Ýunisef tÜrkmenistanda hereketde - home … gurmalary dessine balamak ba-ş rasynda edilýän...

4
Bilim – bu bir başsütündir! Men şu pursatdan peýdalanyp, jenap Berdy- muhamedowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanaylmagy bilen gutlamak isleýärin we saýlaw möwsümi döwründe we ondan soňky birnäçe hepdäniň dowamynda Prezident tarapyndan bilimiň gaýry goýul- masyz ähmiýete eýedigi barasynda aýdylmagy meni begendirdi. Şeýle hem soňky hepdeleriň içinde Türkmenistan hökümetinden bilim ulgamynda üýtgedip gurmalar geçirmage uly isleginiň bardygy barasyndaky oňyn habarlar ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilçiligini höweslendirdi we geçirilmeli şol üýtgedip gurmalara degişlilikde goldaw işlerini alyp barmaga biz eýýäm taýarlyk görýäris. Bilim ulgamynda üýtgedip gurmalary geçirmek aňsat iş diýen hyýaly oý-pikirlere biz eýermeli däldiris. Esasy bilimiň indi dokuz ýyllykdan on ýyllyga geçirilmegi, täze bilim meýilnamalaryň gözden geçirlip, taslamalarynyň taýarlanyl- magy, okuw kitaplarynyň we beýleki bilim serişdeleriniň işlenilip düzülmegi, şeýle hem ýaşlaryň köprägi üçin okuwlaryny daşary ýurt- larda dowam etdirip, tamamlamak mümkin- çilikleriniň açylmagy ähli okuwçylar üçin inter- netiň elýeterli edilmegi- bularyň hemmesi köp tagalla edip, işlemegi hem köpsanly gyzyk- lanma bildiren taraplaryň has ýaýbaňlandyrlan hyzmatdaşlykda bolmagyny talap edýär. Şeýle diýmek bilen, ÝUNISEF-iň Türkmeni- stan hökümeti bilen ýurtda bilimiň hilini gowylandyrmak ugrynda ençeme ýyllaryň dowamynda gowy işler edenligini belläp geçmek gerek. Mysal getirsek, onda Türk- menistanyň bilim ministrligi bilen ÝUNISEF- iň arasyndaky şeýle hyzmatdaşlykly tagalla- ÝUNISEF-iň wekiliniň aýdan sözi Gyzykly wakalar Türkmenistanda bilim almak hemme derejelerde mugtdyr. 2002-nji ýyldan bäri Türkmeni- stan ysmaz keselçiliginden azat diýlen derejesini sak- lamagy başardy. 2004-nji ýylda Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda duzyň ähliumumy ýodlaşdyrylmagyny gazanan ilkinji döwlet boldy. 2005-nji ýyldan bäri çaga zähmeti barasynda ýurtda kabul edilen kanun esasynda çagalary ň pagta meýdanlarynda i ş lemegi gadagan edilýär. Türkmenistan ynsan hukuk- lary barasyndaky halkara şertnamalaryň ýedisine we beýleki ylalaşyklardyr hukuk resminamalara gol çekip, agza boldy. 2005-nji ýylda Türkmenistan ýurtda Çaga hukugy barasyn- daky konwensiýanyň (CRC) we zenanlara garşy kemsit- meleriň ähli görnüşleriniň ýok edilmegi barasyndaky kon- wensiýanyň (CEDAW) dur- muşa geçirlişi barasynda ilkinji hasabatlaryny tabşyrdy. Türkmenistanyň hökümeti olara degişlilikde degerli gura- malardan jemleýji netijeleri aldy. ÝUNISEF TÜRKMENISTANDA HEREKETDE 5-nji neşir Nowruz aýy, 2007 ý. Çagalar üçin birleşiň: ÝUNISEF özüniň 60 ýaş ýyldönümini belleýär. 2 Çagalaryň diri dogul- magy barasyndaky täze kesgitlemäniň Türk- menistanyň çäginde girizilmegi 3 ÝUNISEF bilim ulga- mynda amala aşyryljak üýtgedip gurmalary guwanç bilen garşylaýar 3 Dünýä çagalarynyň ýagdaýy dogrusynda 2007-nji ýylyň hasabat resminamasy 4 Habarnamanyň şu sanynda For every child Health, Education, Equality, Protection ADVANCE HUMANITY UNITED NATIONS CHILDREN’S FUND Çagalar üçin birleşiň: ÝUNISEF özüniň 60 ýaş ýyldönümini belleýär ÝUNISEF özüniň 60 ýaş çäginde bir topar care geçirdi. 60 ýaş ýyldönümine degişli geçirlen çäreler barasynda köpräk maglumaty şu ha- barnamanyň 2-nji sahy- pasyndan okap bilersiňiz. larynyň netijesinde geçen şu aýyň içinde Aşgabadyň mugallymçylyk kolledjinden 20 mugallymyň ça- galara hoş niýetli mekdepler mesele- sine degişli geçir- len tälim beriji okuwa gatnaşan- dyklary munyň bir mysaly bolup biler. Türkmenistanda eýýäm hoşniýetli mekdepleriň 20 bar, indi bolsa biz Türkmenistanyň hemme çagalarynyň şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, hezil edip öwrenmegiň adaty bir düzgüne öwrülen mekdeplere gatnamagyny üpjün eder yaly bu maksatnamanyň ýaýbaňlandyrlyp, mundan beýläk hem uly depginde durmuşa geçirilme- gini gazanmaly. Şeýle hem geçirilýän Köp görkezijili toparlaýyn sorag-jogap işiň (MIKS) netijeleri şu habarnamamyzyň geljekki sanynda siziň dykgatyňyza ýetirler diýip biz umyt edýäris. ÝUNISEF tarapyndan şular ýaly iş dýnýä ýurtlarynyň 50 gowragynda alnyp baryldy. Onuň görkezijileri bilime, saglyga we iýmitlenme yagdaýyna, hem-de suw üpjünçilik we arassaçylyga degişli. Şu işiň netijeleriniň mümkin boldugyça giňişleýin çap edilmegi örän möhümdir , çünki diňe şeýle edilende, ýurduň hökümetine we gyzyklanma bildirýän beýleki taraplara çagalaryň we zenanlaryň dur- muşlaryny gowylandyrmagy maksat edinýän çäreleri meýilleşdirmekde ýardam edip bolýar. ÝUNISEF-iň wekili Mahbub Şarif

