyrdahem Ahalyň zorluk bilen basylyp alynmagyny TürkmenistanyňRussiýa birikdirilmeginiň prosesinde, ýerli ähmiýete eýe bolançaknyşyk hasap edip, tutuş Türkmenistan Russiýa meýletinlik bilen birleşdi diýip tassyklamaga barlyp ýetildi.

Gökdepe wakasy ýaly çylşyrymly, tutuş ýurduň, tutuş hal

70

Page 75: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 75/84

kyň ykbalynda aýgytlaýjy rol oýnan taryhy wakalara haýsydyrgeldi-geçer syýasy bähbitler nazaryýetinden ýa-da haýsydyr biraýrylykda alnan anyk mesele nazaryýetinden baha bermek nä dogry bolar. Nähilidir birtaraplaýyn netije çykarmak nädogry bolar.

Gökdepe wakalarynda din hadymlarynyň, han-begleriň ulyrol oýnandygyny hiç kim inkär edip bilmez. Sebäbi şol döwrüňtaryhy şertlerinde başgaça bolmagy mümkin däl ahyry. IlatyGökdepe galasyna göçürip getirmekde, galada saklamakda han laryň, serdarlaryň zorluk ulanandygyny hem hiç kim inkär edip bilmez. Ýöne munuň synpy bähbit aralyp däl-de, umumy halk,watan bähbidi üçin edilendigini hem hiç kim inkär edip bilmez.

Belki, ähli ilatyň Gökdepe galasyna ýygnanmagy ýalňyşlyk bolandyr. Ýöne bir gala jemlenen halky basybalyjylaryň uçdan tutma gyrmaga haky bar diýibem hiç kim aýdyp bilmez. Munuňözi gyrany däl-de, gyrlany günälemek ahyry. Eger şeýle nazary ýetden seretjek bolsaň, 140 müňdenem köp adamyň göz ýumup -açar salymda gyrylmagyna Hirosimanyň üstüne ilkinji atom bombasyny taşlan amerikan imperialistleri däl-de, bir şähereşonça bolup üýşen adamlaryň özleri günäkär bolup çykýar-da!

Ahalyň, tutuş Türkmenistanyň Russiýa parahatçylykly ýol bilen birikdirilmek mümkinçiliginiň bolandygyny hiç kim inkäredip bilmez. Belki, şeýle mümkinçiligiň elden giderilmeginetekeleriň özleriniňem sebäp bolan ýerleri bardyr. Olaryň rus ker wenleriniň üstüne çozan wagtlaram bolupdyr. Teke hanlarynyňruslar bilen gepleşik geçirip, öz tiredeşlerine diýenlerini etdirip bilmedik, gepleşigiň şertlerini berjaý edip bilmedik wagtlaram bolupdyr. Ýöne aňyrdan gelen basybalyjylara sadyklyk bilen bo ýun egmändigi, «parahatçylyk bilen birleşmändigi», öz ýurduny,öz azatlygyny goramak üçin garşylyk görkezendigi üçin türk men halkyny günälemek bolarmy? Haýsy halkyň ikinji bir halky

71

Page 76: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 76/84

onuň «meýletinlik bilen birleşmändigi» sebäpli basyp almaga,gyrgyna bermäge haky barmyş? Basyp almaga hiç kimiň hakyýokdur, öz azatlygyny goramak bolsa her bir halkyň mukaddes borjudyr.

Türkmenistanyň basylyp alynmagynyň Gökdepe wakalary nyň hut yzysüre käbir progressiw netijeleriniň bolandygyny hemhiç kim inkär edip bilmez. Türkmen halky şondan soň ençemeobalaryň ilatynyň gulçulyga sürlüp boşap galmagyna sebäp bo lan alamançylykdan dynypdyr. Ýöne, birinjiden-ä, türkmenleriňalamançylyk bilen meşgullanandygy kimdir biriniň olaryň ýur duny basyp almaga hakynyň bardygyny aňlatmaýar. Eger şeýle boljak bolsa, Russiýa Eýrany hem basyp almaly bolardy. Sebäbitürkmenlerem kürtleriň, parslaryň alamanyndan olardan az ejirçekmändirler. Ikinjiden, Türkmenistanyň Russiýa birikdirilme gi alamançylygyň galmagyny tizleşdirdi diýilse, hakykata hasgolaý bolardy.

Her bir zat taryhy şertlere laýyklykda döreýär, her bir zat tary hy şertlere laýyklykda ýitip gidýär. Alaman türkmenleriň oýlaptapan zady däl. Gulçulyk döwrüniň galyndysy. Ol türkmenlerdehem eýýäm möwritini geçirip barýardy. Türküstanyň, Hywanyňruslar tarapyndan basylyp alynmagy türkmenleri eýýäm gul ba zarlaryndan mahrum edipdi. Türkmenler bolsa özleri saklamaküçin gul, gyrnak getirmän, satmak üçin getiripdirler. Iň esasysy bolsa alamançylygyň geograki çäkleri daralyp gelýärdi.

Hamala, Gökdepe gyrgynçylygy ýerli ähmiýete eýe bolançaknyşyk bolupdyr, tutuş Türkmenistan bolsa Russiýa meýletin lik bilen birigipdir diýip tassyklaýan adamlaryň taryhy hakykaty bilkastlaýynlyk bilen ret edýändigine ýa-da taryhdan ýekeje setirokamandygyna göz ýetirmek kyn däl.

Gökdepe galasynyň alynmagy ýerli ähmiýete eýe bolan çak nyşyk däldi. Gökdepede tutuş Türkmenistanyň, külli türkmeniň

72

Page 77: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 77/84

ykbaly çözülipdi. Hatda Skobelew, Grodekow, Kuropatkin ýalydiňe Ahalyň boýun egdirilmeginde däl, Russiýa imperiýasynyňharby durmuşynda uly rol oýnan adamlar Gökdepe galasynyňalynmagyna tutuş Türkmenistanyň boýun egdirilmegi hökmün de garapdyrlar. Munuň özi hakykatdanam şeýle bolupdy. Soňra1884-nji ýylda Maryda bolan «geňeşiň» netijesi hem 1881-nji ýy lyň 12-nji ýanwarynda Gökdepede çözülipdi.

Gökdepe galasyny goraýjylar ýeňlenem bolsalar, öz ýurduny,azatlygyny gorap saklap bilmedigem bolsalar, basybalyjylary öz başdak bir ýurdy, özbaşdak bir halky basyp alandyklaryny ykraretmäge mejburetdiler. Olar diňe alamançylyk bilen meşgullanyp,göçüp-gonup ýören wagşy taýpalary mugyra getirmändikleri ni, Türkmenistan diýen bir ýurdy basyp alandyklaryny dünýä jar etdiler. Grodekowyň dört tomdan ybarat memuarlarynyň«Türkmenistanda bolan uruş atlandyrylmagy» şuny subut edýär.Onuň üç tomy 1883-nji ýylda çykypdy, ol wagtlar entek Mary daky «geňeş» bolmandy, Türkmenistan heniz Russiýa «meýletin birikmändi». Kuropatkiniň memuarlarynyň hem «Türkmenis tanyň basylyp alynmagy» diýlip atlandyrylandygy şuny subutedýär. Galyberse-de, Türkmenistanyň Eýran bilen serhediniňKaspiden başlap, tä Babadurmaza çenli türkmen halkynyň ar kasyndan, oňa sala salynman çekilendigine, hakykat ýüzündemunuň Türkmenistanyň territoriýasynyň iňlisleriň kömegi bilenRussiýadyr Eýranyň arasynda paýlaşylmagyny aňladandygynagaramazdan, bu aktyň özi şuny subut edýär. 1881-nji ýylyň 9-njydekabrynda Tähranda Russiýa bilen Eýranyň aralygynda Kaspideňzindengündogara tarap serhet çekmekbaradaky konwensiýagol çekilende, heniz Maryda «geňeş» bolmandy, TürkmenistanRussiýa «meýletinlik bilen» birleşmändi.

Gökdepe galasynyň harabaçylygy ahmyr bilen içini tutup,ýere siňip ýatyr. Bu ýerde ata watanyň azatlygy ugrunda müňläp

73

Page 78: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 78/84

adamlar başyny goýdy. Olaryň ganynyň ýerine düşmegi üçin,Türkmenistanyň garaşsyz, özbaşdak ýurt bolmagy üçin ýüz on bir ýyl gerek boldy. Tebigatyň emrine çäre ýok. Ýere siňip barýangala wagtyň geçmegi bilen ýene çöker. Emma minnetdar nesille riň ýüreklerinde bolsa ol gala barha beýgeler. Ýüz on ýyldan soň HATYRA GÜNI diýlip yglan edilen 12-nji ýanwary minnetdarnesiller hiç wagt ýatlaryndan çykarmazlar.

26.10.1991

74

Page 79: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 79/84

Goşmaça A

Ahalteke oazisiniň obalarynyň spisogy, olaryňarçynlarynyň atlary we obalardaky öýleriň sany

1881-nji ýyl. 14-nji aprel.

# Obalaryň ady Öý sany Arçynlaryň ady1. Gyzylarbat 350 Hudaýberdi han2. Bamy 150 Mämmetguly han3. Börme 200 Dykma serdar4. Arçman 200 Nurmuhammet serdar5. Sünçe 40 Beki6. Mürçe 20 Weli ýüzbaşy7. Bäherden 155 Orazmyrat ussa8. Durun 60 Muhammetdurdy baý9. Garagan 55 Babasary

10. Akdepe 150 Arça serdar11. Kelete-Mehin 250 Işmek baý12. Ýarajy 300 Aba13. Gökdepe

1) 350 Aman atly

2) 300 Hajymyrat BagajyGowşak (?)3) 285 Pudak

14. Nowa 25 Ata Garaba ogly15. Ahal 90 Gurban16. Gagşal 150 Halsähet17. Bürki 80 Annaoraz han18. Ganjyk 200 Dowat han

19. Tilkiýaby 128 Ataguly

75

Page 80: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 80/84

20. Gümmetli 200 Orazseýit baý21. Yzgant 150 Durdy döw22. Şorgala 75 Oraz han23. Kelejar 68 Muhammetnyýaz24. Gorjaw 50 Döwletmyrat han25. Büzmeýinler 350 Öwezguly serdar26. Ýasmansalyk 350 Wepadar han27. Herrikgala 325 Sähermyrat28. Gypjak 200 Myrat han29. Gökje 200 Bäşim kel30. Bagyr 70 Amanguly han31. Köşi 300 Tutmuk (?)32. Aşgabat 50 Koşulesbeý (?)33. Änew 200 Suhanberdi34. Gäwers 20 Aba han35. Magtymjülge (Ben

desenden aňyrda)100 Şaule(?) magtym

36. Aşgabadyň gola ýynda ýerleşýänMarydan gaý dyp gelen dürliobalaryň ilaty

380

37. Gumda göçüp-go nup ýörenler

1.800

Jemi 8.876

Ahalyň ilaty esasy dört taýpa bölünýär: wekil, syçmaz, bagşydaşaýakwe beg.

Wekil taýpasy: Gyzylarbat, Durun, Garagan, Akdepe, Kelete-Mehin,Bürki, Gagşal, Ganjyk, Tilkiýaby, Yzgant obalarynda ýaşaýar.

Syçmaz taýpasy: Börme, Ýarajy, Gökdepe obalarynda ýaşaýar.Bagşydaşaýak taýpasy: Arçman, Sünçe, Mürçe, Bäherden, Ýasman

salyk, Büzmeýinler, Herrikgala, Änew obalarynda ýaşaýar.

76

Page 81: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 81/84

Beg taýpasy: Bamy, Nowa, Ahal, Gümmetli, Sorgala, Kelejar, Gorjaw,Gypjak, Gökje, Bagyr, Köşi, Aşgabat, Gäwers obalarynda ýaşa ýar.

Ahalteke oazisiniň ilatyny dolandyryjy, maýor Spolatbog.Kanselýariýany ýörediji, poruçik Murawýew.

N. I. GrodekowyňTürkmenistanda bolan uruş kitabyndan.4-nji tom. Goşmaça N.90.

77

Page 82: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 82/84

Goşmaça B

Ahal obalaryndaky öýleriň we ilatyň Gökdepegalasy alynmazyndan öňki sanyAhally tekeleriň, olar 1881-nji ýylda derbi-dagyn edilmezinden öňkiumumy sanyny Spolatbog 18.000 öýli çomry hasaplaýar. Her obada

şunça öýli ilat bar:Togtamyşyň begi:

Gäwersde 100 öýli.Bagyrda 280 öýli.Gökjede 400 öýli.Gypjakda 380 öýli.Gorjawda 1.000 öýli.Kelejarda 2.000 öýli.Bamyda 300 öýli.Köşüde 200 öýli.Durunda 300 öýli.Änewde 90 öýli. Jemi: 5.050 öýli.

Togtamyşyň wekili:

Aşgabatda 1000 öýli.Köşüde 200 öýli.Yzgantda 400 öýli.Babarapda 100 öýli.Tilkiýabynda 300 öýli.Ganjykýabynda 400 öýli.Bükrüde 100 öýli.

Gagşalda 500 öýli.

78

Page 83: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 83/84

Mehinde 400 öýli.Käriz we Keletede 300 öýli.Akdepede 500 öýli.Garaganda 560 öýli.Gyzylarbatda 1.000 öýli.Durunda 300 öýli.Änewde 90 öýli. Jemi: 6.150 öýli.

Utamyşyň syçmazy:

Änewde 90 öýli.Gökdepede 2.000 öýli.Ýarajyda 600 öýli.Börmede 800 öýli. Jemi: 3.490 öýli.

Utamyşyň bagşydaşaýagy:

Mirewede 110 öýli.Herrikgalada 570 öýli.Ýasmansalykda 600 öýli.Büzmeýinde 1.000 öýli.Bäherdende 400 öýli.Mürçede 180 öýli.Sünçede 60 öýli.Arçmanda 300 öýli.

Änewde 90 öýli. Jemi: 3.310 öýli.

Çomry ilatyň (18.000 öýli) üstüne Spolatbog 12.000-e golaý öýli çarwailaty hem goşýar, onsoň Ahalyň ähli ilaty onuň hasabyna görä, 30.000öýli tegelek sana deň gelýär duruberýär.

N. I. GrodekowyňTürkmenistanda bolan uruş kitabyndan.1-nji tom. 33 – 35-nji sahypalar.

79

Page 84: Gökdepe galasy

8/9/2019 Gökdepe galasy

http://slidepdf.com/reader/full/goekdepe-galasy 84/84

Goşmaça C

Dykma serdaryň maglumatyna görä Ahalobalaryndaky öýleriň sanyAhalyň ilatynyň sany dürlüçe kesgitlenýär: mysal üçin, Wenýukowyňhasabyna görä 30.000 öýli, biziň barlag otrýadlarymyzyň toplan maglu

matlaryna görä 40.000 öýli. Biziň ekspedision otrýadymyzyň ýanynda bolan Dykma (ýa-da Tykma) serdaryň (Börme hany) ynandyrmagynagörä, öýleriň sany 22 müňe ýetýär; öz sözleriniň dogrulygyny tassykla mak üçin, ol oazisdäki obalaryň hemmesini barmak büküp sanady wenetijede takmynan şu san alyndy. Her öý başyna 7 jandan hasap etseň,ilatyň sany 154.000 bolýar. Onuň şaýatlyk etmegine görä, oazisiň ilatyobalar boýunça şu hili bölünýär:

Berkitmeli obalarda: Gyzylarbatda 500 öýli, Goç bilen Zawyň her

birinde 200 öýli; Gyzylçeşmede 40öýli; Bamyda 550 öýli; Börmede1.100öýli; Arçmanda 400 öýli; Sünçe bilen Mürçäniň her birinde 200 öýli;Bäherdende 250 öýli; Durunda 300 öýli; Garaganda 300 öýli; Akdepede1.100 öýli; Mehin bilen Ýarajynyň her birinde 200 öýli; Gökdepede5.000 öýli; Gagşalda 1.000 öýli; Ganjygyň, Gümmetliniň, Yzgandyňhem Büzmeýiniň her birinde 300 öýli; Herrikde 100 öýli; Gypjak bilenGökjäniň her birinde 250 öýli; Köşi bilen Aşgabadyň her birinde 1.000öýli; Änewde 1.100 öýli; Gäwersde 40 öýli we Babadurmazda-da 100öýli.

Berkitmesiz obalarda (35 sany) galan 5320 öýli ilat ýaşaýar. Elbetde,