Ähliumumy pul birligi mümkinmi

3
Ähliumumy pul birligi mümkinmi? Prof. Dok. Erdogan Alkin Terjime: Gutlymyrat Ýegendurdyýew about.me/gutly Gresiýa bilen başlap bütin günbatar kontinente täsirini ýetirýän maliýe krizisi ýewronuň ynamdarlygyny sarsdy. Dollaryň durnuksyzlygyndan bizar inwestorlaryňam sesi diňenok. Onsuzam käbir meşhur ykdysadyýetçilere görä dünýä ykdysadasyýetiniň iň esasy derdi durnukly walýuta sistemasynyň ýoklugy. Bu kemçilikden gaty uly zyýan çeken Ýewropanyň Merkezi banky, iň azyndan Ýewrozolaga agza ýurtlaryň özbaşyna maliýe syýasaty ýöretmeginiň öňüni almak üçin Ýewropa Maliýe Ministrliginiň döredilmegini teklip edip gelýär. Emma bir pul birliginiň we Ýewropa Maliýe Ministrligi baradaky teklipleriň hakykata nä dereje ýakynlygy sorag astynda. Meselem arzuwlanan halkara pul birliginiň funksiýalary nämelerden ybarat bolmaly? Ýurtlaryň ykdysady ýagdaýlarynyň arasynda ýer bilen gök ýaly aratapawut barka puluň hümmeti nähili kesgitlener? Sistemany kabul etmediklere jeza berlermi? Aslynda ykdysady taryhyň ýokardaky soraglara jogaplary taýyn. 1929 ýylyndaky bütin dünýä krizisine çenli altyn pul, ondan soň bolsa hümmeti altyna bagly bolan kagyz pul halkara pul birliginiň wezipelerini aňry-ýany bilen ýerine ýetirdi. Kagyz pul ýasamagyň aňsatlygyny görüp baýamak islän ýurtlar bolsa ýiti inflýasiýalara sezewar bolup öz jezalaryny özleri berdiler.

Upload: gutly-yegendurdyyew

Post on 20-Jul-2015

57 views

Category:

Business


9 download

TRANSCRIPT

Page 1: Ähliumumy pul birligi mümkinmi

Ähliumumy pul birligi mümkinmi?

Prof. Dok. Erdogan Alkin Terjime: Gutlymyrat Ýegendurdyýew

about.me/gutly

Gresiýa bilen başlap bütin günbatar kontinente täsirini ýetirýän maliýe

krizisi ýewronuň ynamdarlygyny sarsdy. Dollaryň durnuksyzlygyndan

bizar inwestorlaryňam sesi diňenok. Onsuzam käbir meşhur

ykdysadyýetçilere görä dünýä ykdysadasyýetiniň iň esasy derdi

durnukly walýuta sistemasynyň ýoklugy. Bu kemçilikden gaty uly zyýan

çeken Ýewropanyň Merkezi banky, iň azyndan Ýewrozolaga agza

ýurtlaryň özbaşyna maliýe syýasaty ýöretmeginiň öňüni almak üçin

Ýewropa Maliýe Ministrliginiň döredilmegini teklip edip gelýär.

Emma bir pul birliginiň we Ýewropa Maliýe Ministrligi baradaky

teklipleriň hakykata nä dereje ýakynlygy sorag astynda. Meselem

arzuwlanan halkara pul birliginiň funksiýalary nämelerden ybarat

bolmaly? Ýurtlaryň ykdysady ýagdaýlarynyň arasynda ýer bilen gök

ýaly aratapawut barka puluň hümmeti nähili kesgitlener? Sistemany

kabul etmediklere jeza berlermi?

Aslynda ykdysady taryhyň ýokardaky soraglara jogaplary taýyn. 1929

ýylyndaky bütin dünýä krizisine çenli altyn pul, ondan soň bolsa

hümmeti altyna bagly bolan kagyz pul halkara pul birliginiň

wezipelerini aňry-ýany bilen ýerine ýetirdi. Kagyz pul ýasamagyň

aňsatlygyny görüp baýamak islän ýurtlar bolsa ýiti inflýasiýalara

sezewar bolup öz jezalaryny özleri berdiler.

Page 2: Ähliumumy pul birligi mümkinmi

1929 ýylyndaky ykdysady krizis bu walýuta sistemasyny ýok etdi. Ikinji

Jahan urşundan soň altyna bagly sistema düzmek barada ylalaşylanam

bolsa bu diňe kagyz üstünde galdy. Uruşdan gazançly çykan

Amerikanyň dollary bolsa umumy ölçeg birligine öwrüldi. Aradan belli

bir wagt geçensoň dollaryň durnuksyzlygy başyndan problemaly bolan

walýuta sistemasyny agsatmana başlady.

Syýasatçylar halkara deňagramsyzlyklaryň öz-özünden düzeljegini

umyt edenem bolsa ýagdaý tersine gidip has ulaldy. Mundan soň

durnukly walýuta sistemasy terk edilip hereketli walýuta sistemasy

dünýä geldi.

Ilki-ilkiler bu üýtgeşme, hakyky halkara pul birligi sistemasynyň ähli

funksiýalaryny ýerine ýetirer öýtdüler. Ýagny agsan walýuta

deňagramlyklary öz-özünden düzelmeli, walýutalaryň hümmetini

biržalar bellemeli, netijede her döwlet öz maliýe syýasatyny erkin

ýöredip bilmelidi. Emma bularyň hiçbiri bolmady. Tersine deňagramlyk

bozuldy, puluň hümmeti durnuksyzlaşdy. Bularyň netijesine bolsa

1929-däki krizisden soň ilkinji we görlüp eşidilmedik global krizis

başymyza geldi. 2008-nji ýylda orta çykan krizise dollar-da, ýewro-da

deň dereje günäkär.

Indi nämetmeli bolar? Döwrümiziň şerterinde halkara statusa eýe

bolan walýuta sistemasyny döretmek üçin şertler ýeterlikmi? Ähli

senagatlaşan ýurtlary öz içine aljak umumy pul birligi döredip

bolarmy? Öňler bolşy ýaly täzeden altyn standarlaryna dolanyp

bolarmy?

Page 3: Ähliumumy pul birligi mümkinmi

Her sorag başga bir kyn soragy döredýär. Meselem senagatlaşan ýurtlar

arzuwlanan aragatnaşyklary ýola goýan halatynda esasy karar haýsy

ýurtda degişli bolar? Ähli ýurtlary öz içine alan pul birligi döredilse

ýurtlaryň milli pul birlikleriniň halkara güýji nähili bolar? Altyn

standartlaryna dolanylan halatynda pul birlikleriniň altyna görä

hümmeti nähili kesgitlener?

Kyn soraglar! Aňsat bolan bolsa bireýýam halkara walýuta sistemasyna

geçerdik. Aslynda mesele formulany düzmek däl; baý ýurtlary

sistemany döretmek üçin jomartlyga razy edip bilmekde.