Upload: ledat

Post on 19-Apr-2018

231 views

Category:

Documents


5 download

TRANSCRIPT

Page 1: ÝUNISEF TÜRKMENISTANDA HEREKETDE - Home … gurmalary dessine balamak ba-ş rasynda edilýän wadalar Türkmeni-stanyň çagalary üçin , şeýle hem gel-jekki nesiller üçin bir

Bilim – bu bir başsütündir!

Men şu pursatdan peýdalanyp, jenap Berdy-muhamedowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanaylmagy bilen gutlamak isleýärin we saýlaw möwsümi döwründe we ondan soňky birnäçe hepdäniň dowamynda Prezident tarapyndan bilimiň gaýry goýul-masyz ähmiýete eýedigi barasynda aýdylmagy meni begendirdi. Şeýle hem soňky hepdeleriň içinde Türkmenistan hökümetinden bilim ulgamynda üýtgedip gurmalar geçirmage uly isleginiň bardygy barasyndaky oňyn habarlar ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilçiligini höweslendirdi we geçirilmeli şol üýtgedip gurmalara degişlilikde goldaw işlerini alyp barmaga biz eýýäm taýarlyk görýäris.

Bilim ulgamynda üýtgedip gurmalary geçirmek aňsat iş diýen hyýaly oý-pikirlere biz eýermeli däldiris. Esasy bilimiň indi dokuz ýyllykdan on ýyllyga geçirilmegi, täze bilim meýilnamalaryň gözden geçirlip, taslamalarynyň taýarlanyl-magy, okuw kitaplarynyň we beýleki bilim serişdeleriniň işlenilip düzülmegi, şeýle hem ýaşlaryň köprägi üçin okuwlaryny daşary ýurt-larda dowam etdirip, tamamlamak mümkin-çilikleriniň açylmagy ähli okuwçylar üçin inter-netiň elýeterli edilmegi- bularyň hemmesi köp tagalla edip, işlemegi hem köpsanly gyzyk-lanma bildiren taraplaryň has ýaýbaňlandyrlan hyzmatdaşlykda bolmagyny talap edýär.

Şeýle diýmek bilen, ÝUNISEF-iň Türkmeni-stan hökümeti bilen ýurtda bilimiň hilini gowylandyrmak ugrynda ençeme ýyllaryň dowamynda gowy işler edenligini belläp geçmek gerek. Mysal getirsek, onda Türk-menistanyň bilim ministrligi bilen ÝUNISEF-iň arasyndaky şeýle hyzmatdaşlykly tagalla-

ÝUNISEF-iň wekiliniň aýdan sözi

Gyzykly wakalar

• Türkmenistanda bilim almak hemme derejelerde mugtdyr.

• 2002-nji ýyldan bäri Türkmeni-stan ysmaz keselçiliginden azat diýlen derejesini sak-lamagy başardy.

• 2004-nji ýylda Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda duzyň ähliumumy ýodlaşdyrylmagyny gazanan ilkinji döwlet boldy.

• 2005-nji ýyldan bäri çaga zähmeti barasynda ýurtda kabul edilen kanun esasynda ç a g a l a r y ň p a g t a meýdanlarynda iş lemegi gadagan edilýär.

• Türkmenistan ynsan hukuk-lary barasyndaky halkara şertnamalaryň ýedisine we beýleki ylalaşyklardyr hukuk resminamalara gol çekip, agza boldy.

• 2005-nji ýylda Türkmenistan ýurtda Çaga hukugy barasyn-daky konwensiýanyň (CRC) we zenanlara garşy kemsit-meleriň ähli görnüşleriniň ýok edilmegi barasyndaky kon-wensiýanyň (CEDAW) dur-muşa geçirlişi barasynda ilkinji hasabatlaryny tabşyrdy. Türkmenistanyň hökümeti olara degişlilikde degerli gura-malardan jemleýji netijeleri aldy.

ÝUNISEF TÜRKMENISTANDA HEREKETDE

5-nji neşir

Nowruz aýy, 2007 ý.

Çagalar üçin birleşiň: ÝUNISEF özüniň 60 ýaş ýyldönümini belleýär.

2

Çagalaryň diri dogul-magy barasyndaky täze kesgitlemäniň Türk-menistanyň çäginde girizilmegi

3

ÝUNISEF bilim ulga-mynda amala aşyryljak üýtgedip gurmalary guwanç bilen garşylaýar

3

Dünýä çagalarynyň ýagdaýy dogrusynda 2007-nji ýylyň hasabat resminamasy

4

Habarnamanyň şu sanynda

For every child Health, Education, Equality, Protection ADVANCE HUMANITY UNITED NATIONS CHILDREN’S FUND

Çagalar üçin birleşiň: ÝUNISEF özüniň 60 ýaş ýyldönümini belleýär

ÝUNISEF özüniň 60 ýaş çäginde bir topar care geçirdi.

60 ýaş ýyldönümine degişli geçirlen çäreler barasynda köpräk maglumaty şu ha-barnamanyň 2-nji sahy-pasyndan okap bilersiňiz.

larynyň netijesinde geçen şu aýyň içinde Aşgabadyň mugallymçylyk kolledjinden 20 mugallymyň ça-galara hoş niýetli mekdepler mesele-sine degişli geçir-len tälim beriji okuwa gatnaşan-dyklary munyň bir mysaly bolup biler.

