finlandiýada bir mekdep

3
Gutlymyrat Ýegendurdyýew 1 Finlandiýada bir mekdep Gutlymyrat Ýegendurdyýew about.me/gutly Finlandiýa Skandinaw ýarymadasynda ýerleşýär. Edil biziň ýurdumyz ýaly az ilatyna garamazdan meýdany uly bolan ýurt. Finlandiýa bütin dünýäde bilim babatda başarjaňlygy bilen tanalýar. Iň bäşlikçi bilen ikilikçi okuwçynyň aratapawudynyň iň az bolan ýurdy. Şol sebäpli fin bilim sistemasy bilen gyzyklanyp gördüm we öwrenen zatlarymy paýlaşmak isleýärin. Fin bilim sistemasy 1970-li ýyllardan bäri üýtgewsiz durmuşa geçirip gelinýär. Aslynda bu sistema finler tarapyndan gaty eleşdirilýärdi. Çünki okuw sagatlary bary-ýogy 4 sagat we hökümet mugallymyň işine garyşmaýardy. Barlaglar, synaglar geçirilmeýär, ähli hukuk mugallymyň elindedi. Ýöne 2000- nji ýylda ilkinji PISA testi geçirilende netijeleri finleri bolşy ýaly bütin dünýäni hem haýran galdyrdy. Ol testde Finlandiýa birinji bolupdy we häzirki günlere çenli ilkinji orunlary saklap gelýär. Şondan soň dünýäniň ünsi fin bilim sistemasyna gönükdi. Finlerden bu üstünligiň syry näme diýip sorasaň mugallymlary görkezýärler. Finlandiýada mugallym Mugallym bolmak bu ýurtda iň abraýly hünärlerden biri. Ýöne bu hünäriň diplomyny almak aňsat iş däl. Finlandiýada mugallymçylyk okamak isleýänler 3 tapgyrly synagdan geçirilýär. Finlandiýa PISA Testlerinde Günorta Koreýa we Irlandiýa bilen birlikde ilkinji orunlary eýeläp gelýär Günlik okuw wagty 4 sagat Mugallym bolmak üçin aspirantura okamak mejbury Kitaphanalar koridorlarda ýerleşýär Finlandiýa iň üstünlikli okuwçy bilen iň başarnyksyz okuwçynyň aratapawudynyň iň pes bolan ýurdy FIN BILIM SISTEMASYNYŇ AÝRATYNLYKLARY

Upload: gutly-yegendurdyyew

Post on 20-Jul-2015

45 views

Category:

Education


0 download

TRANSCRIPT

Page 1: Finlandiýada bir mekdep

Gutlymyrat Ýegendurdyýew

1 Finlandiýada bir mekdep

Gutlymyrat Ýegendurdyýew

about.me/gutly

Finlandiýa Skandinaw ýarymadasynda ýerleşýär. Edil biziň ýurdumyz ýaly az

ilatyna garamazdan meýdany uly bolan ýurt.

Finlandiýa bütin dünýäde bilim babatda

başarjaňlygy bilen tanalýar. Iň bäşlikçi

bilen iň ikilikçi okuwçynyň

aratapawudynyň iň az bolan ýurdy. Şol

sebäpli fin bilim sistemasy bilen

gyzyklanyp gördüm we öwrenen

zatlarymy paýlaşmak isleýärin.

Fin bilim sistemasy 1970-li ýyllardan bäri

üýtgewsiz durmuşa geçirip gelinýär.

Aslynda bu sistema finler tarapyndan

gaty eleşdirilýärdi. Çünki okuw sagatlary

bary-ýogy 4 sagat we hökümet

mugallymyň işine garyşmaýardy.

Barlaglar, synaglar geçirilmeýär, ähli

hukuk mugallymyň elindedi. Ýöne 2000-

nji ýylda ilkinji PISA testi geçirilende

netijeleri finleri bolşy ýaly bütin dünýäni

hem haýran galdyrdy. Ol testde

Finlandiýa birinji bolupdy we häzirki

günlere çenli ilkinji orunlary saklap

gelýär. Şondan soň dünýäniň ünsi fin

bilim sistemasyna gönükdi.

