döwletleriň ösmegine näme päsgel berýär

11
Döwletleriň ösmegine näme päsgel berýär? Gutlymyrat Ýegendurdyýew about.me/gutly www.about.me/gutly

Upload: gutly-yegendurdyyew

Post on 20-Jul-2015

47 views

Category:

News & Politics


0 download

TRANSCRIPT

Döwletleriň ösmegine näme päsgel berýär?Gutlymyrat Ýegendurdyýewabout.me/gutly

www.about.me/gutly

Bilim, ykdysadyýet, hukuk we beýlekisektorlarda ähli zerur infrastukturany döredipýola düşen ýurtlar ösendirler.

Ösen ýurtda zerur bolan ýollaryň ählisigurlandyr we olar ulanylýar. Mekdep, mugallymýetmezçiligi bolmaýar, uniwersitetleri erkin weýurda gerekli bolan ugurlaryň ählisindehünärmen ýetişdirip bilýär.

Özüne mahsus sungaty bolýar, ýa-da başgaçaaýdanmyzda aýdymçylary başgalaryň sazlarynyogurlap döretmeli bolmaýarlar. Ösen döwletleriňkesgitlemesini uzatmak mümkin.

www.about.me/gutly

Birem ösýän ýurtlar bolýar, bu ýurtlarda ýokarda aýdylanlarentek doly kämilleşmedik bolýa.

Meselem Türkmenistanda şu wagt birgiden bina we ýollargurulýar, bularyň ählisi gurluptamamlanyp ähli ýaşaýjy weedara öý bilen üpjün bolanda jaýüpjünçiligi babatda ýurdumyzösen derejä ýetýär. Häzirki wagtbolsa ösýän döwlet diýip bileris.

www.about.me/gutly

Geçen asyrlarda döwletleriň esasy edýän işi uruşmak we toprak gazanmakdy. Bugünki gün bolsa ýurtlar ykdysady taýdan ösüp finans söweşleri arkaly köpräkgirdeji almagy maksat edinýärler.

www.about.me/gutly

Ýöne häzirem güýçli we ejiz döwletler bar. Güýçli döwletler häzirki wagt öz güýjini ejizdöwletleriň ösmegine päsgel bermek arkalysaklamana synanyşýarlar.

Ýagny ösýän ýurtlaryň ösen ýurdaöwrülmegi gaty bir aňsat iş däl.

www.about.me/gutly

ÝURTLARYŇ YZAGALAKLYGYNYŇ SEBÄPLERI

Döwletler nämüçin yzda galýar soragyny ilkinjibolup orta atan adam Ibn Haldundyr. Ol döwrebap ykdysadyýetiň atasy hem hasaplanýar.

Onuň bu soragyna ilkinji jogap belli ykdysadyýetçi Adam Smitden geldi. Smitdöwletiň ösmegi üçin iň esasy şertiň liberal ykdysadyýetdigini öňe sürýär. Oňa görä döwletiňkontroly bolmasa maýadarlar öz girdejisiniköpeltmek üçin elinden gelenini ederler we olaröz girdejisi üçin hereket edýärkä halkyň hem girdeji gazanmagyna sebäp bolýamyşlar. Bir söz bilen aýdanda kapitalizm ösüşiň iň esasy şerti.

Ykdysadyýet edebiýatynda giňden tanalýan MaksWeber bolsa kapitalizmiň ösmeginiň sebäpleri bilen gyzyklandy. Webere görä adamlar öz arzuwlaryňyzyndan ylgadygy saýy köp gazanýar wegazandyrýardylar.

Käbir ekonomistlere görä yzagalaklygyň esasysebäbi sermaýanyň az bolmagy. Ýagny ýerastyresurslary köp bolan ýurtlar baýaýar, az bolanýurtlar bolsa garyp bolup yzda galýar.

Ýöne bu pikir bilen ylalaşmak mümkin däl. SebäbiKoreýa, Ýaponiýa ýaly ýurtlaryň mysalynda ýerastyresurslarsyz ösüşiň mümkindigini görýäris.

www.about.me/gutly

Belli ykdysadyýetçi Jeffery Saks bolsa birnäçeýurdy lapykeç etjek pikiriň üstünden bardy. Saksa görä käbir regionlardaky ýurtlaryň ösmek şansyýok. Ol geografiki taýdan strategik zolakdaýerleşýän ýurtlaryň ösüp biljegini öňe sürýärdi.

Meniň pikirimçe Saksyň pikiri doly dogry bolmasa-da dogrulardan uzak däl. Çünki käbir ýurtlarönümini eksport etmekde beýleki ýurtlaryň agzynaseretmeli bolýarlar.

Meslem Germaniýany mysal berip bolar, söwdasynyň uly bölegini Gollandiýanyň üsti bilen amala aşyrýar. Eger nemesleriň gollandlarky ýalydünýä ummanyna göni çykyş gapysy bolsadynemes harytlary has arzana düşer we köpsatylardy.

www.about.me/gutly

Aslynda ösüşiň öňünde böwet edip görkezilen ýokardakymeseleler anyk şert bolup bilmez. Çünki Smitiň öňe sürýänliberalizmden ýüz öwren aram-kapitalistik ýurtlar liberal ykdysadyýetli ýurtlardan has uly üstünlik gazandylar.

Uly döwletleriň köpüsi başda liberal ykdysadyýetden uzak durdular. Amerika muňa ilkinji mysal.

www.about.me/gutly

ABŞ ýaňy garaşsyz bolan wagty Angliýa garşy milli ykdysadyýeti döretmekmaksady bilen senagatçylaryň erkin söwda etmeginiň öňüni aldy.

Daşardan gelýän belli harytlara gadaganlyk girizip ýurduň içinde öndürmäge höweslendirdi. ABŞ-nyň bu syýasatyny Ýaponiýa weGünorta Koreýa hem ulandy.

www.about.me/gutly

Meselem Koreýa uruşdan çykansoň amerikalylarolara tüwi ýetişdirip satmagy maslahat beripdiler. Ýöne olar tüwi däl-de gämi, awtoulag weelektronika öndürmegi maksat edinip ýewropalywe ýapon inženerlerini getirip ilkinji önümçiligebaşladylar.

Daşary ýurtly firmalaryň ýurda maýa goýmagyny, önümlerini Koreýada satmaklarynyň öňüni alypmilli senagatyň döremegine şert döretdiler.

Eger olar şol wagt Amerikanyň aýdanlaryna gulakasan bolanda LG we Samsung ýaly şereketler tüwisatardylar. KIA we Hyundai awtoulag däl-de eşek arabasy öndürerdi belki?!

www.about.me/gutly

© Gutlymyrat Ýegendurdyýewabout.me/gutly

www.about.me/gutly