Türkmenistanda eýýäm hoşniýetli mekdepleriň 20 bar, indi bolsa biz Türkmenistanyň hemme çagalarynyň şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, hezil edip öwrenmegiň adaty bir düzgüne öwrülen mekdeplere gatnamagyny üpjün eder yaly bu maksatnamanyň ýaýbaňlandyrlyp, mundan beýläk hem uly depginde durmuşa geçirilme-gini gazanmaly. Şeýle hem geçirilýän Köp görkezijili toparlaýyn sorag-jogap işiň (MIKS) netijeleri şu habarnamamyzyň geljekki sanynda siziň dykgatyňyza ýetirler diýip biz umyt edýäris. ÝUNISEF tarapyndan şular ýaly iş dýnýä ýurtlarynyň 50 gowragynda alnyp baryldy. Onuň görkezijileri bilime, saglyga we iýmitlenme yagdaýyna, hem-de suw üpjünçilik we arassaçylyga degişli. Şu işiň netijeleriniň mümkin boldugyça giňişleýin çap edilmegi örän möhümdir , çünki diňe şeýle edilende, ýurduň hökümetine we gyzyklanma bildirýän beýleki taraplara çagalaryň we zenanlaryň dur-muşlaryny gowylandyrmagy maksat edinýän çäreleri meýilleşdirmekde ýardam edip bolýar.

ÝUNISEF-iň wekili Mahbub Şarif

Page 2: ÝUNISEF TÜRKMENISTANDA HEREKETDE - Home … gurmalary dessine balamak ba-ş rasynda edilýän wadalar Türkmeni-stanyň çagalary üçin , şeýle hem gel-jekki nesiller üçin bir

(1-nji sahypanyň dowamy)

Çagalaryň hukuklary barasynda ÝUNISEF bilen Türkmenistanyň Ýaşlar guramasy bilen hyzmatdaşlykda geçiren tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşligi ÝUNISEF-iň ýyl dönümi bilen bagly dabaranyň çäginde geçirlen çäreleriň ilkinjisi boldy. Şol tegelek stoluň daşynda özleriniň bilime, saglyga, goragly bol-maga we gatnaşmaga bolan hak-hukuklary barasyndaky söhbetdeşlige gatnaşmak üçin dürli-dürli gelip çykyşy bolan çagalar jemlendiler. Özara işjeň gatnaşygy höweslendirmäge niýetlenen ýumuşlar we oýunlar arkaly çagalar ÝUNISEF-iň dünýä möçberinde amala aşyrýan işleri dogrusynda bilimlerini art-dyrdylar we öz hak-hukuklarynyň goral-magyna nähili ýetip biljekdigi barasynda öwrendiler.

ÝUNISEF-iň taryhyna we ösüş onýyllyk-laryna hem ÝUNISEF bilen Türkmeni-stan hökümetiniň arasyndaky hyzmatdaş-lyga bagyşlanylyp 2006-njy ýylyň Bitara-plyk aýynyň 5-nde açylan, Türkmeni-stanyň Milli saz we drama teatrynda bir müň çemesi myhmany üýşüren foto sergi şeýle dabaraly seneleriň biri boldy. Şol foto sergi ÝUNISEF-iň 60 ýaş ýyldönümine bagyş lanmak bilen onýyllyklar arkaly halkara derejesinde çagalara kömek etmek işiniň II-nji Jahan urşundan bäri neneňsi ýol alandygyny

ýatlaýar. Şeýle hem sergide goýlan şekiller çaganyň ölmän galmagy, ösüşi, goralşy we gatnaşygy meselelere degişli ulgamda ÝUNISEF bilen Türkmenistan hökümetiniň arasyndaky 15 ýyllyk hyzmat-daşlygy suratlandyrýar.

Surat sergisinden soň Türk-menistanyň Milli saz we drama teatrynda çagalar ta-

rapyndan taýarlanan ajaýyp konserte tomaşa edildi. Ýaş skripkaçylar ansam-blynyň, horuň, tans toparlarynyň we ayry-ayry aýdymçylaryň , şol sanda ça-galaryň çykyşy, bir müň çemesi tomaşa-çylarda, , ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Klassiki sazdan populyar saza, jazdan folklýora çenli öz içine alýan dürli çykyşlar çagalaryň bile jem biolanda neneňsi güýçli bolýandygyny görkezdi.

Şol konsertiň açylyş dabarasynda söz sözlän, Türkmenistanyň medeniýet, tele we radio gepleşikleriniň ministriniň orunbasary Myrat Orazow şeýle diýdi: “ Çagalar gaznasy ÝUNISEF ýaly dünýä belli edara bilen işleşmek bize ber i len u ly ar tykmaçlykdyr” . “Öňümizdäk i ýy l l a rda b iz iň ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlygymyz barha ýaýbaňlanar we çagalar üçin oňyn netijeler berer diýen umydymyz bar” diýip, jenap Orazow sözüniň üstüne goşdy.

1946-njy ýylda adatdan daşary ýagday meseleleri boýunça gurama hökmünde döredilen ÝUNISEF uruş sebäpli heläkçilige uçran Ýewropany we Hytaýy azyk harytlary, süýt we egin-eşik bilen üpjün etdi. Döräli bäri geçen alty onýyllygyň dowamynda ÝUNISEF adatdan daşary ýagdaýa degiş l i

gaznadan ýer ýüzüniň çagalaryň hak- hukuk-laryny gorap çykyş edýän we çagalaryň isleglerini kanagatlandyrýan ösüş guramasyna öwrüldi.

ÝUNISEF özüniň ýyldönümini bütin ýer togalagynyň çäginde ça-galar meselelerine degişli dürli möwsümleri gurna-mak, şeýle hem esasy neşir

serişdelerini çap etmek hem-de ça-galaryň hak-hukuklary barasynda bilim düşünjäni, habarlylygy artdyr-mak maksady bilen çagalar, ene-atalar, hökümet wezipesindäki hyz-matdaşlar üçin çäreler geçirmek bilen geçirdiler. “ Çagalar ýurdumyzyň iň uly baýlygy bolup durýar, we Türk-menistan öz raýatlary üçin iň gowy geljek bilen üpjün etmegi kepil geçýän bolsa, onda ol ilki bilen çagalarynyň gowy bilimli, terbiýeli, sagdyn we goragly bolmagyny üpjün etmeli”, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili geçirlen dabarada sözlän sözünde belläp geçdi.

Şeüle hem ÝUNISEF-iň Türkmeni-standaky weki lç i l ig i edaranyň ýyldögümini welaýat derejesindäki mekdeplere we hassahanalara hem-de ýerli häkimliklere sapar bilen baryp, ÝUNISEF-iň taryhy we amala aşyrýan işleri barasynda çykyşlar edip we ça-ganyň hukuklary barasynda çagalaryň bilimini artdyrmaklyga bagyşlanan çäreler geçirip, bellediler. ÝUNISEF-iň hökümet derejesindäki hyzmat-daşlary bilen tegelek stoluň daşynda geçiren söhbetdeşligi ÝUNISEF-iň 60 ýaş ýyldönümine bagyşlanyp geçirlen dabaraly çäreleriň jemleýjisi boldy.

Sahypa 2

Çagalar üçin birleşiň: ÝUNISEF özüniň 60 ýaş ýyldönümini belleýär

ÝUNISEF TÜRKMENISTANDA HEREKETDE

For every child Health, Education, Equality, Protection ADVANCE HUMANITY UNITED NATIONS CHILDREN’S FUND

Page 3: ÝUNISEF TÜRKMENISTANDA HEREKETDE - Home … gurmalary dessine balamak ba-ş rasynda edilýän wadalar Türkmeni-stanyň çagalary üçin , şeýle hem gel-jekki nesiller üçin bir

Geçen ýylyň Sanjar aýynda Türkmeni-stan hökümeti çaganyň diri dogul-magyna degişli kesgitlemäniň halkara derejesinde ykrar edilen ülňülerini kabul etdi. Şu ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 1-nden Türkmenistanyň luk-mançylyk edaralary Dünýä Saglyk Gu-ramasy tarapyndan teklip edilen ça-ganyň diri dogulmagyna degişli kes-gitlemelerini ulanyp başlady we şol kesgitlemeleriň durmuşa geçirlişine gözegçilik etmek üçin ýörite iş topary döredildi. Çaganyň diri dogulmagyna

degişli kesgitlemäni kabul etmek bilen Türkmenistan h ö k ü m e t i ç a g a l a r y ň ýaşamaga we ölmän galmaga bolan hukugynyň berjaý edilmegi ugrunda tagalla etjekdigini subut edýär. Türkmenistanyň şeýle kakar gelenliginden ugur alyp, merkezi Aziýanyň ähli ýurt-

lary çaganyň diri dogulmagyna degişli kesgitlemäniň halkara derejesindäki ül-ňülerini durmuşa geçirýärler we bu ugurda tagalla etjekdigine söz berýärler.

