geografiýanyň güýji

6
Gutlymyrat Ýegendurdyýew about.me/gutly Geografiýanyň durmuşymyzdaky orny pikir edişimizden has güýçli. Sosial ýagdaýymyz, ykdysady ösüş we syýasy güýjimiz geografiýa bilen gönüden-göni bagly. Nähili? Iň aňsat mysal mugt gaz we tok. Eger Türkmenistan nebit-gaza baý ýerde ýerleşmedik bolsa mugt gaz sarp edip bilmezdik. Ata-babalarymyz asyrlaryň dowamyndan ondan-muňa göçüp ýaşapdyrlar. Eger olar ýalňyşlyk bilen Garagum çölüniň eteklerinde ýerleşmän Kiçi Aziýa ýa-da Kawkaz daglaryna ýerleşen bolsalar, ak garly daglarymyz, ýap-ýaşyl tokaýlarymyz bolardy. Belki has owadan tebigatyň gujagynda ýaşardyk ýöne gaz, benzin we tok salgytlaryndan ýaňa jübümizde zat galmazdy. Geografiýanyň gündelik durmuşymyza ýetirjek täsirleri şular ýaly. Geografiýanyň güýji

Upload: gutly-yegendurdyyew

Post on 20-Jul-2015

63 views

Category:

Economy & Finance


0 download

TRANSCRIPT

Gutlymyrat Ýegendurdyýewabout.me/gutly

Geografiýanyň durmuşymyzdaky ornypikir edişimizden has güýçli. Sosialýagdaýymyz, ykdysady ösüş we syýasygüýjimiz geografiýa bilen gönüden-gönibagly. Nähili? Iň aňsat mysal mugt gaz wetok. Eger Türkmenistan nebit-gaza baýýerde ýerleşmedik bolsa mugt gaz sarpedip bilmezdik.

Ata-babalarymyz asyrlaryň dowamyndanondan-muňa göçüp ýaşapdyrlar. Eger olarýalňyşlyk bilen Garagum çölüniňeteklerinde ýerleşmän Kiçi Aziýa ýa-daKawkaz daglaryna ýerleşen bolsalar, akgarly daglarymyz, ýap-ýaşyl tokaýlarymyzbolardy. Belki has owadan tebigatyňgujagynda ýaşardyk ýöne gaz, benzin wetok salgytlaryndan ýaňa jübümizde zatgalmazdy. Geografiýanyň gündelikdurmuşymyza ýetirjek täsirleri şular ýaly.

Geografiýanyň güýji

Taryhda muňa birgiden mysal bar. Iňlislerdeňize açylan gününden başlap iň gereklinokatlary öz topraklaryna goşupdyrlar. Häzirdeňiz kenarynda ýerleşen esasyport-şäherleriň aglabasy iňlislere degişli,ýa-da öň şolara garaşly bolan. Gibraltar,Singapur, Bombeý, Gong Kong, Dubaý –sanasaň sogaby bar. Gibraltaryň üstündehäzirki günlerde hem aram-aram dawalarçykýa iňlis we ispanlaryň arasynda. Iňlislerdiňeje Bosfor bogazy üçin Osmanimperiýasy bilen söweşe giren halk. Sebäbigeografiýa güýç getirýär. Olar wagtyndamuňa doly göz ýetirdipdiler.

Belki bu barada öňem eşdensiňiz. Amazontokaýlarynda häzirki dünýäden bihabar bolanbirnäçe halkyň barlygy anyklandy. Ilki eşdenwagtym gaty geň galypdym. Biz XXI asyrdaýaşaýarys. Alymlar köp adamyň aklynasygmajak açyşlary edýär. Aýa, Marsa gidilýär,ýaşap boljak başga planeta gözlenýär. Ýönedünýäniň bir künjegine bütin bu zatlardanhabarsyz ilki-durmuş obşina gurluşyndaýaşaýan halklar bar.

Eger şol halklar barmasy kyn bolan Amazontokaýlarynda ýaşaman Indoneziýa ýa-da Sibirtokaýlarynda ýaşan bolanlarynda XXI asryňeşretlerinden peýdalanmana mümkinçiligibolardy. Horezm, Rim, Hytaý medeniýetleriýaly uly medeniýet döredip bilerdiler belki.Ýöne edip bilmediler. Sebäbi geografiki taýdanjuda ähmiýetsiz ýerde, “barsagelmez”diýarynda ýaşaýardylar. Şol sebäplem olaradaty halklardan onlarça asyr yzda.

Geografiýanyň güýji

“Nämüçin iňlisler fransuzlardan has köp açyşedýär? Soragyň jogaby geografiýa bolupbilermi? Fransiýa güneşli ýurt. Kim daşardagüneşiň keýpini çykarmak durkalabaratoriýada saçyny agartmak islär?Angliýa bolsa ýagyşly we ümürli. Iňlislerdaşara kän çykmansoň öýlerinde kitapokamagy makul bilýärler. Şol sebäplemokap-okap birgiden alym ýetişdirdiler”

Ýakynda türk blogger Figen Onuryň iňlisalymlary barada ýazan bir bloguna duş gelipdim.Ol degişme häsiýetli ýazan blogunda iňlisleriňfransuzlardan köp açyş etmegini geografiýa weklimat şertlerine baglapdyr. Ine şol blogdan 1-2sözlem:

Figeniň bu sözlerini ylmy taýdan derňäp oturmakhökman däl. Geografiýa ylmyň ösmeginde-de baş

rolda oýnaýar.

Meselem Nýuton biziň Garagumda doglan bolsadykellesine alma gaçmazdy. Şeýlelikde ol grawitasiýa

kanunyny hem döredip bilmezdi. Başga mysallarhökman däl bolsa gerek?

Gutlymyrat Ýegendurdyýew

Çeşme görkezip göçürübermeli

about.me/gutly