geljegiň hytaýy

4
1 Geljegiň Hytaýy: Gapma-garşy çaklamalar Markus Urek Terjime: Gutlymyrat Ýegendurdyýew about.me/gutly Amerikaly düşünje jemgyýeti CFR-nyň (Council on Foreign Relations) metbugat organy bolan Foreign Affairs žurnaly (geçen ýylyň) sentýabr- oktýabr sanynda Hytaý ykdysadyýetiniň geljegi barada 2 tapawutly pikire ýer berýän 2 makalany neşir etdi. Makalanyň ikisinde-de Hytaýyň 2030-ly ýyllardan başlap dünýäde esasy güýje öwrülip öwrülmejegi baradaky soraglara jogap bermäge synanşyldy. Awstraliýa Sydneý uniwersitetiniň Sosial Syýasatlar Fakultetiniň professory Salwatore Babones Hytaýyň dünýäni höküm etjegine ynanmaýanlaryň başynda gelýär. Ol, Hytaýyň geçmişdäki ilat syýasaty, ekologiki kirlilik we sosial syýasatlarynyň netijesinde Hytaýyň ykdysady ösüşiniň durjakdygyny we hiç haçan dünýäni höküm edip biljek güýje eýe bolup bilmejekdigini aýdýar. Ýöne Hytaýyň eýýam dünýä höküm edip başlandygyna ynanýanlaram bar. Meselem Peterson institutyndan Arwind Subramanian, dürli ykdysady syýasatlar arkaly Hytaýyň häzirden dünýä höküm edip başlandygyny we dünýä ýurtlarynyň muňa berk taýýarlyk görmelidigini öňe sürýär. HYTAÝYŇ BEÝGELMEGINIŇ ÖŇÜNDÄKI PÄSGELÇILIKLER Salwatore Babones, Hytaý barada negatiw pikirlere ünsi çekse-de ýurtdaky sosial-durmuş şertleriniň ýokarlanjakdygyny, şäherleşmäniň dowam etjekdigini, ilatyň sowatlylygynyň we ýurda goýuljak göni inwestisiýalaryň artjagyny, ykdysady ösüşiň dowam etjegini kabul edýär. Ýöne şonda-da bu ösüşiň ýakyn geljekde häzirki ýaly aňsat bolmajakdygyny hasap edýär. Babonese görä, ykdysadyýetler ulaldygy saýy ösüş tizligini dolandyrmak kynlaşýar. Üstesine, ykdysadyýetleriň globallaşmaklary netijesinde önümçiligiň hili ýokarlanýar. Hiliň ýokarlanmagy bolsa önümçiligiň azalmagy bilen netijelenýär. HYTAÝYŇ ÖŇÜNDÄKİ PÄSGELÇİLİK Ykdysadyýetleriň globallaşmaklary netijesinde önümçiligiň hili ýokarlanýar.Hiliň ýokarlanmagy bolsa önümçiligiň azalmagy bilen netIjelenýär.

Upload: gutly-yegendurdyyew

Post on 20-Jul-2015

59 views

Category:

News & Politics


2 download

TRANSCRIPT

Page 1: Geljegiň Hytaýy

1 Geljegiň Hytaýy: Gapma-garşy çaklamalar

Markus Urek Terjime: Gutlymyrat Ýegendurdyýew

about.me/gutly

Amerikaly düşünje jemgyýeti CFR-nyň (Council on Foreign Relations)

metbugat organy bolan Foreign Affairs žurnaly (geçen ýylyň) sentýabr-

oktýabr sanynda Hytaý ykdysadyýetiniň geljegi barada 2 tapawutly pikire

ýer berýän 2 makalany neşir etdi.

Makalanyň ikisinde-de Hytaýyň 2030-ly ýyllardan başlap dünýäde esasy

güýje öwrülip öwrülmejegi baradaky soraglara jogap bermäge synanşyldy.

Awstraliýa Sydneý uniwersitetiniň Sosial Syýasatlar Fakultetiniň professory

Salwatore Babones Hytaýyň dünýäni höküm etjegine ynanmaýanlaryň

başynda gelýär. Ol, Hytaýyň geçmişdäki ilat syýasaty, ekologiki kirlilik we

sosial syýasatlarynyň netijesinde Hytaýyň ykdysady ösüşiniň durjakdygyny

we hiç haçan dünýäni höküm edip biljek güýje eýe bolup bilmejekdigini

aýdýar. Ýöne Hytaýyň eýýam dünýä höküm edip başlandygyna

ynanýanlaram bar. Meselem Peterson institutyndan Arwind Subramanian,

dürli ykdysady syýasatlar arkaly Hytaýyň häzirden dünýä höküm edip

başlandygyny we dünýä ýurtlarynyň muňa berk taýýarlyk görmelidigini öňe

sürýär.

HYTAÝYŇ BEÝGELMEGINIŇ

ÖŇÜNDÄKI PÄSGELÇILIKLER

Salwatore Babones, Hytaý barada

negatiw pikirlere ünsi çekse-de

ýurtdaky sosial-durmuş şertleriniň

ýokarlanjakdygyny, şäherleşmäniň

dowam etjekdigini, ilatyň

sowatlylygynyň we ýurda goýuljak

göni inwestisiýalaryň artjagyny,

ykdysady ösüşiň dowam etjegini

kabul edýär. Ýöne şonda-da bu ösüşiň ýakyn geljekde häzirki ýaly aňsat

bolmajakdygyny hasap edýär. Babonese görä, ykdysadyýetler ulaldygy saýy

ösüş tizligini dolandyrmak kynlaşýar. Üstesine, ykdysadyýetleriň

globallaşmaklary netijesinde önümçiligiň hili ýokarlanýar. Hiliň

ýokarlanmagy bolsa önümçiligiň azalmagy bilen netijelenýär.

HYTAÝYŇ ÖŇÜNDÄKİ PÄSGELÇİLİK

Ykdysadyýetleriň globallaşmaklary

netijesinde önümçiligiň hili

ýokarlanýar.Hiliň ýokarlanmagy

bolsa önümçiligiň azalmagy bilen

netIjelenýär.

Page 2: Geljegiň Hytaýy

2

Professor Babones köp ideologlaryň Hytaýyň taryhy kuwwatyna täzeden

dolanýandygy baradaky pikirlere-de garşy çykýar. Ol, bu pikirleriň logika

dogry gelýändigini kabul etse-de taryhy hakykaty ýüze çykaryp

bilmeýändigini hasaplaýar. Oňa görä (ykdysadyýet taryhçysy Angus

Maddisonuň ýazanlaryna esaslanyp) Hytaý, diňe walýuta paritetinde we

diňe Marko Polo zamanynda Günbatar bilen deňleşip bilipdir. 1500 we

1800-nji ýyllar arasynda Ýewropa ykdysadyýetleri ýaly gaty çalt ösen Hytaý,

şol wagtky ösüş tizligini hiç haçan gazanyp bilmedi. Angus Maddisona görä,

1820-li ýyllarda Hytaýda jan başyna düşýän milli girdejileriň jemi

Ýewropanyň ýarysyndanam az bolupdyr. Bu deňsizlik 1870-nji ýylda 25%,

1970-li ýyllarda bolsa 7%-e çenli aşaklapdyr.

Babones, Hytaýyň ykdysady geljegi baradaky çaklamalaryň hilsizdigini, ol

çaklamalaryň ýurtdaky syýasy we tebigy faktorlara, ösüşi durduryp biljek

sebäplere seretmezden bir döwürlik ykdysady görkezijilere esaslanyp

taýýarlanýandygyny aýdýar.