Dünýä Saglyk Guramasy tarapyndan teklip edilen çaganyň diri dogulmagyna degişli kesgitlemäniň halkara dere-jesindäki ülňülerine geçmek öňki Sowet döwriniň muňa degişli tekliplerinden bir ädim tesmegi aňladýar we öňler düşük boldy, ýa-da öli dogdy diýlip hasap edilen bäbekleriň diri galyp ýaşamagyna

bir mümkinçilik bolar. Şeýle hem Türk-menistan hökümetiniň şeýle çözgüdi täze dogan bäbekleriň ideginiň gowy-landyrmak - lygyna, ölmän galmagyna we kömek edilmegine we mundane beýläk hem çaga we ene ölüminiň azal-magyna, galyberse-de Ösüşiň müňýyllyk maksatlaryna üstünlikli ýetmeklige tarap gönükdirlen uly tagalladyr. Türkmeni-stanyň Dünýä Saglyk Guramasy ta-rapyndan teklip edilen çaganyň diri dogulmagyna degişli kesgitlemäniň hal-kara derejesindäki ülňülerine geçmegi Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasy bolan ÝUNISEF –iň , Dünýä Saglyk Guramasynyň (DSG), Birleşen M i l l e t l e r G u r a m a s y n yň I l a t Gaznasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştat-larynyň Halkara Ösüş Edarasy ÝUSAID-iň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kesellere Gözegçilik etmek we öňüni almak merkeziniň (KGM) başlangyçlary tarapyndan goldanylýar.

malaryň netijeli durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň bilim ulgamynyň hal-kara derejedäki bilim ülňülerine goşul-magyna ýol açar; Türkmenistanyň mekdepleriniň berýän orta bilim şahadat-namalaryna halkara derejesinde sarpa goýular we Türkmen okuwçylaryna daşary ýurtdaky maksatnamalardan peýdalanmagy aňsatlaşdyrar. Ýokary bilim ulgamynyň hem çaginde geçiriljek uly üýtgedip gurmalar, şol sanda bäş ýyllyk okuw maksatnamalarynyň girizil-megi, Türkmenistanda alynan ýokary bilim diplomlarynyň halkara derejesinde giňden ykrar edilmegine kepil bolar.

Çagalaryň aňry baş derejeli bähbitlerini gorap çykyş etmek maksady bilen, Türk-menistan birnäçe halkara şertnamalary Kabul etdi. Bilim bolsa şular ýaly yla-laşyklaryň çägindäki borçnamalaryň üstünlikli berjay edilmeginde esasy sütünleriň biri bolup durýar. Bilim hal-kara ülňülere laýyk getirmek maksady bilen geçirilýän aýry-aýry çäreleriň ara-synda mekdep meýilnamalarydyr- mak-satnamalaryny kämilleşdirmek durýar. Bu bolsa mugallymlary taýarlamak işine

Tükmenistanyň bilim ulgamynda gele-jekde geçirilmegi mümkin bolup durian üýtgedip gurmalar çagalaryň has gowy durmuşda ýaşamagyna ýurduň bolsa gülläp ösmegine mümkinçilik berýär.

ÝUNISEF-iň Tükmenistandaky wekilçiligi ÝUNESKO-nyň Tähranda ýerleşýän sebitdäki dört döwletine deg-işli klaster edarasy bilen bilelikde bilim u lgamynda üýtged ip gurmalar (reformalar) geçirmek barasynda ber-ilýän sözleri oňlap, garşy alýarlar. Geçirilmegi garaşylýan üýtgedip gur-malaryň hatarynda esasy bilimiň indi dokuz ýyllykdan on ýyllyga geçirilmegi, ähli okuwçylar üçin internetiň elýeterli edilmegi, şeýle hem ýaşlaryň köprägi üçin okuwlaryny daşary ýurtlarda dowam etdirip, tamamlamak mümkin-çilikleriniň açylmagy girýär. Şeýle üýt-gedip gurmalary dessine başlamak ba-rasynda edilýän wadalar Türkmeni-stanyň çagalary üçin , şeýle hem gel-jekki nesiller üçin bir giden täze müm-kinçilikler açýar. Teklip edilýän refor-

has köp maýagoýumlaryň edilmegini we çagalara degişli meseleleriň we çaga hukuklarynyň mekdep maksatnama-larynyň aýrylmaz bir bölegi hasaplan-magyny talap edýär. Türkmen ça-galarynyň häzirki zaman öwrenme we bilim alma guraldyr- abzallarynyň hemmesinden peýdalanmaga mümkin-çilikleri bolar ýaly, olaryň ählisi üçin Internet hyzmatlarynyň el ýeterli edilip goýulmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Edil öňler bolşy ýaly ÝUNISEF we ÝUNESKO Türkmenistanyň bilim ulgamynyň hemme derejelerinde ber-ilýän bilimiň hiliniň gowylandyrmak ugrunda edýän tagallalaryna goldaw bermegini dowam eder. Geçirilmegi garaşylýan üýtgedip gurmalar çagalar üçin edilýän maýa goýumlaryň artdyryl-magyna hoşniýet l i mümkinçi l ik döredýär. Türkmenistan hökümeti, ÝUNISEF, ÝUNESKO we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplaryň arasyn-daky hyzmatdaşlyk goýberilýän maddy serişdeleriň diňe Türkmenistanly ça-galaryň ýagty geljegi üçin sarp ediljek-digini kepil geçip bilerler.

SAGLYK: Türkmenistan çaganyň diri dogulmagyna degişli kesgitlemäniň halkara derejesindäki ülňülerini girizýär

BILIM: ÝUNISEF Tükmenistanyň bilim ulgamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän üýtgedip gurmalary begenç bilen garşy alýar

5-nji neşir Sahypa 3

For every child Health, Education, Equality, Protection ADVANCE HUMANITY UNITED NATIONS CHILDREN’S FUND

Page 4: ÝUNISEF TÜRKMENISTANDA HEREKETDE - Home … gurmalary dessine balamak ba-ş rasynda edilýän wadalar Türkmeni-stanyň çagalary üçin , şeýle hem gel-jekki nesiller üçin bir

dogrusynda 2007-nji ýylyň hasabat res-minamasynda gender taýdan deňlige ýetmek üçin geçirilmeli işleriň ýedisi agzalyar:

Bilim: esasy çäreleriň arasynda mekdep töleglerine degişli düzgünnamalary ýatyrmak we ene-atalary we jem-gyýetçilikleri gyzlaryň okuwyna maýa goýumlar etmäge höweslendirmek.

Maliýeleşdirmek: Gender taýdan deňlige we zenanlaryň ygtyýarlyklarynyň artdyrylmagyna degişli maksada ýetmek üçin gerek bolan serişdeler ýeterlik dere-jede ykrar edilmedi. Gender taýdan kemsidilmeleriň ýok edilmegine gerek bolan maýa goýumlar döwlet býüjet serişdelerine we meýilnamalaryna go-şulmalydyr.

Kanunçylyk: Eýeçilik kanunyna we mirasçylyk hak-hukuklaryna degişli döwlet kanunçylygy aýallary hem naz-arda tutýan derejede bolup, sol sanda maşgalalarda ýüz berýän zulumçylyk-

Jyns nukdaý nazaryndan (gender) kemsitmeleri ýok etmek we zenanlara has köpräk ygtyýarlyklar bermek çagalaryň ölmän diri galmagyna we olaryň durmuş ýagdaýlarynyň gowylanmagyna uly we oňyn täsirini ýetirip biler diýlip ÝUNISEF-iň dünýä çagalarynyň ýag-daýy dogrusynda taýar-lan täze hasabatynda nygtalýar.

