golland daýhanlaryndan öwrenere zat kän

3
1 Golland daýhanlaryndan öwrenere zat kän Gutlymyrat Ýegendurdyýew about.me/gutly Gollandiýa diýlen ýurt Mary welaýatynyň ýarysyndanam kiçi topraklarda ýerleşýär. Gollandiýa diýlende türkmenleriň aklyna birinji bolup Wan Basten, Robben, Wan Persi ýaly futbolçular gelýär. Pyrtykal reňkli formasyndan tanaýarys Gollandiýany. Ýöne baýdagy, ykdysadyýeti, aýratyn taraplary dogrusy köpümize nämälim. Birem Amsterdam atly şäheriniň şöhraty bilen meşhur, ýöne bu temalara içgin girip oturmakçy däl. Gollandiýa aslynda daýhanlary, has takygy obasenagatdaky üstünligi bilen ykdysady älemde uly meşhurlyga eýe. Ilatyň diňe 4%-i daýhançylyk bilen meşgullanýar. Takmynan 600 müň adam daýhan. Bu sanlardan gelip çykyp ekerançylygyň ösmedikdigini çakladym. Emma ekerançylygyň ykdysady möçberini göremde çaklamalarym nädogry çykdy. Bu ýurt ýylda 55 milliard dollarlyk obasenagat önümi öndürýär. Hytaýyňkydan, Türkiýäniňkiden, Orsýetiňkiden has köp. Dünýäde ABŞ we Fransiýadan soň 3-nji ýerde. Muny nädip başarýar? Golland obasenagat sistemasyna seredeniňde ünsüňi esasan şu 3 aýratynlygy çekýär: 1. Ekerançylyk bilen firmalar meşgullanýar 2. Gawun, garpyz, kartoşka-ählisi biržanyň üsti bilen satylýar 3. Bilim we tehnologiýa giňden ulanylýar. Gollandiýada hiç bir daýhan özbaşyna hereket etmeýär. Aslynda daýhan diýen adamyň ýa agronom, ýa-da telekeçi bolup çykýar. Olar ýörite obasenagat institutlary bilen aragatnaşyk saklap iň gowy önümi öndürmäne synanyşýarlar. Her biri firmanyň parçasy, has dogrusy ekerançylyk kooperatiwleriniň agzasy.

Upload: gutly-yegendurdyyew

Post on 20-Jul-2015

32 views

Category:

Business


1 download

TRANSCRIPT

Page 1: Golland daýhanlaryndan öwrenere zat kän

1

Golland daýhanlaryndan öwrenere zat kän

Gutlymyrat Ýegendurdyýew

about.me/gutly

Gollandiýa diýlen ýurt Mary welaýatynyň ýarysyndanam kiçi topraklarda

ýerleşýär. Gollandiýa diýlende türkmenleriň aklyna birinji bolup Wan

Basten, Robben, Wan Persi ýaly futbolçular gelýär. Pyrtykal reňkli

formasyndan tanaýarys Gollandiýany. Ýöne baýdagy, ykdysadyýeti, aýratyn

taraplary dogrusy köpümize nämälim. Birem Amsterdam atly şäheriniň

şöhraty bilen meşhur, ýöne bu temalara içgin girip oturmakçy däl.

Gollandiýa aslynda daýhanlary, has takygy obasenagatdaky üstünligi bilen

ykdysady älemde uly meşhurlyga eýe. Ilatyň diňe 4%-i daýhançylyk bilen

meşgullanýar. Takmynan 600 müň adam daýhan. Bu sanlardan gelip çykyp

ekerançylygyň ösmedikdigini çakladym. Emma ekerançylygyň ykdysady

möçberini göremde çaklamalarym nädogry çykdy.

Bu ýurt ýylda 55 milliard dollarlyk obasenagat önümi öndürýär.

Hytaýyňkydan, Türkiýäniňkiden, Orsýetiňkiden has köp. Dünýäde ABŞ we

Fransiýadan soň 3-nji ýerde.

Muny nädip başarýar?

Golland obasenagat sistemasyna seredeniňde ünsüňi esasan şu 3

aýratynlygy çekýär:

1. Ekerançylyk bilen firmalar meşgullanýar 2. Gawun, garpyz, kartoşka-ählisi biržanyň üsti bilen satylýar 3. Bilim we tehnologiýa giňden ulanylýar.

Gollandiýada hiç bir daýhan özbaşyna hereket etmeýär. Aslynda daýhan

diýen adamyň ýa agronom, ýa-da telekeçi bolup çykýar. Olar ýörite

obasenagat institutlary bilen aragatnaşyk saklap iň gowy önümi öndürmäne

synanyşýarlar. Her biri firmanyň parçasy, has dogrusy ekerançylyk

kooperatiwleriniň agzasy.

Page 2: Golland daýhanlaryndan öwrenere zat kän

2

1. Gollandiýada bir ýyladyşhana.

Näme we näçeräk önüm öndürmelidigini kooperatiwler öwrenýär. Soň gowy

önüm ýeterli mukdarda öndürilýär. Bazaryň ýagdaýy öňünden öwrenilensoň

önümiň bahasy gymmatlamaýar we arzanlamaýar. Durnukly bahadan

alyjylara ýetirilýär. Önümi ýaýratmak we satmak işini hem şolar edýärler.

Ähli zat biržanyň üsti bilen satylansoň import etmek isleýän daşary ýurtlylar

oba-oba gezip daýhan gözlemeli bolanok. Gerek önümini biržanyň üsti bilen

kooperatiwlerden alýarlar. Bu bolsa hem wagty hem puly tygşytlaýar.

Agronomlaryň, alymlaryň akademikleriň işleýän ýörite institutlary bar. Olar

ekerançlygy ösdürmek üçin dowamly gözleg işlerini geçirýärler. Täze-täze

tohum görnüşleri döredilýär. Olaryň arasyndan iň gowy tohumlar saýlanyp

ýetişdirilýär. Ýyldadyşhana, suwaryş we mehanika tehnologiýalary

kämilleşdirýärler.

Bu institutlar daýhan kooperatiwleri bilen dowamly aragatnaşyk saklaýar.

Daýhanlar gerekli tohumy ilki synagdan geçirip iň gowysyny ekýärler.

Gül biržasy

Page 3: Golland daýhanlaryndan öwrenere zat kän

3

Gollandiýada daýhançylyk şeýleräk. Bilimiň gazananlary giňden ulanylansoň,

üstesine daýhanlaryň sowatly we agzybir bolmagy şeýle üstünlikleri

getiripdir. 600 gekdar Türkmenistanda gaty kän meýdan hasaplananok.

Ýöne 2 milliard dollar gaty uly pul hasaplanýar. Gollandiýa bolsa şol 600

gekdara diňe gül ekip 2 milliard dollarlyk önüm öndürip bilýär.

Diýmek uly girdeji üçin agzybirlik we bilim gerek. Diplom diňe inženere däl,

daýhana-da gerek eken.