Hytaýdaky şäherleşme derejesi entegem günbatar ýurtlary bilen

deňeşdirerden pes. Ýöne dowamly ösüş halynda we 2040-njy ýylda Latyn

Amerika ýurtlaryndaky dereje bilen deňleşmegine garaşylýar. Babones,

şäherleşmäniň artmagynyň jan başyna düşýän milli girdejiniň hem

ýokarlanmagyna mümkinçilik berýändigini aýdýar. Ýöne munuň Hytaýyň

“bir çaga” syýasaty ýaly diňe ýekeje gezeklige mahsus boljakdygyny

belleýär. Çalt şäherleşmäniň Hytaýa getirjek ýene bir meselelerinden biri

häzirki günlerde peýda bolup başlan megaşäherlerde döreýär. Babones,

megaşäherleşmeleriň netijesinde ýurduň geljekde syýasy we ekologiki

meseleler bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyny, munuň bolsa ykdysady ösüşe

böwet boljakdygyny çaklaýar. Birnäçe bilermen, Hytaýyň syýasatynyň

hasam açyk häsiýete eýe bolmalydygyny, ýogsam global babatda ýokary

girdejili önümleri (higher margin product) öndürip bilmejekdigini

oýlaýarlar. Markalaşma, dizaýn, döredijilik we ýokary girdejili önümler üçin

erkin pikirleniş şertleriniň we demokratik infrastukturanyň döredilmegi

zerur bolup durýar.

Hytaýyň öňündäki çözülmeli meselerden ýene biri howa kirliligidir. Dünýä

Saglyk Guramasynyň maglumatlaryna görä, howa kirliligi ýylda 656

müňden gowrak hytaýlynyň ölmegine sebäp bolýar. Ýurtdaky suw kirliligi

bolsa 95 müň 600 adamyň ölümine sebäp bolýan eken. Hytaý suw

ministrligi hem takmynan 300 million adamyň zyýanly maddalary öz içine

alýan suwlardan peýdalanmaga mejbur bolýandygyny bildirýär. Babones

bu görkezijilere esaslananyp, Hytaýyň geljekdäki ösüşiniň tebigy taýdan

Page 3: Geljegiň Hytaýy

3

arassa senagata geçmişdäkiden has köp üns bermäne mejbur

boljakdygyny, munuň bolsa bahalara öz täsirini ýetirjekdigini belleýär.

Babones, Hytaýyň birnäçe kemçiliklerini sanasa-da ýurduň entegem uly bir

ykdysadyýetdigini kabul edýär. Şonda-da ABŞ-nyň global agalygyna zeper

ýetirip biljek derejä ýetmejekdigini aýratyn belleýär. Sebäbi Amerikanyň

töwregi dost we ýaran ýurtlar bilen gurşalan, Hytaý bolsa Günorta Koreýa,

Ýaponiýa, Hindistan we Orsýet ýaly baý, güýçli we bäsdeş ýurtlara goňşy.

Geografiki şertler bilen birlikde Hytaýyň içki meselelerine-de ünsi çeken

Babones, ýurduň öz geografiýasynda esasy döwletlerden boljakdygyny,

emma dünýä hökümini ýetirmek bärde dursun öz töwregine-de höküm

edip bilmejekdigini öňe sürýär.

HYTAÝ GLOBAL AKTÝOR BOLUP

BILERMI?

Babones, beýgelýän Hytaýy howp

hökmünde hasap etmeli däldigini

aýdýar. Hytaýyň 2 asyrlyk

döwürden soň ýene adaty

kuwwatyna eýe bolup

başlandygyny aýdýar we muny ABŞ

we dünýä ýurtlary üçin oňat täzelik

hasaplaýar. Hytaýyň global aktýor

bolmak üçin däl, öz halkynyň sosial

şertleriniň ýokarlandyrylmagy üçin

hereket etjekdigini çaklaýar.

Hytaý ykdysadyýetiniň ulalmagyna we halkara arenadaky beýgelişine

hemmeler Salwatore Babones ýaly oňyn täzelik hökmünde garamaýar.

Žurnalyň şol sanynda çap edilen başga bir makalada Arwind Subramanian

“Gaýragoýulmasyz güýç: Hytaýyň hökmürowanlygy anykdyr” atly

makalasynda ylalaşarlykly çaklamalary bilen Hytaýyň nädip Amerikanyň

agalygyny soňlandyrjakdygyny teswirlemäne synanyşýar.

Subramaniana görä, Hytaý ykdysadyýeti ýakyn geljekde ABŞ ykdysadyýetini

geçip söwda möçberiniň we walýuta akymynyň iň ýokary bolan ýurduna

öwrüler. Ýuanyň (Hytaý pul birligi) kredibiliteti ýokarlanyp dollara garşy

esasy rezerw serişdesi bolar.

Beýleki bilermenlerden tapawutlylykda Subramanian, bir ýurduň baý

bolmazdan güýçli global güýje öwrülip biljekdigine ynanýar. Şeýlelikde

Hytaýyň içki syýasy we tebigy meselelerine garamazdan esasy global güýje

öwrülip biljekdigini öňe sürýär. 2030-njy ýylda orta derejeli bolup galsa-da,

WALÝUTA OÝNY

Hytaý ýuanyň hümmetini pes

saklamak arkaly önümçilikde

birnäçe bäsdeşinden öňe

saýlandy. Birnäçe ýurt, şol

sanda Amerika hem hümmeti

pes bolan ýuanyň garşysynda

Hytaý bilen bäsleşmekde

kynçylyk çekýär.

Page 4: Geljegiň Hytaýy

4

ýurduň daşary syýasat üçin serişde aýryp biljekdigini we milli bähbitler üçin

hasam hereketli syýasat ýöretjekdigini aýdýar. Subramaniana görä, Hytaý

häzirem käbir syýasy we söwda ugurlarynda hökümini ýöredýär. Afrikada

Taýwan ilçihanalary ýapdyryp bilýär. 3 trillion dollarlyk walýuta rezerwi

arkaly Ýewropadaky ykdysady krizisiň soňlandyrylmagy üçin Gresiýa,

Portugaliýa, Ispaniýa we Irlandiýa ýaly ýurtlara karz tekliplerini edip bilýär.

Bugünki günde ähli çaklamalarymyzdan ýüz öwren ýagdaýymyzda-da Hytaý

walýuta kursy syýasaty bilen bütin dünýä ykdysadyýetine täsirini ýetiýär.

Hytaý ýuanyň hümmetini pes saklamak arkaly önümçilikde birnäçe

bäsdeşinden öňe saýlandy. Birnäçe ýurt, şol sanda Amerika hem hümmeti

pes bolan ýuanyň garşysynda Hytaý bilen bäsleşmekde kynçylyk çekýärler.

Ýöne şol bir wagtyň özünde Hytaý amerikaly şereketler üçin esasy bazar

hökmünde tanalýar. Şol sebäplem amerikan hökümeti Hytaýyň walýuta

syýasaty babatda radikal kararlar almaýar. ABŞ-nyň Hytaý syýasatyny

eleşdirýänler sermaýa eýeleri däl, amerikaly işçileri oýlaýan liberal

çepçilerdir.

Subramanian, Amerika ýaly özüne mahsus halkara sistemasyny Hytaý

entek düzmedigem bolsa, ýurduň özboluşly hökmürowanlyk synanşygy

edýändigini görkezýän birnäçe delilleriň bardygyny aýdýar. Hytaý bazaryna

giren her şereketiň hytaýly ýaranlary bilen öz tehnologiýalaryny paýlaşmak

mejburyýetinde bolmagyny, ýuanyň hümmetiniň pes saklanylmagy ýaly

walýuta syýasatyny aýdanlaryna mysal hökmünde görkezýär. Umuman

aýdanda oňa görä Hytaýyň hökmürowanlygy uzakda däl, hatda eýýam

başlady.