Gender taýdan deňligiň “goşa bähbidi” bolmak bilen, ol zenanlar hem çagalar üçin peýdaly bolar. Mundan başga-da ol maşgalalaryň , jemgyýetçilikleriň we halklaryň saglygy we ösmegi üçin esasy zatdyr, diýlip Dünýä çagalarynyň ýagdaýy dogrusynda 2007-nji ýylyň hasabat resminamasynda aýdylýar.

ÝUNISEF-iň ýerine ýetiriji müdiri Änn M. Winmän “Gender taýdan deňlik we çagalaryň gowy durmuş ýagdaýda bolmagy özara berk bagly-dyr. Eger-de zenanlara doly we öndürijilikli durmuşda ýaşamak üçin gerek bolan ygtyýarlyklar berilende, çagalar we maşgalalar gülläp ösýär.” diýip nygtady.

Şu hasabat resminamasyna laýyklykda aýallaryň esasy çözgütlere ýetirýän täsiri aýallaryň ýaşaýyşlaryny gowylaşdyrýar we çagalaryň maddy durmuş ýagdaýyna we ösüşine oňyn täsir edýär.

Dünýä ç aga l a r y nyň ý agdaýy

laryň, şeýle hem gender esasynda amala aşyrylýan zulumçylygyň öňüni almak çäreleri hem goşulmaly.

Kanunçylyk kwotalary: kwotalar aýallaryň ýurduň syýasy durmuşyna gatnaş-dyry lmagyny kep i l geçýänlikde subut edilen usulýetdir. Parlamentiniň hatarynda aýallaryň sany köp bolan ýurtlaryň 20-sinden diňe 17-nde kwota-laryň haýsy-da bolsa bir görnüşi ulanylýar.

Zenanlar zenanlara has köp ygtyýarlar berýär: mümkinçilikleri pes bolan aýallaryň deňlik we has köp ygtyýarly edilmegi ugrundaky hereketi netijelidir we bu çäreler syýasaty döretmegiň aşaky basgan-çaklarynda geçirlip bilner, çünki diňe şol basgançakda maksatnamalar düzülende zenanlaryň we çagalaryň islegleri hem naz-arda tutulyp bilner.

Erkekleri we oglanlary goşmak: gen-der taýdan deňliligiň bähbitlerinden ugur alyp, erkekleri we oglanlary, şeýle hem zenanlary we gyzlary bilimli etmek, şeýle hem kararlaryň bilelikde alynmagy hyz-matdaşlygyň has berk görnüşiniň döräp ösmegine alyp barar.

Kämilleşen gözegçilik we maglumat: has gowy hilli maglumat we seljeriş işleri , hususanda ene ölümine, aýallara garşy zulumçylykly hereketem bilime, iş üpjünçiligine, aýlyklara, nölegsiz işlere we wagytdan peýdalanmaklyga hem syýasapa gatnaşmaklyga gezek gelende, örän möhümdir.

Dünýä çagalarynyň ýagdaýy dogrusynda 2007-nji ýylyň hasabat resminamasy: Çagalara kömek etmek maksady bilen zenanlara köpräk ygtyýarlyklar bermeli

ÝUNISEF

Galkynyş köç., 40 jaýy, Aşgabat 744013 Türkmenistan

Soraglaryňyz, tekl ip ler iň iz , ýada başga

bel l ik ler iň iz bar bolsa , s iz ÝUNISEF-iň

Türkmenistandaky weki lç i l ig in iň

aragatnaşyklar bölümine ýüz tutup bi lers iň iz

Telefon: +99312 425681/82/85/86 Faks +99312 420830

Email: [email protected] http://www.unicef.org/turkmenistan

For every child Health, Education, Equality, Protection ADVANCE HUMANITY UNITED NATIONS CHILDREN’S FUND

Dünýä çagalarynyň ýagdaýy dogrusynda 2007-nji ýylyň hasabat resminamasyna degişli maglumaty internetiň http://www.unicef.org/sowc07 sahypasyndan alyp bilersiňiz