Finlerden bu üstünligiň syry näme diýip

sorasaň mugallymlary görkezýärler.

Finlandiýada mugallym

Mugallym bolmak bu ýurtda iň abraýly hünärlerden biri. Ýöne bu hünäriň

diplomyny almak aňsat iş däl.

Finlandiýada mugallymçylyk okamak isleýänler 3 tapgyrly synagdan

geçirilýär.

Finlandiýa PISA

Testlerinde

Günorta Koreýa we

Irlandiýa bilen

birlikde ilkinji

orunlary eýeläp

gelýär

Günlik okuw wagty

4 sagat

Mugallym bolmak

üçin aspirantura

okamak mejbury

Kitaphanalar

koridorlarda

ýerleşýär

Finlandiýa iň

üstünlikli okuwçy

bilen iň

başarnyksyz

okuwçynyň

aratapawudynyň iň

pes bolan ýurdy

FIN BILIM SISTEMASYNYŇ AÝRATYNLYKLARY

Page 2: Finlandiýada bir mekdep

Gutlymyrat Ýegendurdyýew

2

1-nji tapgyrda kitapdan bilimi barlaýan test, analiz etme we gözleg geçirme

ukyplylygy synalýar.

2-nji tapgyrda gepleşik esasynda dalaşgäriň harakteriniň we ahlak

derejesiniň mugallymçylyga deň gelip gelmeýänligi ölçelýär.

Soňky tapgyrda bolsa praktiki usulda dalaşgäriň guramaçylyk we

söhbetdeşlik ukyby barlanýar.

Bu synaga ýüz tutan dalaşgärleriň diňe 10% töwregi mugallymçylyga kabul

edilýär.

Bu ýoluň kyn bölegi. Ýöne mundan soňky şertler hasam kyn. Mugallym

bolmak isleýän her bir talyp aspiranturany okamaly. We aslynda

Finlandiýada mugallymlaryň köpüsi doktoranturany hem tamamlandyrlar.

Mugallym bolmagyň nämüçin beýle kynlaşdyrylandygyny soranlara şeýle

jogap berilýär:

Mugallymy bir stol hökmünde gözöňüne getiriň. Onuň aşagynda okuwçy

bar. Stol näçe uzyn bolsa okuwçy şonça beýgelip bilýär. Şol sebäpli

mugallymlaryň hilini başardygymyzça ýokarlandyrmana synanyşdyk.

Finlandiýada mekdep

Fin mekdepleri adaty mekdeplerden tapawutlanýar. Mekdepler öý ýaly

rahat dizaýn edilipdir. Kitaphana ýa-da kompýuter labaratoriýalary ýok.

Kitaplar we kompýuterler köpçüligiň geçýän koridorlaryna goýulýar. Laptop

kompýuterleri adyňy ýazdyryp almak mümkin. Kitap okamak üçin mekdebiň

belli bir künjegine gitmek hökman däl. Synpdan çykan ýeriň kitaphana.

Mekdebiň her bir bölegi informasional häsiýete eýe.

Page 3: Finlandiýada bir mekdep

Gutlymyrat Ýegendurdyýew

3

Bu okuwçylary gözlege we okamana höweslendirýär.

Mekdeniň stolowoýlarynda diňe suw, süýt we miweler satylýar. Bu

okuwçylaryň tebigy iýmitlenmegi we reklamanyň erbet täsirinden

goranmaklary üçin edilýän eken.

Maliýeleşdirme

Okuwçynyň başarnygyna böwet bolup biljek ähli maddy problemalar ýok

edilipdir. Döwlet okuwçynyň transport, saglyk, iýmitlenme we okuw

çykdajylaryny üpjün edýär. Okuwçy çagalardan bagyndan doktorantura çenli

döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýär.